diktr
01.02.2024 20:12
Ukrainanyň Harkow politehniki institutynda bilim alýan türkmen talyby Babageldi Halimow 90 kilogram agram derejesinde jiu-jitsu boýunça Harkow oblastynyň çempiony boldy. Bu barada ORIENT Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär. 
Oblast çempionaty Ukrainanyň Milli Jiu-Jitsu söweş federasiýasy tarapyndan guraldy. Çempionat 19-40 ýaş aralygyndaky toparlary öz içine aldy. Bäsleşik oblastyň dolandyryş merkezi bolan Harkow şäheriniň sport toplumynda geçirildi.
Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary, dürli ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny görkezip bilim edaralarynyň sport we ylmy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.
22
53
loona_girl
1 Fewral 2024
👍 sizem diňe sprtdan gidýaňizay 😌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.