Dört sany kebelek bir gün bir ot bilen garşylaşypdyrlar.Oduň näme zatdygyny bilmek isläpdirler.Ilki bilen 1-njy kebelek
oda biraz golaýlaşypdyr we biraz ýagtylyk görüp,dostlarynyň ýanyna baryp"Ot bir ýagtyldyjy bir zat"diýipdir.2-nji kebelek bu aýdylan bilen kanagatlanman,has köpüräk bilmek isläpdir we oda biraz golaýlaşypdyr.Şeýlelikde bir ýylylyk duýupdyr.Soňra gelip"Ot şol bir wagtda ýyladyjy bir zat" diýipdir.3-nji kebelek hem bu eşidenlerinden has köpüräk öwrenmek maksady bilen oda ýakyn barypdyr we ganatlarynyň ýanandygyny görüp,gelip"Ot şol bir wagtda ýakýan bir zat" diýipdir.Soňunjy kebelek hem has-da köpüräk zat biljek bolup,oda tarap has köp golaýlaşypdyr.Ilki"ýagtylygy"görüpdir,soňra"gyzgynlygy"duyupdyr,soňra bolsa ýanyp başlapdyr we ýene-de oda ýakynlaşypdyr we ýok bolup gidipdir.
Oduň aslynda näme zatdygyny diňeje şol kebelek görüpdir,ýöne yzyna gelip aýdyp bilmändir.
Ody diňe içinde ýanyp,küp bolan biler.
Edil söýgi(aşk) ýaly...Şonuň üçin hem çyn söýgüni(aşky)gören,dyýan aýdyp düşündirip bilmez.