diktr
04.02.2024 21:23
Katarda geçirilýän futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň ýarym finalçylarynyň ählisi belli boldy.
1/4 finalda Eýranyň milli ýygyndysy Ýaponiýa bilen duşuşdy. "Edýukeýşn Siti" stadionynda geçirilen oýun Eýranyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.
Oýnuň 28-nji minutynda Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Hidemasa Morita hasaby açdy. 55-nji minutda eýranly hüjümçi Mohammad Mohebi Serdar Azmunyň geçiriminden soň hasaby deňledi. 90+6-njy minutda Eýranyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Alireza Jahanbahş on bir metrlik urgudan gol girizdi.
Bu tapgyryň jemleýji oýnunda Özbegistanyň milli ýygyndysy ýaryşyň eýesi Katardan utuldy. El-Haurda geçirilen oýun esasy wagtda 1:1 we penalti tapgyrynda 3:2 hasabynda tamamlandy.
Aziýanyň häzirki çempionlary bolan katarlylar oýnuň 27-nji minutynda hasaby açdylar. Hassan Al-Haidosyň urgusyndan soň pökgi derwezeban Utkir Ýusupowyň eline degip, derwezä girdi. Awtogol Özbegistanyň derwezebanynyň adyna ýazyldy.
Oýnuň ikinji ýarymynda Özbegistan 59-njy minutda Odolžon Hamrobekowyň goly netijesinde hasaby deňledi.
Toparlar esasy we goşmaça wagtda güýçlini saýlap bilmediler. Penalti tapgyrynda Kataryň futbolçylary üstün çykdy - 3:2.
Ýarym finalda Katar - Eýran we Günorta Koreýa - Iordaniýa duşuşyklary geçiriler.
19
61
Kenno_Tabi
5 Fewral 2024
@Islam_Atayew, ol DÇ 26 saýlama tapgyry
Akram_Beshimov
5 Fewral 2024
Türkmenistan Eýran bilen oýnaýar indiki aýda DÇ26 saýlama 2-nji tapgyrda
Kenno_Tabi
4 Fewral 2024
Aziýa kuboga Türkmenistan çykyp bilmedä 🤦‍♂️🤦‍♂️🤦‍♂️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.