dream_
dream_
07.04.2023 23:12
"Her trajedi; diğer elinde bir hediye ile beraber gelir ... Ama genellikle acı çekmekle öylesine meşgul oluruz ki Hediyenin f arkına bile varamayız. O da geldiği gibi yitip gider ... " -
dream_
01.02.2023 23:40
Aždarha we esger

Bir esger aňrysy-bärisi görünmeýän çöllükden gidip barýarmyşyn. Ol juda uzak ýol sökmeli bolupdyr. Ýol azaby — gör azaby, ol atyndan jyda düşüpdir. Artyk ýük hasaplap, söweş enjamlaryny — sowudyny, tuwulgasyny hem taşlapdyr. Diňe gylyjy galypdyr. Açlykdan hem suwsuzlykdan ýaňa halys egbarlapdyr. Birden alysda bir köle onuň gözi kaklyşypdyr.
Emma kölüň ýakasynda üç kelleli aždarha bar eken. Esger dergazap bolup, gylyjyna ýapyşypdyr-da, bolanja güýjüni toplap, ol mahluk bilen söweşe giripdir. Bir gije-gündiz gidişipdirler, ikilenji günem söweş netije bermändir. Ahyry aždarhanyň iki kellesi togarlanypdyr. Üçülenji gün halys güýçden gaçan aždarha ýan beripdir.
Aýak üstünde zordan duran, gylyjyny götermäge-de mejaly bolmadyk esger hem onuň gapdalynda süýnüpdir.
Şonda soňky deminde aždarha esgerden sorapdyr:
— Esger, ýogsa-da seniň maksadyň nämed-aý?
— Suw içjekdim...
— Ýeri, içiberseň bolmaýamydy?!...
Hekaýatyň hikmeti: Durmuşyňy özüň kynlaşdyrma.
*** Ýatda saklaň: nämä ynanýan bolsaňyz, şony hem özüňize çekýänsiňiz!



"Naşynja sowgatlar"
dürli çeşmelerden toplap, terjime edip taýýarlan Orazmyrat Myradow.
25
146
dream_
30.01.2023 19:28
Bir baýyň owadan gyzy bar eken. Ol owadan gyz bilen ýaşamak isleýän ýaş ýigitler hem köpdi. Baý adam gyzynyň özi ýaly owadan bagtynyň bolmagyny isleýärdi, ýöne bir zatdan şübhelenýärdi. Her gün "Bu ýaş ýigitleriň haýsysy söýgüsi üçin, haýsysy bolsa baýlygym üçin gyzyma eýe çykmak isleýärka?" diýip pikire batýardy. Günlerde bir gün olary synagdan geçirmek kararyna geldi. Ol ýaňky ýigitleri ýygnap, olara ýüzlendi: "Kim öz islegi boýunça şu howuzdan geçip biläýse, ýa ýerimiň üçden birini, ýa baýlygymyň üçden birini ýa-da gyzymy alar. Ýöne üns beriň howuzda birnäçe aç gezip ýören krokodiller bardyr". Baý adam sözüni gutaryp gutarmanka, bir ýaş ýigidiň suwa bökenini gördi.
Baý ýaş ýigidiň mertligine, batyrlygyna, tutanýerliligine gaty haýran galypdy.
Krokodiller ýaş ýigidi tutjak bolup suwda kowalaýardylar, ýöne ol ýigit olardan çalt ýüzdi-de, kenara diri we sagdyn çykmagy başardy. Geň galan baý adam ýeriniň üçden bir bölegini isleýändigini soranda, ýigit "ýok" diydi. "Sen onda meniň baýlygymyň üçden birini almak isleýänsiň" diýende, ýene-de şol "ýok" jogabyny eştdi. Baý adam birden arkaýynlaşyp begendi-de, "Onda meniň gyzymy almak isleýärsiňmi?" diýip sorady. Ýaş ýigitden ýenede şol bir "ýok" jogabyny eşitdi. Geň galyp: "Onda sen näme isleýärsiň?" diýip sorady.
"Meni howuza iteklän, şol binamysy, deýýusy görmek isleýän" diýip, jogap berdi.
Ýokardaky kiçijik hekaýa, her bir adamyň öz fiziki we intellektual ukyplaryna dogry baha berip, olary ulanyp bilmeýändiginiň mysalydyr. Ol ukyplar ekstremal ýagdaýlarda peýda bolýarlar. Aslynda, ýaş ýigidiň meýletin hiç wagt ol howuza bökmejekdigine biz anyk bilýäris.


Adamzat başarnyklarynyň bardygyny diňe olary ulanmaly bolanda bilip galýar.
Seneka

Saidmurod Dawlatow "Men we pul"
Terjime eden: Redžepow Rustam
29
146
dream_
29.01.2023 13:19
Jynlary ýeňiji

Bir ýaş ýigide uly baýlyk miras galypdyr. Ol bar baýlygyny jynlary ýeňmek sungatyny öwrenmäge harçlapdyr. Ol bu syrly ylmy ençeme ýyllap öwrenip, kämillige ýetipdir.
Ömrüniň ahyryna çenli ol ýeke jyna-da duşmandyr.


Kim nähili many çykardy? Teswir ýazmagy unutmañ!
25
236
dream_
27.01.2023 14:21
Ykbal
Kiçijik oglanjyk guýynyň gyrasynda uklap galypdyr.
Gabadyndan geçip barýan Ykbal ony oýarypdyr-da, pessaýja sesi bilen şeýle diýipdir:

— Oýan hany, seret, janyňa howp abanýar. Bu gezek men seni halas etdim. Indikile seresap bolgunyň. Guýa ýykylaýan bolsaň: «Ykbal işi» diýerler. Ýöne mende hiç hili günä ýokdur. Baryna seniň seresapsyzlygyň sebäpdir.
35
175
dream_
26.01.2023 19:31
Söýgi hem Dostluk Bir gezek Söýgi bilen Dostluk duşuşypdyr.
Söýgi sorapdyr:
— Bu jahanda men barkam, seniň nämä geregiň bar?
Dostluk oňa şeýle jogap beripdir:
— Seniň gözýaş goýup gaýdan ýeriňde ýylgyryş galdyrmak üçin.

Çeşme: Orazmyrat Myradow "Naşyja sowgatlar".
34
219
dream_
25.01.2023 17:52
Siz näçe ýaşyňyzda?
Bir gezek Galileýden: «Siz näçe ýaşyňyzda?» diýip sorapdyrlar.
Ol: «Sekiz ýa-da on...» diýip jogap beripdir. Elbetde, saç-sakalyna çal sepen adamyň beýle ýaş bolmajaklygy düşnükli zat.
Soňra ol bu geň jogabyny şeýle düşündiripdir: «Maňa ýene näçe wagt ömür berlen bolsa, ýaşymam şonçadyr: ýaşalan ýyllar maňa-da, saňa-da degişli däldir, edil sowlan puluň seňki bolmaýşy ýaly-da...»


Çeşme: Orazmyrat Myradow "Naşyja sowgatlar"
36
265
dream_
dream_
15.01.2023 14:16
Adamlar "näme üçin ýüregiñi açmaýañ" diýip soranlarynda...
dream_
dream_
11.01.2023 22:56
Bagt nämede? Şägirt halypasyndan sorapdyr: «Bagt pulda däl» diýen söz näderejede hakykata laýyk gelýär?» Ol munuň dolulygyna hakykata laýyk gelýändigini aýdypdyr. Muny subut etmekde müşgillik ýok.
dream_
dream_
10.01.2023 15:29
Bir sekuntlyk GAHARA garşy, bir sekunt SABYLY bolmak, müñlerçe sekuntlyk puşmanlygyñ öñüni alar. –Hz. Ali (r.a)