Oglanjyga ejesinin öwreden 20 zady
1. Ejesi oňa özgäniň zähmetine hormat goymagy öwretdi: "Eger-de siz bogalaşyp, biri-biriňizi öldürmek isleýän bolsaňyz, onda daşaryk gidiň, men edil ýaňyja içerini süpürdim!";
2. Ejesi oňa Hudaýa ynanmagy öwretdi: "Şu biderek zadyň ýuwup aýrylanyny diläýgin!";
3. Ejesi oňa logika (mantyga) laýyk oylanmagy öwretdi: "Sebäbi men şeyle diýip aýtdym, ine Şonuň üçin!";
4. Ejesi oňa emele geljek netijeler barada oylanmagy öwretdi: "Ine häzir 4-nji gatyň penjiresinden gaçarsyň, onsoň men seni ýanym bilen dükana äkitmerin!";
5. Ejesi oňa sebäp bilen netijäniň arasyndaky baglanyşygyň nämedigini düşündirdi: "Eger-de sen häzirin özünde möňňürmegiňi bes etmeseň, onda men seni ýenjerin!";
6. Ejesi oňa bolup bilmejek kynçylyklary ýeňip geçmegi öwretdi: “Agzyňy ýum-da, çorbaňy iý!";
7. Ejesi oňa çydamlylygy öwretdi: "Hemmeje zady iýip tükedýänçän saçagyň başyndan turmarsyň!";
8. Ejesi oňa geljege mert seretmegi öwretdi: "Hany garaş bakaly, men seniň bilen öýde mazalyja gürleşerin!";
9. Ejesi oňa öz-özüňi bejermegiň esaslaryny öwretdi: "Eger-de sen gözüňi çaşartmagyňy bes etmeseň, galan ömrüňe-de şol durşuňa galarsyň!";
10. Ejesi oňa çeye bolmagy öwretdi: "Seret hanha, ýeňsäň garagäz!";
11. Ejesi oňa ekstrosensorlygy öwretdi: "Switerini geý, men seniň üşeýändigini duýýaryn ahyry!";
12. Ejesi oňa nädip ulalmalydygyny öwretdi: "Eger-de gök önüm iýmeseň, hiç haçanam ulalmarsyň!";
13. Ejesi oňa genetikanyň esaslaryny öwretdi: "Bu bolgusyzlyklaryň barysy saňa kakandan geçen bolmaly!";
14. Ejesi oňa özüňi nähili alyp barmalydygyny öwretdi: "Kakaň ýaly özüňi alyp barmagy häzirin özünde bes et!";
15. Ejesi oňa mümkin bolmadyk zatlara-da ynanmagy öwretdi: "Men seniň içini görüpjik durandyryn!";
16. Ejesi oňa hemme zadyň oňat tarapyny görmegi öwretdi: “Ýene-de öz otagyňy mal yatagyna öwräýdiňmi?!";
17. Ejesi oňa danalygyň nireden emele gelýändigini öwretdi: "Sen meniň ýaşyma ýet, onsoň akyl sat!";
18. Ejesi oňa degişmegi öwretdi: "Haçan- da ot orujy enjam bilen aýagyňy kesäýseň, gözüň ýaşyny seçelendirip meniň ýanyma ylgap gelmäge het edäýmegin!";
19. Ejesi oňa durmuş hakykatynda nädip yaşamalydygyny öwretdi: "Men saňa million gezek aýtdym - ulaldyp geplemegini bes et!";
20. Ejesi oňa göriplik etmezligi öwretdi: "Dünýäde millionlap garyp çagalar ýaşaýar, şolaryň hiç biriniňem seninki ýaly ajaýyp ata-enesi yok!".
Çeşmesi: http://fit4brain.com/914