blue_sky
18.07.2023 20:26

Ylym hakda aýdylanlar 2nji bölüm.


Ylmyň beýik derejesinden diňe nadanlar bihabar bolýar. Sebäbi ylmyň­ bilimiň derjesine di­ňe ylym arkaly düşünip bilinýär. Nadanlar özlerini üstün derejä ýetirjek aň­-bilimden mahrum bolandygy üçin ylmyň düýp peýdasyna düşünmeýärler. Nadanlar alymlara­-da mynasyp hormat goý­mazlar. Olar nebisleriniň höwes edýän mal­-mülküni hem­-de göwünleriniň isleýän delje zatlaryny edinmegi has peýdaly görýärler, şol zatlar bilen meşgullanmagy has laýyk hasaplaýarlar.


Ibn el­-Mugtez «Mansurul­ hykem» atly eserinde şeýle diýipdir: «Alym nadany tanar. Sebäbi alym hem öz döwründe nadan bolandyr. Nadan bolsa alymy tanamaz, çünki ol hiç wagt alym bolan däldir». Bu aýdylan söz hakykata laýykdyr. Şonuň üçin takwa adamlaryň gadagan edilen zatlardan gaça duruşlary, keçjal adamlaryň bolsa hakykatdan bo­ýun gaçyryşlary ýaly, nadanlar ylymdan we ylym eýelerinden uzakdadyrlar. Sebäbi bir zada akyl ýetirmeýän kişi şol zada duşmançylykly garaýar.


Büzürgmehirden: «Ylym has gowumy ýa­-da baýlyk?» diýip sorapdyrlar. Ol «Ylym» diýip jogap beripdir. «Onda näme üçin alymlary baýlaryň gapysynda görýäs, emma alymlaryň huzuryna baran baýlary görmek gaty çetin?» diýip, ýene­de oňa sowal beripdirler. Büzürgmehir bu sowalada şeýle gaýtargy beripdir: «Munuň sebäbi, alymlaryň baýlygyň bähbidine düşünýänligi, baýlaryň bolsa ylmyň pazylatyny bilmeýänligidir».


Danalaryň birinden: «Näme üçin ylym bilen baýlyk bir ýerde jemlenip bilmeýär?» diýip


soralanda, ol: «Kämilligiň beýikligi sebäplidir (ýagny ylmyň hem baýlygyň bir kişide jemlenmegi kämillikdir, bu kämillige ýetip bilmek bolsa adatdan daşary zatdyr)» diýip jogap beripdir.


Adamlaryň käbiri güzeran aladasy netijesinde ylym bilen meşgullanmaga wagt tapanoklar. Eklenç aladasy bilen ylym öwrenmäge wagt tapmazlyk öňe sürülýän beýleki bahanalara garanda, bagyşlanmaga has mynasyp sebäpdir. Emma wagtyň bir bölegini ýokdan bar edip, ylma sarp etmek iň haýyrly işdir. Sebäbi gazanç edýän adam wagtynyň hemmesini gazanç etmek bilen geçirýän däldir. Işläp gazanç edýän adamyňam belli bir pursatda rahatlyk çagy, dynç güni hökman bardyr. Kimde­-kim başga zatlar üçin boş wagt galdyrman, bar wagtyny işe­-gazanja sarp

edýän bolsa, onda ol ynsan nebsiniň ýesiri boldugy bolýar. Hezreti Muhammet pygamberimiz şeýle diýipdir: «Her bir zadyň öz döwri bardyr, kim wagtyny ylma sarp edýän bolsa üstünlik gazanar».


Bir adam Abu Hüreýra: «Meniň ylym öwrenesim gelýär, emma wagtyň geçmegi bilen ony ýadymdan çykararyn öýdüp gorkýaryn» diýipdir.

Abu Hüreýra bolsa: «Ylmy ýitirerin diýen howatyryň ony ýitirmek howpundan agyrdyr, bu ylmy inkär etmekdir» diýip jogap beripdir.


Elbetde, bir adamyň zehini beýleki bir adamyňkydan artygrak bolýar, ynsanlar akyl ýetirijiligi taýdan biri­birinden tapawutly bolýar. Muňa garamazdan, zehin üleşiginden nesibesi az bolan kişiler hem nadanlygyň çäklerinden çykyp, ylym bilen tapawutlanmagyň, bolmanda iň bärki çägine ýetmelidir. Şonuň üçin ol kişiler ylmy kabul edip bilşiniň pesligi ýa­-da düşünişiniň ýüzleýligi sebäpli umytsyzlyga düşmeli däldir. Çünki suw hem özüniň şol gowşak haly bilen kert gaýalara täsirini ýetirýändir. Eýsem, päk ylym özüni arzylaýan we ugrunda erjellik görkezýän kişä, aýratyn­da, yhlasly ylym öwrenijä neneň täsir etmesin. Hezreti Muhammet pygamberimiz şeýle diýipdir: «Perişdeler ylym öwrenýän kişiniň ylma bolan hö­wesi sebäpli ondan razy bolarlar, ony öz ganatlarynyň astyna alarlar, oňa howandarlyk ederler»

25
91
blue_sky
17.07.2023 09:17

Ylym hakynda aýdylanlar.


Şuny bilgin: Ylym höwes bildirilýän zatlaryň

iň mertebelisidir, islenilýän we özüne çynlakaý çemeleşilýän zatlaryň iň gowusydyr, gazanylýan hem edinilýän zatlaryň iň peýdalysydyr. Sebäbi ylmyň mertebesi eýesine hasylyny mydama berip durýar, onuň gadyr­-gymmaty hyrydarynyň gözünde hemişe artýar.


Kuranda şeýle diýlipdir: «(Eý, pygamberim!) Aýt: Eýsem, bilýänler bilen bilmeýänler deň bolup bilermi?(Zümer süresi, 9-njy aýat). Beýik Biribar alym bilen nadany deň tutmagy gadagan edipdir. Çünki alyma ylmy bilen oýlanmak, döretmek, bilmek derejesi berlen, şeýle hem, ol aýratyn hormat goýlup tapawutlandyrylan ynsandyr.



Mukaddes kitabyň başga bir aýatynda şeýle diýilýär: «Ybrat hökmünde getiren mysallarymyza (beren öwütlerimize) diňe alymlar akyl ýetirer». (Ankebut süresi, 43-nji aýat). Bu ýerde Ýaradanyň buýran hem­de gadagan edilen zatlara diňe alymlaryň dogry düşünip, akyl ýetirip biljekdigi beýan edilipdir.



Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Ýaradan Ybraýym pygambere şeýle habar (wahyý) iberipdir: «Men Alymdyryn (hemme zady bilijidirin), ähli alymlary hem halaýandyryn».



Musgap ibn Zübeýr öz ogluna şeýle diýipdir: «Ylym öw ren! Eger mal­-mülküň bolsa, ylym seniň üçin zyýada gözellik bolar. Mal­-mülküň bolmasa, ylym seniň üçin baýlyk bolar».



Abdulmelikibn Merwan bolsa perzentlerine şeýle sargyt edipdir: «Eý, ogullarym! Ylym öwreniň! Şeýlelik bilen, eger höküm edýän adamlardan bolsaňyz, özüňize kybap kişilerden beýik bolarsyňyz. Eger orta gürp bolsaňyz, ylmyňyzyň artykmaçlygy bilen höküm edýänlerden bolarsyňyz. Eger ýönekeý halkdan bolsaňyz, ylymlylygyňyz bilen rahat ýaşarsyňyz».



Akyldarlar şeýle diýipdirler: «Ylym hiç könelişmeýän abraýdyr, edep hem ýitirmek howpy bolmadyk baýlykdyr».



Edebiýat ussatlarynyň aýdan şeýle sözi bar: «Ylym iň gowy mirasdyr, onuň bilen iş amal etmek bolsa iň oňat abraýdyr».

25
160
blue_sky
16.07.2023 14:44

Tebip (Rowaýat).


Ro­wa­ýat­la­ra­ gö­rä,­ işi­ne­ us­sat­ ök­de­ bir­ tebip bar­ eke­ni.­ Ýa­ra­dan­ oňa­ hiç­bir­ ki­tap­da­ ýa­zyl­madyk, hiçbir mekdepde öwredilmedik lukmançylyk­ syr­la­ry­ny­ hem­ aýan­ eden­mi­şin.­ Ol­ te­bip­ te­biga­tyň­ hem­ di­line­ dü­şü­ner­ eke­ni.­ Her­ ösüm­li­giň­ nämelere peýdalydygynam bilipdir. Bilimi esasynda dürli-dümen däri-dermanlary taýýarlapdyr.­ Ola­ryň­ her­si­ni­ aý­ra­tyn­ bir­ çüýşe­le­re­ gu­ýup,­ tek­je­de­ ýer­leş­di­rer­ eke­ni.­Mu­nuň­ tä­sin­ ta­rap­la­ry­nyň­ bi­ri­de,­ her­ ge­zek nä­sag­ bi­ri­ bu­ luk­ma­nyň­ ýa­ny­na­ ge­len­de,­ çüý­şeli­ der­man­la­ryň­ bi­ri­ öz­ özün­den­ goz­ga­nar­ eke­ni.­Şeý­dip­ nä­sag­ öz­ ah­wa­lyny­ aý­dyp­ aýt­man­ka,­ tebip­ onuň­ kese­li­nem,­ der­ma­ny­nam­ kes­gitlär ekeni.

Şeý­dip­ öte­ ze­hin­li­ te­bip­ ep­es­li­ näsagla­ry­ derdin­den­ sap­la­ma­gy­ başa­ryp­dyr.­ Onuň­ at­ ab­ra­ýy meş­hur­ly­gy­ dag­lar­dan­ aşyp,­ yk­lym­lara­ ýaý­rap­dyr.­ Ze­mi­niň­ çar­ künjeginden­ onuň­ ýa­nyna­ gel­ýän­ nä­sag­dyr­ ke­sel­ bent­le­riň­ yzy­ üzül­mändir. Golaýdakylar pyýadalap, uzakdakylar kölügdir­ ula­ga­ at­la­nyp,­ te­bi­biň­ how­lu­sy­na­ ta­rap­a akyn eder­ eken­ler.­ Ep­-es­li­ wagt­lap­ bu­ ýag­daý­ şeý­le do­wam­ edip­dir:­ her­ gezek­ has­sa­ bi­ri­ ge­len­de tek­je­dä­ki­ çüý­şe­le­riň­ bi­ri­ ýe­rin­den­ ça­la­ gozganar ekeni.

Gün­le­riň­ bi­rin­de­ özü­ni­ nä­hoş­ duý­ýan­la­ryň­ bi­ri­ ge­lip,­ te­bi­be­ ar­zy­ny­ aý­dyp­ baş­lap­dyr.­ Bi­tap me­jal­syz­dy­gy­ny,­ reňňi­-ro­ýu­nyň­ gün­-gün­den­ saralyp barýandygyny, horlanýandygyny aýdypdyr.­ Te­bip­ bu­ has­sa­ny­ göz­den­ ge­çi­rip­ baş­lap­dyr,­ ara­syn­da­ hem­ mahal­-ma­hal­ tek­je­le­re­ na­zar­ aýlaýarmy­şyn.­ Em­ma­ tek­je­ler­dä­ki­ çüý­şe­le­riň­ bi­ri hem­ goz­gan­man­dyr.­ Te­bip­ ulu­dan­ de­mi­ni­ alypdyr­da:


—­Se­niň­ der­ma­nyň­ men­de­ ýok­—­di­ýip­dir.


Bu­ söz­ler­ ýa­raw­syz­ ada­ma­ has­da­ ýokuş­ degip­dir.­ Gy­na­nyp­dyr,­ gaý­gy­ edip­dir.­ Maş­ga­la­sy­ny,­ yzyn­da­ gal­jak­ zür­ýat­la­ry­ny,­ ýa­kyn­la­ry­ny­ ýat­lap gaýgylanypdyr. Olary gynandyrasy hem gelmeýän eke­ni,­ şo­nuň­ üçi­nem­ gelen­ ili­ne­ ta­rap­ däl­de,­ baş­ga­ bir­ ug­ra­ üm­dü­zi­ne­ tut­du­ryp­ gi­di­be­ripdir.­ Işdä­si­-de­ ýok­ eke­ni,­ iýi­bem­-iç­män­dir.­Ha­lys reň­ki­ agyp,­ tap­dan­ dü­şüp­dir.­ Bir­ aga­ja­ ar­ka­sy­ny di­räp,­ de­mi­ni­ dürsemä­ge­ otu­ryp­dyr.­ Şol­ wagt­ şol­ go­laý­dan­ bir­ go­ýun­ ço­pa­ny­ goýundyr­-ge­çi­lerini sürüp, geçip barýan ekeni. Bu biçärä nazary­ kaklyşan­dan­ oňa­ ýar­dam­ ede­si­ ge­lip­dir.­ Ge­çi süý­dü­niň­ em­ bol­ja­gy­na­ düşü­nip­dir,­ ýö­ne­ süý­di sa­gar­ ýa­ly­ gap­ tap­man­dyr.­ Ahy­ry­ bir­ ma­lyň­ Güne kakap galan kelle çanagyny tapypdyr. Geçisini­ sa­gyp,­ süý­di­ onuň­ go­la­ýyn­da­ go­ýup­ ötä­ gi­dipdir.­ Ýarawsyz­ adam­ ys­gyn­my­dar­syz­ oňa­ ta­rap süý­şe­nek­läp­ baş­lap­dyr,­ em­ma ni­re­den­dir­ bir­ ýer­den­ bir­ apy­ ýy­lan­ peý­da­ bo­lup­dyr­da,­ ýaň­ky ge­çi­ süýdüniň­ äh­li­si­ni­ içip­dir.­ Ýa­raw­syz­ adam mej­bu­ry­ sak­lan­ma­ly­ bo­lup­dyr.­Daş­ alyp,­ýy­la­na ataýsamam diýipdir-de, ýene-de gorkusyndan el­he­der­ edip­dir.­ Ýaň­ky­ ýy­lan­ bol­sa­ bir­ zat­ tapynan­ ýa­ly­ bo­lup,­ içen­ süýt­le­ri­niň­ äh­li­si­ni­ kel­le­çana­ga­ —­ yzy­na­ gaý­ta­ryp­dyr.­ So­ňam­ bir­ ýer­le­re sumat bolupdyr. Ýarawsyz adam ýylan zäheri bilen garym - gatym bolan geçi süýdüne biraz sere­dip­ du­rup­dyr.­ So­ňam:­ «Bu­ bo­lup­ ýör­şü­mem­ ýa­şa­dygym­ däl.­ «Nä­me­bol­sa,­ şol­bol­sun!»­edip,­ süý­di­ içe­ýin­de­ dy­na­ýyn di­ýip,­ ýaň­ky­ kel­le­ça­na­gy­ so­ňu­na­ çen­li­ ba­şy­na­ çe­kip­dir.­ So­ňam­ özün­den­ gi­dip,­ uk­lap­ ga­lyp­dyr.­ Nä­çe­ wagt­ ýa­tany­ bel­li­ däl,­ özü­ne­ ge­len­de­ en­dam­ ja­nyn­da­ birjik­de­ agy­ry­ duý­ma­ýan­ eke­ni.­ Go­laý­da­ky­ gü­ze­re ba­ryp,­ suw­dan­ gan­mak­ is­läp­dir.­ Suw­da­ keş­bi­ni gö­rüp,­ mu­ňa­ ha­sam­ be­ge­nip­dir,­ se­bä­bi­ reň­ňi ro­ýu­na­ tä­ze­den­ jan­ gi­ren­ ýa­ly­ eke­ni.­ Häl­ki­ ýaraw­syz­—­ ýaň­ky­ sa­ga­lan­ adam­ te­bi­biň­ ýa­ny­na do­la­nyp­dyr.­ Ge­le­-gel­mä­ne­de:

—­Ha­ny,­me­niň­ der­ma­nym­ ýok­ diý­ýä­diň­le...­Ine,­ se­ret,­ der­ma­nym­ bar­ eken­ä...­—­di­ýip,­ sug­şu­ryp­ baş­lap­dyr.


—­Ýok,­beý­le­ däl.­ "Se­niň­ der­ma­nyň­ hiç­ýer­de­ ýok" diý­me­dim.­ Di­ňe­ "Se­niň­ der­ma­nyň­ men­de­ ýok" diý­dim.­Sa­ňa­ nä­mä­niň­ ge­rek­di­gi­ni­ bil­ýärdim,­ ýö­ne­ ge­çi­niň­ il­kin­ji­ owuz­ süý­dü­ni­ ýaş­ ýylanyň­ zä­he­ri­ne­ ga­ryp,­ üs­tün­den­ ýyl­lar­ aşan­ bir ma­lyň­ kel­le­ça­na­gyn­da­ içir­mek­—­ me­niň­ elimden­ gel­jek­ zat­ däl­di.­ Şo­nuň­ üçi­nem­ "Se­niň­ derma­nyň­ men­de­ ýok" diý­dim.­ "Ýe­ri­ aýt­sa­na,­ sen bu­ zat­la­ry­ nä­dip­ ta­pyp­ bil­diň?" —­ di­ýip,­ te­bip on­dan­ so­rap­dyr.­ Ol­ adam­ äh­li­ wa­ka­ny­ bol­şy­ ýa­ly gür­rüň­ be­rip­dir.­ Te­bip­ bo­lan­ zat­la­ra­ haý­ran­ galyp­dyr:


—­ Yn­san­ hem­me­ za­dy­ aky­ly­ bi­len­ ýer­be­-ýer­ edip­ bil­me­ýär,­ em­ma­ Biribaryň­ bu­ zat­la­ry saz­laý­şy­na,­ ga­bat­ ge­ti­ri­şi­ne­ se­ret­ ahy­ry.­ Ze­min te­bip­le­ri­ as­gyn­ gel­se­de,­ as­man­ te­bi­bi­ he­mi­şe hem­me­ za­da­ höt­de­ gel­ýän­dir.­ Esa­sy­ zat,­ nä­hi­li­ ýag­daý­da­dy­gy­ňa­ ga­ra­maz­dan,­ hiç­ wagt­ umytdan­ düş­me­li­ däl­dir.­ "Iň­ ýo­kum­ly­ der­man­—­umytdyr" —­ di­ýip,­ te­bip­ jo­gap­ be­rip­dir.

31
182
blue_sky
05.07.2023 14:32

Gülmek Ömürden

1. Iki sagatlap biriniň gepini edip soňundanam 'bolýalay şoň gepini etmäli' diýýänlere türkmen daýzalary diyilýär 😁


2. Bir adam ýolda maşynly barýarka birden ýol heläkçiligine uçraýar. Ýöne ol adama hic zat bolmaýar. Ol adam maşynyň içinden zordan çykyp barýarka

Muny gören goňşysy;

- Amannazar😱 seni Hudaý sowupdyrla!

+ Häää?😮‍💨

- Seni Hudaý sowpdur diýýän!

+ Aý şeýledirleý ýogsam gönije - de gidip barýadym🤦

40
591
blue_sky
26.06.2023 16:13

Bir gün Görogly Gyraty bilen söýýán gyzyň öýüne barýar, söýgúlisi 7nji etažda ýaşaýan eken, şol gün hem öýde ýeke eken. Soñra Görogly: Gyratyna ýüzlenip sen balkonuñ aşagynda garaş birden biri gelse men señ üstüňe bökerin diýýär, Gyrat hem muňa razy bolýar, Görogly söýgülisi bilen gürrüň edip durka birden gapy kakylýar. Görogly aljyrap özüni aşak oklaýar, söýgülisi gapyny açsa :-Gyrat, Görogla Aýt daşarda ýagyş ýagýar, men podýežde garaşaryn diýämiş.

34
508
blue_sky
24.06.2023 17:12

Tokaýlar we agaçlar.


1. Dünýädäki in beýik agaç Amerikada ösýär we beyikligi 115 metre ýetýär.


2. Her ýyl dünýäde 100 milliona golaý agaç ýok bolup gidýär.


3. Dünýädäki agaçlaryň umumy sanynyň diñe 7% -i adamlar tarapyndan ekilipdir.


4. Bir albom sahypasyny ýasamak üçin 15-20 gr agaç gerek bolýar.


5. Tokaý zolagynyň 50% -i tropiki tokaýlar bilen örtülendir.


6. Agaçlaryň in gymmatly görnüşi mahoganidir.


7. Baobab agajy göwresinde 120,000 litr suw saklap bilýär.


8. Şwesiýada tokaýdaky agaçlaryň üstünde duran otaglardan ybarat “tree hotel" atly myhmanhana bar.

15
127
blue_sky
22.06.2023 01:53

"BU ÇAGANYŇ BAŞYNDA, AÇLYKDAN ÖLMEGINE GARAŞÝAN MASLYKÇY GUŞ" Suratyň täsirli manysy bilen "Pulitzer" baýragyny alan Kevin Carteriň bu fotosuraty onuň öz janyna kast etmegine getirendir.

Adamlaryň arasynda bu surata erbet baha berýänler hem bolupdyr. Sebäbi "Bu pursady surata almagyň deregine ol gyza näme üçin kömek etmediň?" ýaly agyr tankytlara sezewar bolýardy. Kevin Carteriň olara beren jogaby:

- Men profesýonalny fotosuratçy, kömekçi işgäri däl.

Bu wakadan soň agyr depressiýa giren Kevin Carter Aradan birnäçe wagt geçensoň bir maşynyň içinde öz janyna kast edilen ýagdaýda tapyldy.

18
298
blue_sky
21.06.2023 11:39

Buruna görä adamyň häsiýeti.


Büyük burun (yagny uly burun)1-nji surat.

Uly burunly adamlar uly zehine mynasyp adamlar. Bu adamlar başgalaryna daýanmagy halamaýarlar käwagt hem egoist häsiýetine eýedirler.

1nji suratdaky ýaly adamlar -

Siz her meselede öz sesiňizi we pikiriňizi eşitmegi halaýarsyňyz. Başgalaryna ynanmagy halamaýarsyňyz munuň üçin elmydama oz güýjüňize daýanýarsyňyz. Şoň üçin başgalaryna kömek sorap yüz tutmagy halamaýarsyňyz .Biri sizden bir zat islese derrew etmane howlukmaýarsyňyz.


Etli burun 2 nji surat.


Beýle adamlar duýguçyl we dykgatlydyrlar.Albert Eýinşteýn hem etli burun toparyna degişlidi.Jomart, akylly, näzik, manyly, zehinli adamlar toparyna degişlisiňiz. Mundan başga-da çalt

pikirlenmegi başarýarsyňyz. Görüş güýjüňiz we pikirlenişiňiz ajaýyp. Haýsy hem bolsa bir meselede bir pikir aýdanyňyzda şona delil bermäni halamaýarsyňyz. Käwagt çalt gaharlanýarsyňyz.


Roman burun 3 nji surat.

Roman burunly topara degişli adamlar salyhatly adamlarsyňyz. Şeýlede özdiýenli, maksadaokgunly, edermensiňiz. Öz maksadyňyza ýetmek üçin dürli ýollardan üstünlikli geçýärsiňiz. Mundan başga-da dünya täzeliklerinden habarly bolmagy halaýarsyňyz munuň netijesinde siz elmydama öňde we pikirleri çalt bermage mynasyp.


Ýuwarlak burun (ýagny tegelek burun) 4 nji surat.


Beýle adamlar ýaratyjy, ynandyryjy, söýgi doly we salyhatlydyr. Şeýlede duygy meselelerinde derrew gara pikirde bolýalar erbet zatlary pikir etýäler ýagny, negatiw düşünjelidirler. Mundan başga-da kä ýagdaýlarda şeýle sadyýandyrlar we hemmäni güldürmegi başarýarlar. Hem negatiw düşünjeli hem pozitiw düşünjeli bolup bilýärler.


Gaga burun (ýagny 5 nji surat).


Gaty güýçli bolýar.

Ýagny Siz-

Birine garaşly bolmagy halamaýarsyňyz. Özüňizi gerekli we hormatly adam hökmünde göryärsiňiz. Hemme kişiniň ýolundan dalde öz yoluňuzdan gitmegi halaýarsyňyz. Köpçüligiň düzgünlerine eýermegi halamaýarsyňyz.

23
430
blue_sky
20.06.2023 03:29

Bal bilen garynja mysaly.

Bir gün ýere bir damja bal damýar. Kiçijek bir garynja gelýärde balyň tagamyny datýarda gidýär. Baly halapdy. Belli bir wagtdan soň ýene gelýärde biraz iýýär. Gidesi geldi ýöne bal süýji gelipdi. Näme etse-de uzaklaşyp bilmedi. Özüni balyň lezzetine gapdyryp balyň içine girdi. Ýöne näçe synanyşsa-da içinden çykyp bilmedi. Çykjak bolup dyrjaşdygyça içine çümdi. Şeýdibem balyň içinde jan berdi. Eger-de garynja özüne yeterlik derejedäki bal bilen oňňut etsedi ölmezdi.

____________________________________________

Alymlaryn birisi şeýle diyyär.....

Dünýä ullakan bir bal damjasydyr. Kim ondan özüne ýetjek derejede peýdalansa halas bolar. Kim-de oña çümäýse, garynja mysaly çümdükçe çümer we heläk bolar.....

59
465
blue_sky
17.06.2023 19:42

Filosofiki adamlaryň pelsepewi sözleri !!!


1. Öwreder, ýöne öwredenini (hiçkime) aýtmaýar.(KITAP)


2. Hemme adamlar "original" dogulýarlar. Emma olaryň köpüsi; "Kopiýa" bolup ölýärler. - William Lake.


3. Käbir zatlar çalt gutarýar. Çilim, çaý, uky, halaýan aýdymyňyz ... Bularyň hemmesi çalt gutarýar. Çalt ýaşasaň, durmuş çalt gutarýar, söýgiňi köp berseň, söýgi hem çalt gutarýar - For hope.


4. Unudyp gülmek, ýatlap gynanmakdan has gowydyr - Kristina G. Rossetti.

21
352