diktr
16.04.2024 20:25
Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) ermenistanly söweşijisi Arman Sarukýan ýeňil agramda UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde birinji orny eýeledi. Täzelenen reýting promouşeniň saýtynda ýerleşdirildi. Bu agramda çempion russiýaly Islam Mahaçewdir.
14-nji aprelde UFC 300 ýaryşynda Sarukýan emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňil agram derejesinde promouşeniň eks-çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýradan üstün çykdy. Söweşden öň Sarukýan ýeňil agramly söweşijileriň reýtinginde dördünji orny, braziliýaly birinji orny eýeleýärdi. Oliweýra ikinji orna düşdi.
Sarukýan ýeňşiniň netijesinde Mahaçewe garşy titul söweşi üçin hukuk gazandy. 27 ýaşly Sarukýanyň hasabynda MMA-da 22 ýeňiş we üç ýeňliş bar.
Ýarym ýeňil agramda UFC-niň eks-çempiony Maks Holloueý BMF tituly üçin göreşde watandaşy Jastin Getjini nokauta gidirip, ýeňil agram reýtinginde 9-njy orny eýeledi. Agram derejesine garamazdan iň gowy söweşijileriň reýtinginde Holloueý birbada alty setir ýokary galyp, sekizinji orna çykdy. Bu reýtingde hem lider Mahaçewdir.
19
24
diktr
13.02.2024 12:46
1. Myrat öten gün 15 ýaşyndady, indiki ýyl ol 18 ýaşaýar. Myradyň doglan güni haçan we ol gürrüň haçan aýdylpdyr
Gyzyl pökgini gara deňze oklasaňnähili bolar ?

2.) Ýagyş ýaganda towşan nähili agajyň(ösümligiň) aşagynda gizlener ?

3.) Kartoşka ilkinji nireden tapylýar ?

4.) Daga gidýär dagdan gelýär, ýöne hereket edenok ?
29
162
diktr
12.02.2024 20:23
1.Düýeguş özüne: “Men guşlara degişli” diýip bilermi?
2.Bir gurply maşgalada çagajyk dünýä inipdir. Çagajyk hemme zady ýerbe ýer maşgalanyň ilkinji bäbegi
bolansoň kakasy ejesi atasy enesi onuň doglan gününe ýatdan çykmajak agşam guramak islediler. Emma
olar onuň üçin 8 ýyl garaşmaly boldular . Sorag: Näme üçin?
3. Dynç güni köşkde jenaýat bolýar. Polisiýalar gelip köşküň işgärlerinden sorag edýärler, derňewçiniň
jenaýat wagty sen nirdediň diýen soragyna
Aşpez: “men ertirlik taýýarlaýardym” diýýär
Bagban: “güllere suw berýärdim” diýýär
Garawul: “men poçta gelen gazetleri alýardym” diýýär. Bularyň içinde günäkär adam barmy ?
4. Bir uçar heläkçilige uçrapdyr we ol edil ABŞ bilen Kanadaň araçäk çyzygyna düşüpdir. Siziň
pikiriňizçe ýaralananlar haýsy ýurtda jaýlanar. ABŞdamy ýa Kanadada ?
24
186
diktr
05.02.2024 20:32
Bellator promouşeniniň ýeňil agramda çempiony Usman Nurmagomedow watandaşy Aleksandr Şabliýe garşy söweşer. Bu barada iki türgeniň menejeri Rizwan Magomedowa salgylanyp, TASS habar berýär.
Söweş ýazyň ahyrynda ýa-da tomsuň başynda geçiriler.
Öň, Usman Nurmagomedowyň geçen ýylyň noýabr aýynda Gran-priniň Brent Primus bilen ýarym final söweşinden soň şowsuz doping barlagyna garamazdan, titulyny saklajakdygy belli boldy. Ol alty aý diskwalifikasiýa edildi, onuň britaniýaly bilen duşuşygy bolsa geçirilmedik diýlip ykrar edildi.
Usman Nurmagomedowyň hasabynda 17 ýeňiş bolup, ýekeje-de ýeňliş ýokdur. Bir söweş geçirilmedik hasaplandy. 25 ýaşly türgen Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki guşak eýesi Habib Nurmagomedowyň doganoglanydyr.
30 ýaşly Şabliýiň hasabynda 24 ýeňiş we 3 ýeňliş bar.
18
36
diktr
04.02.2024 21:23
Katarda geçirilýän futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň ýarym finalçylarynyň ählisi belli boldy.
1/4 finalda Eýranyň milli ýygyndysy Ýaponiýa bilen duşuşdy. "Edýukeýşn Siti" stadionynda geçirilen oýun Eýranyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.
Oýnuň 28-nji minutynda Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Hidemasa Morita hasaby açdy. 55-nji minutda eýranly hüjümçi Mohammad Mohebi Serdar Azmunyň geçiriminden soň hasaby deňledi. 90+6-njy minutda Eýranyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Alireza Jahanbahş on bir metrlik urgudan gol girizdi.
Bu tapgyryň jemleýji oýnunda Özbegistanyň milli ýygyndysy ýaryşyň eýesi Katardan utuldy. El-Haurda geçirilen oýun esasy wagtda 1:1 we penalti tapgyrynda 3:2 hasabynda tamamlandy.
Aziýanyň häzirki çempionlary bolan katarlylar oýnuň 27-nji minutynda hasaby açdylar. Hassan Al-Haidosyň urgusyndan soň pökgi derwezeban Utkir Ýusupowyň eline degip, derwezä girdi. Awtogol Özbegistanyň derwezebanynyň adyna ýazyldy.
Oýnuň ikinji ýarymynda Özbegistan 59-njy minutda Odolžon Hamrobekowyň goly netijesinde hasaby deňledi.
Toparlar esasy we goşmaça wagtda güýçlini saýlap bilmediler. Penalti tapgyrynda Kataryň futbolçylary üstün çykdy - 3:2.
Ýarym finalda Katar - Eýran we Günorta Koreýa - Iordaniýa duşuşyklary geçiriler.
19
61
diktr
03.02.2024 19:33
“Real” HP kompaniýasy bilen hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy.
Marca-nyň berýän maglumatyna görä, Amerikanyň enjamlary we programma üpjünçiligini iberijisi “Realyň” iň uly hemaýatkärlerinden birine öwrüler.
HP nyşany Madridiň klubunyň futbolkalarynyň ýeňlerinde peýda bolar. AS-nyň berýän maglumatyna görä, bu şertnama futbol klubuna ýylda 70 million ýewro girdeji getirer.
Şeýle-de, “Realyň” ýylda 117,6 million girdeji getirýän adidas (tehniki hyzmatdaş), şeýle hem, ýylda 70 million gideji getirýän Fly Emirates awiakompaniýasy (döşdäki nyşan) bilen hemaýatkärlik şertnamalary bar.
Şeýlelikde, klubuň esasy hemaýatkärlerinden alýan girdejisi ýylda 260 million ýewro ýeter.
19
33
diktr
03.02.2024 14:47
Er-Riýadyň (Saud Arabystany) "Kingdom Arena" stadionynda geçirilen ýoldaşlyk oýnunda "Al-Nasr" "Inter Maýamini" 6:0 hasabynda utdy.

Futbol janköýerleri Ronaldu bilen Messiniň arasyndaky köpden bäri garaşylýan gapma-garşylygy görüp bilmediler. Portugaliýaly hüjümçi myşsa şikesi sebäpli "Al-Nasryň" oýunçylar sanawyna-da girmedi. Klub 38 ýaşly futbolçynyň saglygy bilen töwekgelçilik etmezlik kararyna geldi.
Messi duşuşygyň köp bölegini ätiýaçdaky oýunçylaryň oturgyjynda oturyp geçirdi we meýdança diňe oýnuň 83-nji minutynda, eýýäm ähli gollar geçirilenden soň çykdy. Oýundan öň argentinalynyň myşsa agyrysyny başdan geçirýändigi belli boldy.
"Al-Nasr" MLS klubunyň derwezesine üç goly 12-nji minuta çenli geçirdi. Üçünji goly goragçy Emerik Laport meýdançanyň ortasyndan girizdi.
Oýnuň ikinji ýarymynda Saud Arabystanyndan klub ýene üç gol geçirdi. Ýarym goragçy Taliska 10-njy, 51-nji (penaltiden) we 73-nji minutlarda gol girizip, het-trik etdi.
18
30
diktr
01.02.2024 20:12
Ukrainanyň Harkow politehniki institutynda bilim alýan türkmen talyby Babageldi Halimow 90 kilogram agram derejesinde jiu-jitsu boýunça Harkow oblastynyň çempiony boldy. Bu barada ORIENT Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär. 
Oblast çempionaty Ukrainanyň Milli Jiu-Jitsu söweş federasiýasy tarapyndan guraldy. Çempionat 19-40 ýaş aralygyndaky toparlary öz içine aldy. Bäsleşik oblastyň dolandyryş merkezi bolan Harkow şäheriniň sport toplumynda geçirildi.
Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary, dürli ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny görkezip bilim edaralarynyň sport we ylmy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.
22
53
diktr
29.01.2024 21:10
Mahriban agzalar birinjidan konkursy halasañyz posta like basyñ👍 KONKURS başlayas Hemmañize üstünlik 🥇 ýeñijä 20 mnt🎉🎉🎉 baýragy bar 🇹🇲🇹🇲🇹🇲.....


Soraglar:

1. Deñýanly Üçburçlugyñ esasy 12 sm gapdal tarapy 18 sm deñ . Gapdal taraplara beýiklikler geçirilen, Beýiklikleriñ esaslarynyñ arasyndaky uzaklygy tapmaly?

2. Deñýanly trapesiýanyñ dioganaly 8 e deñ .Ol gapdal tarapa perpendikulyar. Onuñ uly esasy 10 deñ. Kiçi esasyny tapyñ ?

3. Dinawer söweşi kimleriñ arasynda we näçinji ýylda?

4. Ýedi goýun bir guzy müň möjekden gorar bizi (manysy näme )

5. Aý ýaly ak, gije ýaly gara aýallar ömründe bir gezek görýärler erkekler bolsa günde üç gezek.


Konkursuñ jemlenýän wagty 30.01.2024. Sagat 13:00 da Hemmäñize üstünlik.....
29
422
diktr
29.01.2024 13:37

Mahriban dostlar agzalar taze konkurs goyjak 🥇 ýeñiji bolana 20 mnt 🎉 pul bayragy ba aghsam sagat 23:00 nähili sorag goýaýyn tesbirde ýazyñ 🇹🇲🇹🇲🇹🇲

51
671