cilek
18.07.2023 10:02

Sorag:

bu ýumurtga gaýnadylanyndan soň reňksiz bolýar,bu nämäň ýumurtgasy???

17
201
cilek
17.07.2023 14:48

Sanjymlaryň görnüşleri:

A.90° Myşsa içi

B.45° Deri asty

C.25°Wena içi

D.10-15° Deri içi

23
102
cilek
16.07.2023 14:45

Adam pul gazanmak üçin saglygyny ýitirýär.Soňra saglygyny gazanmak üçin

puluny ýitirýär.Geljegini alada edip,edil şol pursatyny ýaşap bilmeýär.Netijede,

ne şol wagt ýaşaýar ne-de geljekde ýaşaýar.Hiç ölmejek ýaly ýaşap,aslynda hiç ýaşamadyk ýaly ölýär.


Durdygylyç Ýarjanow

24
103
cilek
15.07.2023 09:56

Öýkünme däl Kerim agaň sözüne,

Ganly ýaş doldurma gara gözüne,

Bir gulak sal hassa şahyr sözüne,

Eý şum pelek aglatmagyn ejemi.


Kesele aldyrdym ýaşlyk döwrümi,

Men ýatyryn ejem çeker jebrini,

Aýtsana seň şul edeniň dogrumy,

Eý keçpelek aglatmagyn ejemi.


Ömürleri ýakýaň göýä şem ýaly,

Agy sesi bir ölüme deň ýaly,

Şu wagta çen agladanlaň kem ýaly,

Ýeter atyk aglatmagyn ejemi.


Dynman aglap göz ýaşlary köl boldy,

Agysyna jiger bagrym köz boldy.

Her näçe ýalbarsam ýene az boldy,

Besdir indi aglatmagyn ejemi.


Keç ykbalym ele alyp bilmerin,

Elimde erkim ýok ölüp bilmerin.

Ýaňadan dünýäge gelip bilmerin,

Zalym pelek aglatmagyn ejemi.


Käbäm diýer:"Derdiň özüm alaýyn,

Gal aýaga,men saýaňda galaýyn".

Wah aglasaň neneň bagtly bolaýyn,

Meniň üçin aglatmagyn ejemi.


Çarhypelek aýlap dur öz çarhyny,

Ýamandan saýgarman ýagşyň parhyny.

Men töläýin sen aýt bagtyň nyrhyny,

Men aglaýyn aglatmagyn ejemi.


Men aglasam ejem garap durarmy,

Jan jesetden çyksa ýürek urarmy.

Ejemiň hoş wagtyn gözüm görermi,

Şol bagt üçin aglatmagyn ejemi.


Maksat:-ýaş ogullar menden sorasyn,

Hem ejäni hem saglygy gorasyn.

Her ojakda gülki şatlyk döresin,

Bir dilegim aglatmagyn ejäni!


Awtory:Maksat Şakirow

22
75
cilek
14.07.2023 07:51

Gündiz gijeden sorapdyr:

-Seniň ýeriňe geçip bilerinmi?

Gije jogap beripdir:

-Gije aglaýan seslere çydap bilermiň?

-Gündiz şeýle jogap beripdir:

-Sen irden aglamazlyk üçin ähli dertlerini içine salýan adamlaryň içki sesine çydap

bilermiň?

26
101
cilek
08.07.2023 19:02

Meniň şeýle tanşym bardy ýoldaşlar,

Özün aldyrypdy bütinleý içgä.

Toý tutdy öýlendi gowy zenena,

Indi şerap görse aýlanyp geçýär.


Meniň şeýle dostum bardy ýoldaşlar.

Haram diýlen zatdan juda daşdady,

Toý tutdy öýlendi aý bir zenana,

Indi öz bolşundan juda başgady.


Muña bakyp göz ýetirdim bir zada,

Düşünmän oýlanyp ilki bir bada.

Bir zenen bar kül ömrüňi gül edýär,

Bir zenan bar gül ömrüňi kül edýär.

28
230
cilek
07.07.2023 21:33

Eneň-ataň bir zat haýyşt edäýse,

Mydam bolýar sözüň diliňde bolsun.

Boş sözlere birden gahar edäýseň,

Hemişe öz erkiň eliňde bolsun.


Durmuş diýmek pyçakdan bir merdiwan.

Ondan çykman bolmaz eliň gyýdyrman,

Birden baýlyk gelse saňa duýdurman,

Dişlän gaty nanlaň ýadyňda bolsun.


Birine dost bolsaň ýada söýgüli,

Hijem arkasyndan diýme aýbyny.

Süýt tapsaň begen,gözlemegin gaýmagy,

Şükür sözüň her bir demiňde bolsun.

21
53
cilek
06.07.2023 12:38

Agaçda duran guş,

şahaň döwülmeginden hiç gorkmaz,onuň ynamy agaja dälde,öz ganatlarynadyr.

14
62
cilek
05.07.2023 14:35

Dört sany kebelek bir gün bir ot bilen garşylaşypdyrlar.Oduň näme zatdygyny bilmek isläpdirler.Ilki bilen 1-njy kebelek

oda biraz golaýlaşypdyr we biraz ýagtylyk görüp,dostlarynyň ýanyna baryp"Ot bir ýagtyldyjy bir zat"diýipdir.2-nji kebelek bu aýdylan bilen kanagatlanman,has köpüräk bilmek isläpdir we oda biraz golaýlaşypdyr.Şeýlelikde bir ýylylyk duýupdyr.Soňra gelip"Ot şol bir wagtda ýyladyjy bir zat" diýipdir.3-nji kebelek hem bu eşidenlerinden has köpüräk öwrenmek maksady bilen oda ýakyn barypdyr we ganatlarynyň ýanandygyny görüp,gelip"Ot şol bir wagtda ýakýan bir zat" diýipdir.Soňunjy kebelek hem has-da köpüräk zat biljek bolup,oda tarap has köp golaýlaşypdyr.Ilki"ýagtylygy"görüpdir,soňra"gyzgynlygy"duyupdyr,soňra bolsa ýanyp başlapdyr we ýene-de oda ýakynlaşypdyr we ýok bolup gidipdir.


Oduň aslynda näme zatdygyny diňeje şol kebelek görüpdir,ýöne yzyna gelip aýdyp bilmändir.


Ody diňe içinde ýanyp,küp bolan biler.

Edil söýgi(aşk) ýaly...Şonuň üçin hem çyn söýgüni(aşky)gören,dyýan aýdyp düşündirip bilmez.

20
186
cilek
04.07.2023 19:13

Ýerde sürüp hem alyp gidip bilerdi ýöne, ol alan sowgadyny

çagasynyñ täzeligine görmegini isledi.


Enäniň perzendine bolan gadyry,söýgüsi hiç kimde ýokdur

25
93