durdane
27.06.2023 06:26

GADYM EÝÝAMLARYN WAGSYLYKLY ADAM GYNAMALARY

Käbir jenaýatlara ölüm jezasyny bermek adamzat taryhy boýunça bolup gelen zat we häzirem käbir yurtlarda dowam edip gelýär. Yöne gadymy döwürlerde ulanylan käbir gynap öldürmeler günäkärin öldürilmesinden ötri, onun iniñi tisgindiriji wagşylyga duçar edilmegini üpjün edýärdi. Ynha, şolardan käbirleri:

■ Diriligine yakmak

Orta asyrlarda katolik buthanasynyň kesgitlän düzgün-tertibine garşy gidenleri ýa-da şeytanyñ alyna gitmekde aýyplananlary ýakylyp öldürmek yoñ bolupdyr. Günäkärler yere uzynlygyna dikilen tagta dañylypdyr we aýagynyn astyna üýşürilen odunlar oda berlipdir. Netijede ölüme uçran bende aslynda ýanyp ölmezden öñ köplenç tüssesinden ýa-da tomaşaçylaryň zyñýan daşlaryndan yaña ölüpdir. Belli alym Jordana Bruno hem şol ýowuz döwrüñ ýakylyp öldürilen pidalarynyň biridir.


■ Gaýnan suwa atmak

Esasanam gallaplaryñ (galp pul ýasayanlar) garşysyna ulanylan bu jeza iki usulda amala aşyrylypdyr. Birinjisi: günäkärler gaynag suwly ýa-da ýagly ullakan gazana birden zynylypdyr. Günäkärler birden zynylşy ýaly birdenem öler eken. Ikinjisi günäkäri içi sowuk suwly ýa-da ýagly gazana atypdyrlar we gazany ýuwaş- ýuwaşdan gyzdyrypdyrlar. Gazana atylan günäkärin ilki derisi sypyrylypdyr, sonra endamynyň ýaglary eräp synalary gowrulypdyr.


■ Haça çüylemek

Edilen etmişin köpçülige sapak bolmagyny isleýän ygtyýarly wekiller günäkärleri haça çüýläp öldüripdirler. Bu jeza çäresi jezalandyrylýan ýalañaçlanandan soñ käte haça, käte şoña menzeş agaja gerilip dañylmagy ýa-da çüýlenmegi bilen amala aşyrylýardy. Sonra günäkärler şol durşuna ölýänçä germesatan bolup galypdyr. Maksat ölümiñ kem-kemden we has yzaly bolmagyny gazanmakdy. Käte yzany artdyrmak üçin günäkärlerin aýaklaryny-da döwüpdirler.


■ Myhyn üstünde oturtmak

Başgalara sapak bolsun diýip edilen bu usulda hem günäkärler yere dikilen ujy ýiti demir myha (gazyga) syhlanyp, şol durşuna ölýänçä galdyrylypdyr. Käte eýýäm jezalandyryp öldürilenlerin meyitleri edil şolar ýaly görnüşde myhyn ujuna saplanypdyr. Myha oturtma usuly haça çüýleme bilen deñeşdireninde günäkärin has çalt ölmegini üpjün edýärdi, şol bir wagtyn özünde yesir düşen duşman esgerlerinin uzak wagta çekjek jezalandyrmalarynda jellatlaryn wagtyny tygşytlaýardy.


■ Asmak, kesmek we parçalamak

Günäkärin ansat ölmegine ýol bermeýän we yzany güýçlendirýän bu usul orta asyrlaryn Angliýasynda watana dönüklik ýaly agyr etmiş edenlere garşy ulanylypdyr. Jezalandyrylýan kişinin boynundan ilki ýüp geçirilipdir we asylypdyr. Öldüm-öldümde yere düşürilip el-aýaklary kesilipdir, içegesi daşyna çykarylypdyr we ölýänçä şol durşuna galdyrylypdyr. Synalaryn kesilmegi käte tygdyr kesiiji serişdeler bilen amala aşyrylsa, käte başgarak usula ýüz urulypdyr, günäkärin el-aýagy dürli tarapa çapdyryljak atlara baglanypdyr we atlara çekeledip bölek-bölek edilip öldürilipdir.


■ Çarha dañmak

Bu jeza çäresinde günäkärlerin el-ayaklary döwülip ullakan agaç çarha dañylypdyr we ölýänça çarh aýlanar durupdyr. "Fransiýanyn Robin Gudy" diýip tanalan fransuz garakçysy Lui-Dominik Burginon Kartuş hem 1721-nji ýylda şeýle usul bilen öldürilipdir.


■ Öküz heykeline salyp goymak

Günäkärler bürünçden ýasalan içi boş öküz heykelinin içine salnyp goýlupdyr. Onun janhowluna demigip gygyrýan sesi heykeli içine yerleşdirilen başga bir emel arkaly öküzin sesine meñzeş sese öwrülip jeza berlişige tomaşa edýän tutuş jemendänin gulagynda ýañlanypdyr. Yagdaý birnäçe gün dowam edenden son öküz heykelinin astynda ot ýakylypdyr we günäkär bende onun içinde kem-kemden gowrulyp ölüpdir.


■Topun önüne tutmak

XX asyryn başlarynda Hind okeanynyn çäklerinde inlis we portugal basybalyjylary tarapyndan amala aşyrylan bu usulda jezalandyrylan biçäreler arkanlygyna top okunyn niline dañylypdyr. Top atylanson günäkärin bedeni bölek-bölek bolup dumly-duşa syçrapdyr we töwerege syçran bölekler birin-birin ýygnalypdyr.


■ Hamyny soymak

Juda gadymy döwürlere uzaýan bu usul häzir bizin gözümize gorkunç çäre bolup görünýändigine garamazdan, birmahallar giñden yaýran jeza çäresi hökmünde ulanylypdyr. Hususanam gadymy assiriýalylarda ulanylan bu jeza çäresinde günäkärlerin derisi ýüzülenson şobada ölmän birnäçe gün azap çekip çabalana-çabalana gan gidip ýa-da infeksiya düşüp ölüpdir.

Beýik türkmen şahyry Seyit Nesimi hem 1417-nji ýylda hamy soýulyp şehit edilipdi. Magtymguly Pyragynyň Durdy şahyr bilen aýdyşan goşgusynda:

- Ol kim idi dabanyndan soydular?

- Nesimini dabanyndan soydular. -

diýen setirlerinden başga-da, Şeydaýynyn "Gül-Senuber" dessanynda:

Nesiminin derisini soydular,

Saman dykyp, derwezede goýdular...

- diýen setirlerde bu ýowuz jeza gynanç bilen agzalyp geçilýär.


■ Diriligine gömmek

Iñ gadymy we iñ meşhur ölüm jezalaryndan bolan diriligine gömmek taryhda birnäçe kowum tarapyndan ulanylypdyr häzirem terroristler tarapyndan ulanylmaga dowam edýän ganhorçulykly usuldyr.


■ Mör-möjeklere iydirmek

Gadymy persler tarapyndan ulanylan bu jeza çäresinde günäkärler ilki çuw- ýalañaçlygyna bir boş gaýygyn içine danylypdyr we yzygiderli süýt, bal ýaly süýji nygmatlar iýdirilip-içirilipdir. Ahyrsonunda gaýygyn içindäkilerin işdäsi bulanyp gusup hem-de iýip-içenlerinin täreti bilen töweregini doldurypdyr. Wagt geçmänkä gaýygyn hem içine, hem daşyna ary sürüsi goýberilipdir. Kem-kemden beýleki ownuk mör-möjeklerem çozuşyp başlapdyr. Mör- jezalandyrylan bendänin üstüne çyrşalan ballary iýipdirler. Munun bilen birlikde onun etlerinem gemripdirler, etinin içine sümülipdirler we hatda yumurtgalapdyrlar. Günäkär bende birnäçe hepde dowam eden yza-azapdan soñ endamyna düşen infeksiyadan ýaña ölüp galypdyr.


■ Kül bilen demikdirmek

Bu jeza çäresi gadymy döwürlerde perslerde we ýewropalylar Amerika gadam basmazdan ön yerli indeý taýpalarynda döwlete garşy jenaýat eden günäkärlerin garşysyna ulanylypdyr. Günäkärler kül bilen doldurylan otaga salnanson otagdaky küller sowrulyp we kul tozgalarynyň içinde demigip ölüpdir.


■ Aç haýwanlara şam etmek

Ölüm jezasy berilmezden ön birnäçe gün aç saklanan ýyrtyjy haýwanlar boş meydançanyn ortasyna atylan günäkärin üstüne küşgürilipdir. Tomaşanyñ has şüwelenli geçmegi üçin käte günäkärlerin eline özlerini goramak üçin yarag hem berlipdir. Hususanam gadymy rimlilerde ginden yayran bu jezalandyrylyş usuly ilki- ilkiler rimli esgerleri jezalandyrmak üçin ulanylsa-da, soñabaka gullaryñ we döwlete boýun sunmajak bolýan dini toparlaryn garşysyna ulanylypdyr.


■ Ölüm howply ýençme

Gadymy rimlilerde ginden ulanylan bu jeza çäresi ulanylanda gullar ýa-da günäkärler göreş meydançasynda gladiatorlaryn garşysyna çykarylypdyr we olar özlerine berilen ýaraglar bilen gladiatorlary öldürip başarsa diri galyp bilipdir. Mundan sag- salamat çykan günäkärlerin önünde iki ýol goýlupdyr: ýa-ha söweşjen goşuna goşulmak, ýa-da nobaty bilen birnäçe gladiator bilen garpysyp, ahyrynda azatlygyny gazanmak.


■ Mazzatello ýa-da kelle owratmak

Çapgy ýassygy enjamynyñ (gilotin) ulanylyp başlan döwrüne çenli daşyñ ýa-da tagtanyñ üstüne ýatyrylan günäkärin kellesi jelladyn ýokardan inderen agyr gürzüsi bilen mynjyradylypdyr. Kämahal günäkärler gürzi bilen urulansoñam ölmän galypdyr we diñe akyl-huşuny yitiripdir. Şonuň üçin agyr urga uçrandan son günäkärin damagy çalnypdyr.


Internet maglumatlary esasynda

taýýarlandy.

10
232
durdane
26.06.2023 16:13
Geň sirkler ABŞ-da geçen asyryň ortalaryna çenli gaty meşhur bolupdyr. Bu edaralaryň eýeleri dürli fiziki  ösüş kemçilikleri bolan adamlary işe aldylar we halka görkezdiler.

1. Paskal Pinon - iki kellesi bolan adam, kinji kelle dodaklaryny herekete getirip bilýärdi. Kämahal onuň ikinji  kellesi ak hünji ýaly kiçijek dişler bilen ýylgyrýardy (olar tüwiniň dänesiniň ululygydy). Ol hem geň sirklerde işlän ilkinji iki kelleli adam.

2. Adam mutasiýasy bilen baglanyşykly köp sanly surat bar. Düzgün bolşy ýaly, beýle adamlar diňe syýahat geň sirklerinde çykyş edip bilerler. Jozefin Mirtl Korbin (1868-nji ýylyň 12-nji maýy, Tennessi ştatynyň Linkoln okrugy - 1928-nji ýylyň 6-njy maýy, Tehas ştatynyň Kliburn) goşa çanak we dört aýagy bilen doglan amerikaly aýal. Kiçijik “içki” aýaklarynyň her biri adaty aýaklarynyň biri bilen jübütlenipdi. Ol içki aýaklaryny herekete getirip bilýärdi, ýöne ýöremäge gaty ejizdi. Ömrüniň dowamynda syýahat sirklerinde aktrisa bolup işledi, üstesine-de, öz döwrüniň lukmanlarynyň ünsüni özüne çekdi.
Suratda Mirtle Corbin, 19 ýaşynda toý güni. Iki goşmaça aýak Myrtlyň kemala gelmedik uýasyna degişlidir. Myrte 60 ýaşa çenli ýaşap, bäş sany sagdyn çaga dogurdy.

3. Doglan gününden yza öwrülen bogunlar sebäpli Robert Huddlerston hereket edip bilmedi, hatda iki aýagynda durup bilmedi we diňe dört aýakda gezdi. Ýaşlygynda hakyky at bolup işlemek bilen gazanç edipdir: agaç ussalary ony wagona dakypdyr we tokaýdan agaç ýüklenen arabany 25 km uzaklykda ýerleşýän oba alyp gidipdir. Bu işlerden Robertiň eginleri we gollary adatdan daşary güýç gazandy. Şeýle-de bolsa, ilkinji pursatda ondan  gaçyp, sirke barmagy geň däldir.
23
248
durdane
25.06.2023 13:38
Obamyzyň gyzlaryny herhili zada meňzedip, başyma düşen agyr günden (Degişme görnüşinde)

...... Kejirje Nowça!
......Gaharlanma! meňzedemok seni gowaça😐
......Özüň sada mylaýym, käwagt gaharlyja☺
......Şu sözleri diýdim, gitdi göwni monça😌))
😃Salam gowmy goňşy Olýa
......Men aýdan däldirin, diýip polýa
......Ok düşündim, gaýtalaman bolýa😤
😜Siz ajaýyba, kim şeý diýen bolsa häzir ölýä)))
......Soň geldi Gunça!
😒Diýmedimä(( sen meňzeş tüňçä
......Sypdyrmaz indi meni, agşam düşinçä
😚Bolýa, söýerin seni ömrüm ötünçä))
😨Tutdy boýundan Gulka
.....:Näme meňzeşmi men Bulka?🍞
😡Häzir meýit girýäň sumka👜
😒Durawer Gulkajan bulka däl, diýipdim Janka💃
😰Waýeýý öldürdile bular
......oho Senem geläýdiňmi Tumar
☺döneýin owadanja, saçlary şamar
😴diýsemem, süsdüm 1 gezek diwar
😃Oooo klasdaş Aýnaa
......Gyzgyn eken demlän çaýyňa👌
......Sen bir meňkilik bol, janymaaa
☺Şu okuw gutarsyn, seňkem taýyna))))
😇Waý seňki näme Sülgün?
......Diýdi gaharly: arada diýipsiň ýylgyn😠
😩Wahh çynym, men ýokdum hool gün
😇Näziňe gurbandyryn, mydama gülgün))
👸geldi sary saçly Bägül
......dessine diýdim: bar maşyna mün
......ona aýda göräýmesem, kä gün
😑şolam aglamjyrap dur, bu nähili gül???
😋Melike melike
😳Men diýipdirinmi, saňa çekize?
......Goýsana, hiçkime aýtmandym henizä
......Ýöne düýn çalaja, gündizä.........😇😎
......Bu gezek nobat ýetdi Bahara
......Oňkam şo bir gep: deňäpsiň Sapara
......Iki arada wagt bolman gep tapara
☺Diýipdirin: “Ejeme aýdaryn, seni alara” )))
😩aý beytmedä Gülnahal
......sen barada ýok gep, asla sähel
😇seňä özüň ýazaýmasaň kämahal
😜meňä işim ýok, bişirýän nahar)))
😑mmm Sleduýuşiý kto?
😳Bir seretsem gyzlaň bary geläýipdir ohoooo
😨Kowaladylar meni, obama – obo
😊Gyzlar oýun etdim, goýaýyň tobaaaa! ))))
16
489
durdane
24.06.2023 01:50
Öwrenmeliň agzalarynyň teswirlerinden taslanan toslama 😊

Öz teswirlerini tapyp bilmedik agzalar gaty görmäň. Käbiriňiz teswire derek  smaýlik ulanýan ekeniňiz. Belki indiki postlarda siziň teswirleriňizem görüner.

Teswirleri goýlan agzalar göwnüňize degmek islemedim. Bu diňe bir -je degişme.😄

Laýk basmagy unutmaň gadyrdanlar👍


paradise
Owrenmek un owret 💯

jemal_seyitniyazowa
Hakykatdanam öwrenmek üçin öwretmek gerek👏

shamko
Öwrenmegiň ýaşy ýok

best_person
Men kiçikäm multik görüp öwrendim

moana
öwrende ýigren etmeli başga alaç ýok

jeren_k
Taryh mugallymyň äýnegini döwüpdim

perishdejik
@jeren_k, Bolýa Sag boluñ köp köp... Nesip bolsa oo planlarymam bar)

moana
@Perishdejik, telewizorda Мульт we Ю diýip kanallar bara şolary gör uzak gün)

lovi
Hemem tùrk kanaly az gòriñ ors kinolary kòpiràk gòriñ

kowser
Akylly gurlap başlaýalara ♀️ bolyada

mawy
men ýalam bar ekenä 😁

relax
öziñde höwes bolsa sähel zatdanam öwrenersiñ

blue_sky
E bilim saytynda owredyar👍

gulka
Dinleme illeri. Bu ýagdaý her kimiň hem başyna gelip biler

dovlet ashyrov
Eý Hudaý o gyzlar näme. Her ýurtdan barmynam😂

guzela✔
Haýsy mekdebiň okuwçylaryka bular

dovlet ashyrov
Kyn sorag:)

bitter
Öwrenmäge höwes ýok

garajaoglan
@Bitter, içgysgynç, şoň üçin samraýan

relax
indi biz üýşip näme ederis ic gysgynç bolsa

mandarin
Bu soraga jogap tapanyñdan Hazar deñzinden gaýyk tapanyñ gowa😁😁

inci
barybir yurekgysgync gorunya

dark
Surat çekse has gowy bolardy.

runia
Yatyň yatyň))

guzela✔
Gup ýatdylar😁

jeren_k
Jogabyny bilmesem ýatyp bilmeýän. Çaltrak işläýiň😁.

wolfff
Yere gacyan yaly bolyas sebabi ýatyrys 😐😂

educated
Žirafa hiç haçan pallamaýar eken🙂

mawy
her hili zat bar♀️

jeren_k
Gelnen netije, kimi günäkär etdiňiz😁

seljukly
Cyndanam kim gunakar bolyar

gulnurtm
Towa yaa♀️gunakar eden kişin ozu gunakar yada suratcy gunakar😏

moonlight
Buda geçer diýäýmesek))

maral
Şadyýan bol! Örän gysgadyr ömür👍👏

moana
Wagtyň şeýle çalt geçmegi gün günden meni-de gaty erbet gynandyrýar((

blue_sky
Altyn alma alkysh al dogry😁👍

dowletmyrat1990
Gadyrdan dostlar, bolsady ekmek bilen arzuw ummanynda golaşlaýaňyz. Maksat hakda ýazyň haýyş

best_person
1. Garyp gasarlara kömek ederdim.
2. Hiçisini
3. Dogdyk ýurduma we Afrikadaky adamlara kömek ederdim.
4. Best_person, ⚜️IMPERATOR⚜️,
5. Öýlenemde aýdaryn🙂❤️

smart_girl
best_person, aytmasana

jemal_seyitniyazowa
Diliň uzyn bolar kömek ediber:)

dusia_maksatmyradowna
Çyn dost derdiň aňar lukmandan beter 🎶

serwi
😁 skora özimizem patraga döneris häli erwet yssylar öñümizdele

king_tm
Hä boldy wagty bolupdyraa indikinem bolar nesip bolsa

ylham_gurbanaly
Senem erbed-ä inimbaý)

dusia_maksatmyradowna
Gün urdy öýtýän şu günä 🙍‍♀️

imissyou
@dusia_maksatmyradowna, lukmanlaram gün urýarmy😊

wolfff
Näme ucin yone sorap duray ol 😐

arzuv_shayymova
Peýnir gorse peynir diyip özini yitiryan dayow birem bardy şo hasam gülkünç 😊😄

mgm
Kasir salat edip iyaysin😂

barlagcy
Nahar iyman yatayjak bir gun hic zat bolmaz yada corek bn sarymsak iyip

ideallider
Ýene 1 hepde nahary duzsuz iýerin👍

melek06
Nahar iyemok diňe şokolad iyyan 😋😄

perishdejik
Şu ýylyñ dowamynda ýekeje gezegem iýip göremok😶

işan
öwrenmeliň kafesi nirede

alat
Durmusda kop gabat gelinyan waka

gulshatayewa97
Ýyndam ýyllar kibi geçdi ýigitlik,
Başyň alyp durmy agyr gün näme?
Şeýdip ýaşlyk bilen hoşlaşyp gitdik,
Sen öz durmuşyňa, men öz dünýäme...

ayjahan spr 04
Hay sheylede ic yakgync yigit bolaysa

ideallider
Aslynda islendik guşlaryň horazy mäkiýanyndan beter owadanyrak bolýar, köplenç  jandarlaryň hem.

yurek
Nahili bolgysyzlyk

tsol_va
@yurek, şutaýda posta görä teswir ýazyñ diýilýä welin

yurek
Onda bizi dinlap baslapdyrlar

okyjy dz
@ideallider, hää ine munyň bolýa, öýlenenmi dip sorag bersem geňräk bormuka @ideallider,

okayjy
@okyjy dz, Señ bu sòziñ 3-nji gezek geñ galdyrdy 😄

myrataly_
@okayjy, Hawa,puly kopin oyny kop.

juwannn
Dort soz bilen esegi holodilnige sal

kowser
@juwannn, barde beyle samsyk gurlemek gadagan!!!

olia
kowser, shermendelap o bizi bogaymasa😅

perizadym
Gybat etmek gadagançylygyny bize_de girizäýmeli.!

shamko
Inni bul soraglarymy jogaplaýanam ýok öňkiler ýaly gatnaşyk kesilip barýa ýuwaş ýuwaş

sheýda
Baar zady gapyşdyrypsyñyza, oturyp aglaýmasam başga çykalga goýmansyñyz soragyñyzda 😐

dowletmyrat1990
Göz ýaş ýüregi giňetýär

arslanyazly
Bagyşlañ ara girýänem welin

mgm
Lampa ocse tumlukde oturmalymyka

durdane
@mgm, elektrik gelýänçä oturmaly bolar

gula
@myxmanm, senem çyk postumdan söğüş gerek dal maňa yadadym indi ikiñizdenem ikiñizem ne tesvir yazyñ nede postuma laýk basyň gerek däl ikiñiziñkem chykyñ postumdan gidiñ başga postda soguşiñ öz postunyzda

demo
@gula, Şikayat edipsin we teswir pozulypdyr

guli_
Şon un kabir adamlar kan yuz bermeli dal,ýüzun dusya kopusi goterip bilenoklar...

lola
Adamlan agzyna elek tutyp bolonok name edendede

moana
Gaşy ýok. Sebäbi şol döwür gaşyňy syrmak moda eken

mgm

@moana, Hawa aslynda kirpiklerem yok

lord
Mona Lizany gününe goýaýyñ how😅

mamajan
Shu gorgilenem suratyny her hili edip cykardylar😄

imissyou
Gyw @senorita,posty halaman dis basdyňmy ýa başga sebäpleremi

senorita
@Imissyou, ýok ilki like basdym soñ prog-ñ içiniñ ýarsy ak ýarsy gara boldy welin gõzũm gamaşyp dis basyldy 😄♀️ Dũzetdim soñ ýene 👍

smart_girl
Myhmanlaram dislike basyp basagay

olia
Mana dislike basyancy bu postdaky teswirlerimi unudypsyn:) yaltanan bolsan hokmanam dal😄

seljukly
Disclike haysy garagol basyar

tsoltanov
Kim dislike goýdy?\" meseläňiz indi ýok. 👌

jeren_k
durdane, Gülmän teswir ýazyp bileňok öýdýän, aňsatjyk ýylgyrýaň dişleriňi görkezip😄

şaperi❄️04
Sağ boluň gijaňiz rahat bolsun 🙋♀️🙋♀️🙋♀️


towşanjyk
Şaperi❄️04, goyjak bolsanyz goyayyn hemme pulum sen hacan goyarka dp owrenmela gitdi yuregi suw etdina

relax
waka durşy bilen toslama

atakulyyewa_humay
Täze wersiya daa:ş 👏 gaty gowy

fendi
Gözime yash aylanyp gitti

olia
Taze wersiya hemme gecip bolsun men sonrak bararyn😅

owrenmeli_officiall
Parolyn yadyna düşenokmy?

okan
😂😂😂👍
51
647
durdane
23.06.2023 00:27

Ene söýgüsi


Bu waka Garrygala sebitlerinde kiçeñräk obalaryñ birinde bolupdyr. Bu wakany maña enem pahyr gürrüñ beripdi.

-Biziñ obamyzda 98 ýaşly Ejegül atly garryja daýza bardy. Ejegül daýzanyñ başdan geçirenini saña aýdyp bereýin- diýip, enem gürrüñ bermäge durdy…

Bu waka türkmen obalaryna ýañy sowet hökümetiniñ gelip, ilkinji kolhozlaryñ döredilýän gabatlary bolupdy. Garrygala etraby goñşy Eýran döwleti bilen serhetleşýärdi. Şol wagtlar serhet berkedilmän, goñşy Eýran döwletinde ýerleşýän türkmen obalaryna gizlin gatnaw bolupdyr. Ejegüliñ hossarlarynyñ ýaşaýan obalary bilen Garrygalanyñ arasynda serhet çekilip, olar Eýranda, Ejegüliñ gaýynlary bolsa, Garrygalada galýarlar.

Ejegüliñ adamsy agyr kesele duçar bolup ir aradan çykýar. Ejegül iki çagasy bilen dul galýar. Bu habar Eýran obalarynda ýaşaýan Ejegüliñ doganlaryna baryp ýetýär. Şol wagtlar dul galan ýaş gelinleriñ hossarlary ony ikinji gezek durmuşa çykarýan  ekenler. Eger-de gelni öñki öýünde alyp galjak bolsalar, gelniñ gaýynlary onuñ hossarlaryna ýene-de galyñ tölemeli bolýan ekenler.

Ejegüliñ gaýynlary ir ýogalansoñ, galyñ berip, alyp galara hiç kim ýok eken.

Günleriñ birinde agşam at aýagynyñ dükürdisi eşidilýär. Ejegül daş çyksa atly-ýaragly agalaryna gözi düşýär. Olar Ejegüle ony Eýrana alyp gitjekdiklerini aýdýarlar. Ejegül agalaryna ýalbaryp şeýle diýýär:

-Meni äkitmäñ! Meniñ çagalaryma kim seretsin?! diýip özelenip ýalbarýar.

-Çagalaryña adamyñ garyndaşlary, obasy, il-güni sereder -diýip, Ejegüli atyñ öñüne basyp, alyp gitýärler.

Ýolda Ejegül özüni atdan oklajak bolup kän garşylyk görkezýär. Ýöne ejiz naçaryñ güýji bilen erkek kişiniñ  güýji deñ gelmeýär.  Doganlary Ejegüli serhetden aşyryp, Eýrana äkidyärler, ony bir baý adama durmuşa çykarjak bolýarlar.  Ejegül her gün çagalaryny ýatlap, öz obasyny ýatlap aglaýar. Watan zary, perzent küýsegi gelini öz gününe goýmaýar. Ejegül yzyna, Garrygala nädip aşmagyñ pikirini edip başlayar

 Doganlaryna al salyp, nädip gaçmaly? Doganlary-da Ejegülden gözlerini aýyrman seredýärdiler. Agşam düşyär. Şu gün agşam gaçmasa soñ giç boljagyna göz ýetiren Ejegül, saçakdan el ýaly çöregi alyp, pişik basyşyny edip, ýüzüni garaňka tutup öýden çykýar we obanyň çetinde duran ot küdesiniň depesine çykyp gizlenýär. Doganlary Ejegüliñ ýokdugyny añyp,ony gözlemäge çykýarlar. Bütin gije obany elek edip gözleýärler. Ejegülem otly küdäň üstünde bar zady synlap ýatyr.Gije birçene barandan soň hemme kişi uka gidýär. Ejegülem asmana seredip, ýyldyzlardan ugur alyp, ýola düşyär. Ejegül dag jülgelerinin içi bilen Garrygala tarap ýola düşyär. Dag jülgeleri howatyrlydy. Dagda ýyrtyjy möjekler, şagallar, geçi gaplañlar, hat-da syrtlanlar hem bardy. Çagalaryny, öz Watanyny bir aýlap görmedik gelin, hiç zatdan gorkman, heder etman ýol-ýodasyz ýerden haýdap barýardy. Ol gündiz yöreýärdi, gije bolsa  agaja çykyp, özüni agaja daňyp uklaýardy. Şeýdibem, ýyrtyjy haywanlardan özüni goraýardy. Ejegül iki gün ýöredi. Üçülenji gün diýlende, gelniň gözüne alysdan bir gara göründi. Iki günläp adam garasyny görmedik gelin ýaglygyny galgadýar. Ony gören ol adam sakga durup geline garaşýar. Ejegül golaý gelse, ol adamyň Sapar söwdagärdigini tanaýar. Ol Eýrandan çaý we başga harytlar getirip söwda edýär ekeni. Bular iki bolup oba tarap barýarkalar, serhetçiler olary saklaýarlar. Olary etrap serhet bölümine getirýärler. Ejegül serhediñ uly komandirine bolan  wakany bolşy ýaly gürrüñ berýär. Serhetçiler Ejegüli goýberýärler. Şol wagtlar maşyn bolmansoň, at arabasynda Ejegül oba gaýdýar. Oba golaýlaşdygy sary Ejegüliñ ýüregi gursagyny ýaraýjak bolýar. Ýoluñ gyrasynda, ejesiniň ýoluna garap oturan, sal- sal eşikli kirlije çagalaryny gören Ejegül gujagyny giñden açyp, olara tarap ylgaýar. “Kakasyz ýetim, ejesiz ýesir” diýleni. Olara goñşy-golam seredipdir, çagalaryna  el ýaly çörek beripdirler. Çagalar welin, günde ejeleriniň ýoluna çykyр oña garaşypdyrlar. Şeýdip Ejegül öz ҫagalaryna gowşupdyr. Ojagy, tamdyrу hiç zat bişirilmänsoñ, kerep baglap gidipdir. Bir aýlyk aýralykdan soñ Ejegül öz Watanyna, dogduk obasyna, çagalaryna gowşupdyr.

18
175
durdane
22.06.2023 01:43
Maýsa kirli.😁😁😁

Dostlar şeyle bir waka, 
bolup geçdi arada.
Menem gurruň bereýin
Size şonuň barada...
Gaty garagoldym men,
Öňler mekdep ýyllary.
Käşgä gaýtaryp bolsa,
Ol bagtly gunleri.
Gaýgy ýok, alada ýok,
Bolmasa bor ikilik.
Ikilik alaýsamam
Ýitäýýärdi gündelik.
Mugallym unutyança,
Tapmazdym gündeligi.
Bilmen kimden owrendim 
Men beýle mekirligi.
Gyzlara gün bermezdim,
Lakamymam meñ \"tilki\"
Gezerdik kowalaşyp
Yüzde hakyky gülki.
Görsem gülüp ölerdim,
Klasdaşym Maýsany.
Gülerdim men degsede
Şarpykdan birki sany.
Peýda boldy gündelikde
Ilkinji 5lik sany.
Labyzly aydyp berdim
Goşgy \'\'kirli Maýsany\'\'
Dillere dessan boldy,
Goşgymyz kirli Maýsa.
Yenede agladardym,
Maýsajyk ýaşyn goýsa.
Maýsa irden gelende,
Klasam gülüşýàndir.
Menem gygyryp diýýän\"
Ýene suwa düşmändir.
Peýda etmedi maña,
Ursada oñ kakasy.
Ýene aglap barardy,
Öylerine Maýsasy.
Akyl berip ejesi,
Köp gürlär äjür-büjür.
\"Akyl bermede gowsy
Gyzyňy suwa düşür\"
Diýip gaçyp giderdim,
Men onuñ ejesinden.
Gaharlanardy olam
Ot çykar depesinden.
Ejemjanam käýedi...
Kakamjanam käýedi...
Hemmelerem käýedi... 
Meñ dilimde şondada
Maýsajyk kirlijediii.
Ine şeydip Maýsajan,
Mekdebe gelmez boldy.
Güler yüzli Maýsanyñ,
Yüzüde gülmez boldy.
Täsir etmedi maña,
Olar näme etsede.
Maýsany geçirdiler
Indi başga mekdebe.
Klasdaşym Maýsany, 
Şondan soñ hiç görmedim.
Ýyllar gelip-geçip dur
Men bolsa düzelmedim.
Ol günler unudyldy 
Gutardygam mekdebi.
Kimlerä işe girse
Kim artdyrýar bilimi.
Menem ine işläp ýörün
Bir awtoýuwalgada.
Maşynlaram üýşüp dur,
Gutarman duralgada.
Hergün öýe gaýtyan
Agşamrak işden ýadap.
Aýakdada ulag yok,
Gaýtmaly pyýadalap.
Ine şeýle bir günde,
Sataşdym men bir gyza.
Gözümi alyp bilmän
Düşüp gitdim men yza.
\"Saklan, a gyz\" diýmäne
Dil barmady birhili.
Hemem işden gelensoñ
Üsti-başym kirlidi.
Öñümden yörap barýar 
Şeyle bet figurasy.
Kimem bolsa bu gyzyñ 
Gelmedi hiç durasy.
Birden durup ýañky gyz
Bakaýmazmy yzyna.
Endamym tikenekläp 
Men ýykyldym dyzyma.
Ynanmarsyñyz dostlar,
Bu şooool Maýsa kirlidi.
Üstbaşym gorüp olam
Bir nejis kikirdedi.
Diydi \"ýuwaýmaly eken 
Üstibaşyñ hapasyn\" 
Gaharyma geläýdi
Gulagyna ýapasym.
Diýdim \"Adam boldyñmy 
Üstbaşyñ kirin yuwup?\" 
Diyip: \"özüñe seret!\"
Gitdi ol ýüzün sowup.
Uky girmedi meniñ 
Uzak gije gözüme. 
Men şeylebir ökündim 
Aýdan herbir sözüme.
Aah dostlarym, dostlarym 
Men nämeler edäýdim.
Gülüp, indem kirliniii 
Çyn ýürekden söýäýdim.
Şeydip hergün Maýsanyñ 
Düşüp gezdim yzyna.
Goşgular aýdyp berdim
Çöküp onuñ dyzyna.
\"Hawa ýa-da ýok diýip
Belli külli jogap ber!!!\"
Diýemde Maýsa gülüp
Diýdi \'\' suwa düşüp gel\'\'
Şeýdip hemmäñ içinde,
Gitdi üstümden gülüp. 
Aytdym \'\'kirli Maýsany \'\'
Menem dyzyma çöküp.
Ahyr birgün men däli
Samsyklap gaharyma.
Ýapyşaýmarynmy
Maýsanyñ ýakasyna.
\"Indä maña aslada
Razy bolmaz bu Maýsa\"
Diýsem gaýta gondurdy,
Ýañajygma bir posa.
\"Razy\" diýdi ol maña 
Diýdi maña \"süýjijäm\"
Begenjime aljyrap
Diýmerinmi \"kirlijäm\"
Şeýdip ilkinji günden
Başladyk öýkeleşip.
Ýöne soňlar öwrenşip
Gezdik biz jürküldeşip.
Birgünem jürküldeşip 
Otyrkak jüpbüldeşiiip.
Geläýmezmi agasy
Bilmedim gaçyp yetişip.
\"Gaharlanma bratok,
Iberjek men öýümi\"
Diýsemde diňlemäni
Gapyp gitdi gözümi.
Iberdim ejem dagyny
Derrewjik öýe baryp.
Olaram kowupdyrlar
Arkalarna it salyp.
\"Ne onuñ bilimi bar,
Ne arassa işi bar\"
Dýip onuñ kakasy, 
Edipdir maña gahar.
\"Gyzym ýokary bilimli,
Işem bar arassaja.
Ol bolsa işläp yörmiş
Bir awtoýuwalgada\"
Ejeside ejeme,
Köp gürläp äjür-büjür. 
Diýipdir \"bar sen gowsy
Oglyňy suwa düşür.
Ine şeýdip dostlarym, 
Bermediler Maýsamy.
Eýýäm on gün göremok
Küysedim kirlijämi.
Ýalñyşmy ýa dogrymy
Tapawudy yok maña. 
Diýselerde \"bermäge
Gyzymyz ýokdyr saña\"
Menem şool öňki garagol
Menmi heýde boş durjak.
Dostlar kirli Maýsamy
Men şugun ALYP GAÇJAK))))

Eger halan bolsan Like👍
37
288
durdane
21.06.2023 11:39

Oglanjyga ejesinin öwreden 20 zady


1. Ejesi oňa özgäniň zähmetine hormat goymagy öwretdi: "Eger-de siz bogalaşyp, biri-biriňizi öldürmek isleýän bolsaňyz, onda daşaryk gidiň, men edil ýaňyja içerini süpürdim!";


2. Ejesi oňa Hudaýa ynanmagy öwretdi: "Şu biderek zadyň ýuwup aýrylanyny diläýgin!";


3. Ejesi oňa logika (mantyga) laýyk oylanmagy öwretdi: "Sebäbi men şeyle diýip aýtdym, ine Şonuň üçin!";


4. Ejesi oňa emele geljek netijeler barada oylanmagy öwretdi: "Ine häzir 4-nji gatyň penjiresinden gaçarsyň, onsoň men seni ýanym bilen dükana äkitmerin!";


5. Ejesi oňa sebäp bilen netijäniň arasyndaky baglanyşygyň nämedigini düşündirdi: "Eger-de sen häzirin özünde möňňürmegiňi bes etmeseň, onda men seni ýenjerin!";


6. Ejesi oňa bolup bilmejek kynçylyklary ýeňip geçmegi öwretdi: “Agzyňy ýum-da, çorbaňy iý!";


7. Ejesi oňa çydamlylygy öwretdi: "Hemmeje zady iýip tükedýänçän saçagyň başyndan turmarsyň!";


8. Ejesi oňa geljege mert seretmegi öwretdi: "Hany garaş bakaly, men seniň bilen öýde mazalyja gürleşerin!";


9. Ejesi oňa öz-özüňi bejermegiň esaslaryny öwretdi: "Eger-de sen gözüňi çaşartmagyňy bes etmeseň, galan ömrüňe-de şol durşuňa galarsyň!";


10. Ejesi oňa çeye bolmagy öwretdi: "Seret hanha, ýeňsäň garagäz!";


11. Ejesi oňa ekstrosensorlygy öwretdi: "Switerini geý, men seniň üşeýändigini duýýaryn ahyry!";


12. Ejesi oňa nädip ulalmalydygyny öwretdi: "Eger-de gök önüm iýmeseň, hiç haçanam ulalmarsyň!";


13. Ejesi oňa genetikanyň esaslaryny öwretdi: "Bu bolgusyzlyklaryň barysy saňa kakandan geçen bolmaly!";


14. Ejesi oňa özüňi nähili alyp barmalydygyny öwretdi: "Kakaň ýaly özüňi alyp barmagy häzirin özünde bes et!";


15. Ejesi oňa mümkin bolmadyk zatlara-da ynanmagy öwretdi: "Men seniň içini görüpjik durandyryn!";


16. Ejesi oňa hemme zadyň oňat tarapyny görmegi öwretdi: “Ýene-de öz otagyňy mal yatagyna öwräýdiňmi?!";


17. Ejesi oňa danalygyň nireden emele gelýändigini öwretdi: "Sen meniň ýaşyma ýet, onsoň akyl sat!";


18. Ejesi oňa degişmegi öwretdi: "Haçan- da ot orujy enjam bilen aýagyňy kesäýseň, gözüň ýaşyny seçelendirip meniň ýanyma ylgap gelmäge het edäýmegin!";


19. Ejesi oňa durmuş hakykatynda nädip yaşamalydygyny öwretdi: "Men saňa million gezek aýtdym - ulaldyp geplemegini bes et!";


20. Ejesi oňa göriplik etmezligi öwretdi: "Dünýäde millionlap garyp çagalar ýaşaýar, şolaryň hiç biriniňem seninki ýaly ajaýyp ata-enesi yok!".


Çeşmesi: http://fit4brain.com/914

24
238
durdane
20.06.2023 14:29

Beýik hytaý diwaryny, hytaýlar daşyna çogmaz ýaly gurupdyrlar.

Maňa kiçikäm owadanja, mylakatly, gowja gyz diýýärdiler...Umuman..göz degripdirler...

Men kofeli çaý içýän, çaýly kofe, süýtli sok, çaýly süýt, kofeli sok we suwly süýt. Sebäbi bokaly ýuwmaga ýaltanýan

Gije balkonda  durun. Aşakda "mýau-mýau". Gel menem jogap bereýin diýdim: -Mýau-Mýau Pişik:-Mýau. Men: -Mýau. -Aý gyz, bes etsene, men pişigimi gözleýän.

-Senden gowy ys gelýär, nähili atyr sepindiň?

-Oriflame žurnalynyň yslanan 19-njy sahypasy

Internetde otyryn, gowurylan kartoşkanyň ysy gelýär. Men ony gaýnatmaga goýupdyma...

21
529
durdane
19.06.2023 19:54

Men bu tapmaça görnüşindäki goşgulary Gulhan agzamyzyň postunda okadym we haladym. Bu goşgulardaky agzalaryň käbirine programmada duş gelýän, käbirini bolsa bilemok, programmadan çykan bolmaklary ahmal. Gulhanyň bu goşgularyny size täzeden ýetirmegi makul bildim.

Awtory ýyldyz  agzamyz Gulhan.

12
132
durdane
18.06.2023 19:31

Käbiriniñ kellesi bar beýnisi ýok, beýnisi bar pikiri ýok, pikiri bar manysy ýok.

Iñ arassa we şadyýan gözler çagaňkydyr. Ol gözlerde gahar-gazap,  gussa ýok.

Owadany owadan edýän edepdir, edep bolsa owadany söýmäge sebäpdir.

Erkek - durmuşda dogry ýoly tapmalydyr, a gyz bolsa, dogry ýoly tapan erkegi tapmaly

Bu zamanda käbir adamlardan Eşikler hem gymmat.

Gyzlar oglanlary öz yzlaryna düşürip goýun edip bilmedik halatynda şeýle atlandyrýarlar-#kazyol :)

Eger pikirlensek hemme problemany biziñ özümiz tapýas.

Egerde sende duşman ýok bolsa onda sende üýtgeşiklik ýok.

25
187