durdane
23.06.2023 00:27

Ene söýgüsi


Bu waka Garrygala sebitlerinde kiçeñräk obalaryñ birinde bolupdyr. Bu wakany maña enem pahyr gürrüñ beripdi.

-Biziñ obamyzda 98 ýaşly Ejegül atly garryja daýza bardy. Ejegül daýzanyñ başdan geçirenini saña aýdyp bereýin- diýip, enem gürrüñ bermäge durdy…

Bu waka türkmen obalaryna ýañy sowet hökümetiniñ gelip, ilkinji kolhozlaryñ döredilýän gabatlary bolupdy. Garrygala etraby goñşy Eýran döwleti bilen serhetleşýärdi. Şol wagtlar serhet berkedilmän, goñşy Eýran döwletinde ýerleşýän türkmen obalaryna gizlin gatnaw bolupdyr. Ejegüliñ hossarlarynyñ ýaşaýan obalary bilen Garrygalanyñ arasynda serhet çekilip, olar Eýranda, Ejegüliñ gaýynlary bolsa, Garrygalada galýarlar.

Ejegüliñ adamsy agyr kesele duçar bolup ir aradan çykýar. Ejegül iki çagasy bilen dul galýar. Bu habar Eýran obalarynda ýaşaýan Ejegüliñ doganlaryna baryp ýetýär. Şol wagtlar dul galan ýaş gelinleriñ hossarlary ony ikinji gezek durmuşa çykarýan  ekenler. Eger-de gelni öñki öýünde alyp galjak bolsalar, gelniñ gaýynlary onuñ hossarlaryna ýene-de galyñ tölemeli bolýan ekenler.

Ejegüliñ gaýynlary ir ýogalansoñ, galyñ berip, alyp galara hiç kim ýok eken.

Günleriñ birinde agşam at aýagynyñ dükürdisi eşidilýär. Ejegül daş çyksa atly-ýaragly agalaryna gözi düşýär. Olar Ejegüle ony Eýrana alyp gitjekdiklerini aýdýarlar. Ejegül agalaryna ýalbaryp şeýle diýýär:

-Meni äkitmäñ! Meniñ çagalaryma kim seretsin?! diýip özelenip ýalbarýar.

-Çagalaryña adamyñ garyndaşlary, obasy, il-güni sereder -diýip, Ejegüli atyñ öñüne basyp, alyp gitýärler.

Ýolda Ejegül özüni atdan oklajak bolup kän garşylyk görkezýär. Ýöne ejiz naçaryñ güýji bilen erkek kişiniñ  güýji deñ gelmeýär.  Doganlary Ejegüli serhetden aşyryp, Eýrana äkidyärler, ony bir baý adama durmuşa çykarjak bolýarlar.  Ejegül her gün çagalaryny ýatlap, öz obasyny ýatlap aglaýar. Watan zary, perzent küýsegi gelini öz gününe goýmaýar. Ejegül yzyna, Garrygala nädip aşmagyñ pikirini edip başlayar

 Doganlaryna al salyp, nädip gaçmaly? Doganlary-da Ejegülden gözlerini aýyrman seredýärdiler. Agşam düşyär. Şu gün agşam gaçmasa soñ giç boljagyna göz ýetiren Ejegül, saçakdan el ýaly çöregi alyp, pişik basyşyny edip, ýüzüni garaňka tutup öýden çykýar we obanyň çetinde duran ot küdesiniň depesine çykyp gizlenýär. Doganlary Ejegüliñ ýokdugyny añyp,ony gözlemäge çykýarlar. Bütin gije obany elek edip gözleýärler. Ejegülem otly küdäň üstünde bar zady synlap ýatyr.Gije birçene barandan soň hemme kişi uka gidýär. Ejegülem asmana seredip, ýyldyzlardan ugur alyp, ýola düşyär. Ejegül dag jülgelerinin içi bilen Garrygala tarap ýola düşyär. Dag jülgeleri howatyrlydy. Dagda ýyrtyjy möjekler, şagallar, geçi gaplañlar, hat-da syrtlanlar hem bardy. Çagalaryny, öz Watanyny bir aýlap görmedik gelin, hiç zatdan gorkman, heder etman ýol-ýodasyz ýerden haýdap barýardy. Ol gündiz yöreýärdi, gije bolsa  agaja çykyp, özüni agaja daňyp uklaýardy. Şeýdibem, ýyrtyjy haywanlardan özüni goraýardy. Ejegül iki gün ýöredi. Üçülenji gün diýlende, gelniň gözüne alysdan bir gara göründi. Iki günläp adam garasyny görmedik gelin ýaglygyny galgadýar. Ony gören ol adam sakga durup geline garaşýar. Ejegül golaý gelse, ol adamyň Sapar söwdagärdigini tanaýar. Ol Eýrandan çaý we başga harytlar getirip söwda edýär ekeni. Bular iki bolup oba tarap barýarkalar, serhetçiler olary saklaýarlar. Olary etrap serhet bölümine getirýärler. Ejegül serhediñ uly komandirine bolan  wakany bolşy ýaly gürrüñ berýär. Serhetçiler Ejegüli goýberýärler. Şol wagtlar maşyn bolmansoň, at arabasynda Ejegül oba gaýdýar. Oba golaýlaşdygy sary Ejegüliñ ýüregi gursagyny ýaraýjak bolýar. Ýoluñ gyrasynda, ejesiniň ýoluna garap oturan, sal- sal eşikli kirlije çagalaryny gören Ejegül gujagyny giñden açyp, olara tarap ylgaýar. “Kakasyz ýetim, ejesiz ýesir” diýleni. Olara goñşy-golam seredipdir, çagalaryna  el ýaly çörek beripdirler. Çagalar welin, günde ejeleriniň ýoluna çykyр oña garaşypdyrlar. Şeýdip Ejegül öz ҫagalaryna gowşupdyr. Ojagy, tamdyrу hiç zat bişirilmänsoñ, kerep baglap gidipdir. Bir aýlyk aýralykdan soñ Ejegül öz Watanyna, dogduk obasyna, çagalaryna gowşupdyr.

18
175
kerwenow
25 Iýun 2023
Gowy hekaya
ayuada
24 Iýun 2023
Howwa sonun obasy
ayuada
23 Iýun 2023
Tanamok
ayuada
23 Iýun 2023
Kesir Dayna bolmagy mumkin
ayuada
23 Iýun 2023
Menem garrygaladan
alma
23 Iýun 2023
Gowy hekaýa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.