dream_
11.01.2023 22:56
Bagt nämede?

Şägirt halypasyndan sorapdyr: «Bagt pulda däl» diýen söz näderejede hakykata laýyk gelýär?» Ol munuň dolulygyna hakykata laýyk gelýändigini aýdypdyr. Muny subut etmekde müşgillik ýok. Çünki pula düşek satyn alyp bilersiň, emma uky satyn almarsyň, nahar satyn alyp bilersiň, emma işdä satyn almarsyň, derman satyn alyp bilersiň, emma saglyk alyp bilmersiň, puluňa hyzmatkär tutunyp bilersiň, emma dost alyp bilmersiň, aýal alyp bilersiň, emma söýgi satyn alyp bilmersiň, ýaşara jaý satyn alyp bilersiň, emma öý-ojak alyp bilmersiň, wagtyňy hoş geçirer ýaly zatlary satyn alyp bilersiň, emma şatlygy alyp bilmersiň, hakyna mugallym tutup bilersiň, emma akyl satyn alyp bilmersiň. Bu sanawy näçe uzaltsaň, uzaldyp oturmalydyr.

Bagtyň taýýarlanylyş usuly

Sabyr käsesini alyň. Oňa ýüregi dolduryp söýgi guýuň. Iki goşawuç jomartlyk atyň. Biraz ýumor hem sepeläň. Ýagşylygam guýuň, ynamy näçe köp goşsaňyz, şonça gowy. Onsoň bularyň baryny gowy edip garyň. Soňra ony özüňize berlen ömrüň bir bölegine çalyň-da, ýoluňyzda duş gelenleriň ählisine hödür ediň!!!

Maksatsyz ömür näme?

Bir adam akyldardan: «Maksatsyz ömür näme?» diýip sorapdyr. — Bu «Durmuş» otlusyna münüp, birnäçe ýyllap onuň içinde bolgusyz zatlara güýmenip, ahyrsoňunda-da boş düşen ýaly bir zat. Durmuşda maksady bolmadyk adam ýene-de öten-geçenleriň aýak astynda, ýel-ýagmyryň täsiri bilen iki-ýana togarlanyp ýören daş ýaly bir zatdyr.

Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW

29
184
melek06
12 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Myrataly
11 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻🌟
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.