durdane
27.06.2023 06:26

GADYM EÝÝAMLARYN WAGSYLYKLY ADAM GYNAMALARY

Käbir jenaýatlara ölüm jezasyny bermek adamzat taryhy boýunça bolup gelen zat we häzirem käbir yurtlarda dowam edip gelýär. Yöne gadymy döwürlerde ulanylan käbir gynap öldürmeler günäkärin öldürilmesinden ötri, onun iniñi tisgindiriji wagşylyga duçar edilmegini üpjün edýärdi. Ynha, şolardan käbirleri:

■ Diriligine yakmak

Orta asyrlarda katolik buthanasynyň kesgitlän düzgün-tertibine garşy gidenleri ýa-da şeytanyñ alyna gitmekde aýyplananlary ýakylyp öldürmek yoñ bolupdyr. Günäkärler yere uzynlygyna dikilen tagta dañylypdyr we aýagynyn astyna üýşürilen odunlar oda berlipdir. Netijede ölüme uçran bende aslynda ýanyp ölmezden öñ köplenç tüssesinden ýa-da tomaşaçylaryň zyñýan daşlaryndan yaña ölüpdir. Belli alym Jordana Bruno hem şol ýowuz döwrüñ ýakylyp öldürilen pidalarynyň biridir.


■ Gaýnan suwa atmak

Esasanam gallaplaryñ (galp pul ýasayanlar) garşysyna ulanylan bu jeza iki usulda amala aşyrylypdyr. Birinjisi: günäkärler gaynag suwly ýa-da ýagly ullakan gazana birden zynylypdyr. Günäkärler birden zynylşy ýaly birdenem öler eken. Ikinjisi günäkäri içi sowuk suwly ýa-da ýagly gazana atypdyrlar we gazany ýuwaş- ýuwaşdan gyzdyrypdyrlar. Gazana atylan günäkärin ilki derisi sypyrylypdyr, sonra endamynyň ýaglary eräp synalary gowrulypdyr.


■ Haça çüylemek

Edilen etmişin köpçülige sapak bolmagyny isleýän ygtyýarly wekiller günäkärleri haça çüýläp öldüripdirler. Bu jeza çäresi jezalandyrylýan ýalañaçlanandan soñ käte haça, käte şoña menzeş agaja gerilip dañylmagy ýa-da çüýlenmegi bilen amala aşyrylýardy. Sonra günäkärler şol durşuna ölýänçä germesatan bolup galypdyr. Maksat ölümiñ kem-kemden we has yzaly bolmagyny gazanmakdy. Käte yzany artdyrmak üçin günäkärlerin aýaklaryny-da döwüpdirler.


■ Myhyn üstünde oturtmak

Başgalara sapak bolsun diýip edilen bu usulda hem günäkärler yere dikilen ujy ýiti demir myha (gazyga) syhlanyp, şol durşuna ölýänçä galdyrylypdyr. Käte eýýäm jezalandyryp öldürilenlerin meyitleri edil şolar ýaly görnüşde myhyn ujuna saplanypdyr. Myha oturtma usuly haça çüýleme bilen deñeşdireninde günäkärin has çalt ölmegini üpjün edýärdi, şol bir wagtyn özünde yesir düşen duşman esgerlerinin uzak wagta çekjek jezalandyrmalarynda jellatlaryn wagtyny tygşytlaýardy.


■ Asmak, kesmek we parçalamak

Günäkärin ansat ölmegine ýol bermeýän we yzany güýçlendirýän bu usul orta asyrlaryn Angliýasynda watana dönüklik ýaly agyr etmiş edenlere garşy ulanylypdyr. Jezalandyrylýan kişinin boynundan ilki ýüp geçirilipdir we asylypdyr. Öldüm-öldümde yere düşürilip el-aýaklary kesilipdir, içegesi daşyna çykarylypdyr we ölýänçä şol durşuna galdyrylypdyr. Synalaryn kesilmegi käte tygdyr kesiiji serişdeler bilen amala aşyrylsa, käte başgarak usula ýüz urulypdyr, günäkärin el-aýagy dürli tarapa çapdyryljak atlara baglanypdyr we atlara çekeledip bölek-bölek edilip öldürilipdir.


■ Çarha dañmak

Bu jeza çäresinde günäkärlerin el-ayaklary döwülip ullakan agaç çarha dañylypdyr we ölýänça çarh aýlanar durupdyr. "Fransiýanyn Robin Gudy" diýip tanalan fransuz garakçysy Lui-Dominik Burginon Kartuş hem 1721-nji ýylda şeýle usul bilen öldürilipdir.


■ Öküz heykeline salyp goymak

Günäkärler bürünçden ýasalan içi boş öküz heykelinin içine salnyp goýlupdyr. Onun janhowluna demigip gygyrýan sesi heykeli içine yerleşdirilen başga bir emel arkaly öküzin sesine meñzeş sese öwrülip jeza berlişige tomaşa edýän tutuş jemendänin gulagynda ýañlanypdyr. Yagdaý birnäçe gün dowam edenden son öküz heykelinin astynda ot ýakylypdyr we günäkär bende onun içinde kem-kemden gowrulyp ölüpdir.


■Topun önüne tutmak

XX asyryn başlarynda Hind okeanynyn çäklerinde inlis we portugal basybalyjylary tarapyndan amala aşyrylan bu usulda jezalandyrylan biçäreler arkanlygyna top okunyn niline dañylypdyr. Top atylanson günäkärin bedeni bölek-bölek bolup dumly-duşa syçrapdyr we töwerege syçran bölekler birin-birin ýygnalypdyr.


■ Hamyny soymak

Juda gadymy döwürlere uzaýan bu usul häzir bizin gözümize gorkunç çäre bolup görünýändigine garamazdan, birmahallar giñden yaýran jeza çäresi hökmünde ulanylypdyr. Hususanam gadymy assiriýalylarda ulanylan bu jeza çäresinde günäkärlerin derisi ýüzülenson şobada ölmän birnäçe gün azap çekip çabalana-çabalana gan gidip ýa-da infeksiya düşüp ölüpdir.

Beýik türkmen şahyry Seyit Nesimi hem 1417-nji ýylda hamy soýulyp şehit edilipdi. Magtymguly Pyragynyň Durdy şahyr bilen aýdyşan goşgusynda:

- Ol kim idi dabanyndan soydular?

- Nesimini dabanyndan soydular. -

diýen setirlerinden başga-da, Şeydaýynyn "Gül-Senuber" dessanynda:

Nesiminin derisini soydular,

Saman dykyp, derwezede goýdular...

- diýen setirlerde bu ýowuz jeza gynanç bilen agzalyp geçilýär.


■ Diriligine gömmek

Iñ gadymy we iñ meşhur ölüm jezalaryndan bolan diriligine gömmek taryhda birnäçe kowum tarapyndan ulanylypdyr häzirem terroristler tarapyndan ulanylmaga dowam edýän ganhorçulykly usuldyr.


■ Mör-möjeklere iydirmek

Gadymy persler tarapyndan ulanylan bu jeza çäresinde günäkärler ilki çuw- ýalañaçlygyna bir boş gaýygyn içine danylypdyr we yzygiderli süýt, bal ýaly süýji nygmatlar iýdirilip-içirilipdir. Ahyrsonunda gaýygyn içindäkilerin işdäsi bulanyp gusup hem-de iýip-içenlerinin täreti bilen töweregini doldurypdyr. Wagt geçmänkä gaýygyn hem içine, hem daşyna ary sürüsi goýberilipdir. Kem-kemden beýleki ownuk mör-möjeklerem çozuşyp başlapdyr. Mör- jezalandyrylan bendänin üstüne çyrşalan ballary iýipdirler. Munun bilen birlikde onun etlerinem gemripdirler, etinin içine sümülipdirler we hatda yumurtgalapdyrlar. Günäkär bende birnäçe hepde dowam eden yza-azapdan soñ endamyna düşen infeksiyadan ýaña ölüp galypdyr.


■ Kül bilen demikdirmek

Bu jeza çäresi gadymy döwürlerde perslerde we ýewropalylar Amerika gadam basmazdan ön yerli indeý taýpalarynda döwlete garşy jenaýat eden günäkärlerin garşysyna ulanylypdyr. Günäkärler kül bilen doldurylan otaga salnanson otagdaky küller sowrulyp we kul tozgalarynyň içinde demigip ölüpdir.


■ Aç haýwanlara şam etmek

Ölüm jezasy berilmezden ön birnäçe gün aç saklanan ýyrtyjy haýwanlar boş meydançanyn ortasyna atylan günäkärin üstüne küşgürilipdir. Tomaşanyñ has şüwelenli geçmegi üçin käte günäkärlerin eline özlerini goramak üçin yarag hem berlipdir. Hususanam gadymy rimlilerde ginden yayran bu jezalandyrylyş usuly ilki- ilkiler rimli esgerleri jezalandyrmak üçin ulanylsa-da, soñabaka gullaryñ we döwlete boýun sunmajak bolýan dini toparlaryn garşysyna ulanylypdyr.


■ Ölüm howply ýençme

Gadymy rimlilerde ginden ulanylan bu jeza çäresi ulanylanda gullar ýa-da günäkärler göreş meydançasynda gladiatorlaryn garşysyna çykarylypdyr we olar özlerine berilen ýaraglar bilen gladiatorlary öldürip başarsa diri galyp bilipdir. Mundan sag- salamat çykan günäkärlerin önünde iki ýol goýlupdyr: ýa-ha söweşjen goşuna goşulmak, ýa-da nobaty bilen birnäçe gladiator bilen garpysyp, ahyrynda azatlygyny gazanmak.


■ Mazzatello ýa-da kelle owratmak

Çapgy ýassygy enjamynyñ (gilotin) ulanylyp başlan döwrüne çenli daşyñ ýa-da tagtanyñ üstüne ýatyrylan günäkärin kellesi jelladyn ýokardan inderen agyr gürzüsi bilen mynjyradylypdyr. Kämahal günäkärler gürzi bilen urulansoñam ölmän galypdyr we diñe akyl-huşuny yitiripdir. Şonuň üçin agyr urga uçrandan son günäkärin damagy çalnypdyr.


Internet maglumatlary esasynda

taýýarlandy.

10
232
mandarin
4 Iýul 2023
Şu wagta agyr jeza söýgiden ýanmak öýtýän.😂🤣
ayuada
29 Iýun 2023
Gaty gorkunc
wolf
28 Iýun 2023
@durdane, howwa içim gyssylaý😁
durdane
27 Iýun 2023
@wolf, aýlandyňmy ahyry 😁
wolf
27 Iýun 2023
@durdane, basgalaram goyayda bar bolsa 😮👍
durdane
27 Iýun 2023
@Akgyz💗, menem täsin goremsoň paýlaşaýyn diýdim. Mundan beterlerem bardy ýone post barlagdan geçmeü öýtdüm.
Akgyz💗
27 Iýun 2023
Hudaý saklasyn 😖😨okap otyrkamam tüýlem tiken tiken boldy😰😦😒Şolar ýaly jezalardan Alla gorasyn 😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.