cilek
15.07.2023 09:56

Öýkünme däl Kerim agaň sözüne,

Ganly ýaş doldurma gara gözüne,

Bir gulak sal hassa şahyr sözüne,

Eý şum pelek aglatmagyn ejemi.


Kesele aldyrdym ýaşlyk döwrümi,

Men ýatyryn ejem çeker jebrini,

Aýtsana seň şul edeniň dogrumy,

Eý keçpelek aglatmagyn ejemi.


Ömürleri ýakýaň göýä şem ýaly,

Agy sesi bir ölüme deň ýaly,

Şu wagta çen agladanlaň kem ýaly,

Ýeter atyk aglatmagyn ejemi.


Dynman aglap göz ýaşlary köl boldy,

Agysyna jiger bagrym köz boldy.

Her näçe ýalbarsam ýene az boldy,

Besdir indi aglatmagyn ejemi.


Keç ykbalym ele alyp bilmerin,

Elimde erkim ýok ölüp bilmerin.

Ýaňadan dünýäge gelip bilmerin,

Zalym pelek aglatmagyn ejemi.


Käbäm diýer:"Derdiň özüm alaýyn,

Gal aýaga,men saýaňda galaýyn".

Wah aglasaň neneň bagtly bolaýyn,

Meniň üçin aglatmagyn ejemi.


Çarhypelek aýlap dur öz çarhyny,

Ýamandan saýgarman ýagşyň parhyny.

Men töläýin sen aýt bagtyň nyrhyny,

Men aglaýyn aglatmagyn ejemi.


Men aglasam ejem garap durarmy,

Jan jesetden çyksa ýürek urarmy.

Ejemiň hoş wagtyn gözüm görermi,

Şol bagt üçin aglatmagyn ejemi.


Maksat:-ýaş ogullar menden sorasyn,

Hem ejäni hem saglygy gorasyn.

Her ojakda gülki şatlyk döresin,

Bir dilegim aglatmagyn ejäni!


Awtory:Maksat Şakirow

22
75
sh_shammy
16 Iýul 2023
@begaaaaaaaaaa, walikim essalowmaleykim
begaaaaaaaaaa
16 Iýul 2023
Salam
sha98
15 Iýul 2023
alma___
15 Iýul 2023
Gowy goşgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.