blue_sky
18.07.2023 20:26

Ylym hakda aýdylanlar 2nji bölüm.


Ylmyň beýik derejesinden diňe nadanlar bihabar bolýar. Sebäbi ylmyň­ bilimiň derjesine di­ňe ylym arkaly düşünip bilinýär. Nadanlar özlerini üstün derejä ýetirjek aň­-bilimden mahrum bolandygy üçin ylmyň düýp peýdasyna düşünmeýärler. Nadanlar alymlara­-da mynasyp hormat goý­mazlar. Olar nebisleriniň höwes edýän mal­-mülküni hem­-de göwünleriniň isleýän delje zatlaryny edinmegi has peýdaly görýärler, şol zatlar bilen meşgullanmagy has laýyk hasaplaýarlar.


Ibn el­-Mugtez «Mansurul­ hykem» atly eserinde şeýle diýipdir: «Alym nadany tanar. Sebäbi alym hem öz döwründe nadan bolandyr. Nadan bolsa alymy tanamaz, çünki ol hiç wagt alym bolan däldir». Bu aýdylan söz hakykata laýykdyr. Şonuň üçin takwa adamlaryň gadagan edilen zatlardan gaça duruşlary, keçjal adamlaryň bolsa hakykatdan bo­ýun gaçyryşlary ýaly, nadanlar ylymdan we ylym eýelerinden uzakdadyrlar. Sebäbi bir zada akyl ýetirmeýän kişi şol zada duşmançylykly garaýar.


Büzürgmehirden: «Ylym has gowumy ýa­-da baýlyk?» diýip sorapdyrlar. Ol «Ylym» diýip jogap beripdir. «Onda näme üçin alymlary baýlaryň gapysynda görýäs, emma alymlaryň huzuryna baran baýlary görmek gaty çetin?» diýip, ýene­de oňa sowal beripdirler. Büzürgmehir bu sowalada şeýle gaýtargy beripdir: «Munuň sebäbi, alymlaryň baýlygyň bähbidine düşünýänligi, baýlaryň bolsa ylmyň pazylatyny bilmeýänligidir».


Danalaryň birinden: «Näme üçin ylym bilen baýlyk bir ýerde jemlenip bilmeýär?» diýip


soralanda, ol: «Kämilligiň beýikligi sebäplidir (ýagny ylmyň hem baýlygyň bir kişide jemlenmegi kämillikdir, bu kämillige ýetip bilmek bolsa adatdan daşary zatdyr)» diýip jogap beripdir.


Adamlaryň käbiri güzeran aladasy netijesinde ylym bilen meşgullanmaga wagt tapanoklar. Eklenç aladasy bilen ylym öwrenmäge wagt tapmazlyk öňe sürülýän beýleki bahanalara garanda, bagyşlanmaga has mynasyp sebäpdir. Emma wagtyň bir bölegini ýokdan bar edip, ylma sarp etmek iň haýyrly işdir. Sebäbi gazanç edýän adam wagtynyň hemmesini gazanç etmek bilen geçirýän däldir. Işläp gazanç edýän adamyňam belli bir pursatda rahatlyk çagy, dynç güni hökman bardyr. Kimde­-kim başga zatlar üçin boş wagt galdyrman, bar wagtyny işe­-gazanja sarp

edýän bolsa, onda ol ynsan nebsiniň ýesiri boldugy bolýar. Hezreti Muhammet pygamberimiz şeýle diýipdir: «Her bir zadyň öz döwri bardyr, kim wagtyny ylma sarp edýän bolsa üstünlik gazanar».


Bir adam Abu Hüreýra: «Meniň ylym öwrenesim gelýär, emma wagtyň geçmegi bilen ony ýadymdan çykararyn öýdüp gorkýaryn» diýipdir.

Abu Hüreýra bolsa: «Ylmy ýitirerin diýen howatyryň ony ýitirmek howpundan agyrdyr, bu ylmy inkär etmekdir» diýip jogap beripdir.


Elbetde, bir adamyň zehini beýleki bir adamyňkydan artygrak bolýar, ynsanlar akyl ýetirijiligi taýdan biri­birinden tapawutly bolýar. Muňa garamazdan, zehin üleşiginden nesibesi az bolan kişiler hem nadanlygyň çäklerinden çykyp, ylym bilen tapawutlanmagyň, bolmanda iň bärki çägine ýetmelidir. Şonuň üçin ol kişiler ylmy kabul edip bilşiniň pesligi ýa­-da düşünişiniň ýüzleýligi sebäpli umytsyzlyga düşmeli däldir. Çünki suw hem özüniň şol gowşak haly bilen kert gaýalara täsirini ýetirýändir. Eýsem, päk ylym özüni arzylaýan we ugrunda erjellik görkezýän kişä, aýratyn­da, yhlasly ylym öwrenijä neneň täsir etmesin. Hezreti Muhammet pygamberimiz şeýle diýipdir: «Perişdeler ylym öwrenýän kişiniň ylma bolan hö­wesi sebäpli ondan razy bolarlar, ony öz ganatlarynyň astyna alarlar, oňa howandarlyk ederler»

25
91
blue_sky
18 Iýul 2023
Az like gelýänligi üçin başga tema barada post goýjak🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.