Ylym hakynda aýdylanlar.
Şuny bilgin: Ylym höwes bildirilýän zatlaryň
iň mertebelisidir, islenilýän we özüne çynlakaý çemeleşilýän zatlaryň iň gowusydyr, gazanylýan hem edinilýän zatlaryň iň peýdalysydyr. Sebäbi ylmyň mertebesi eýesine hasylyny mydama berip durýar, onuň gadyr-gymmaty hyrydarynyň gözünde hemişe artýar.
Kuranda şeýle diýlipdir: «(Eý, pygamberim!) Aýt: Eýsem, bilýänler bilen bilmeýänler deň bolup bilermi?(Zümer süresi, 9-njy aýat). Beýik Biribar alym bilen nadany deň tutmagy gadagan edipdir. Çünki alyma ylmy bilen oýlanmak, döretmek, bilmek derejesi berlen, şeýle hem, ol aýratyn hormat goýlup tapawutlandyrylan ynsandyr.
Mukaddes kitabyň başga bir aýatynda şeýle diýilýär: «Ybrat hökmünde getiren mysallarymyza (beren öwütlerimize) diňe alymlar akyl ýetirer». (Ankebut süresi, 43-nji aýat). Bu ýerde Ýaradanyň buýran hemde gadagan edilen zatlara diňe alymlaryň dogry düşünip, akyl ýetirip biljekdigi beýan edilipdir.
Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Ýaradan Ybraýym pygambere şeýle habar (wahyý) iberipdir: «Men Alymdyryn (hemme zady bilijidirin), ähli alymlary hem halaýandyryn».
Musgap ibn Zübeýr öz ogluna şeýle diýipdir: «Ylym öw ren! Eger mal-mülküň bolsa, ylym seniň üçin zyýada gözellik bolar. Mal-mülküň bolmasa, ylym seniň üçin baýlyk bolar».
Abdulmelikibn Merwan bolsa perzentlerine şeýle sargyt edipdir: «Eý, ogullarym! Ylym öwreniň! Şeýlelik bilen, eger höküm edýän adamlardan bolsaňyz, özüňize kybap kişilerden beýik bolarsyňyz. Eger orta gürp bolsaňyz, ylmyňyzyň artykmaçlygy bilen höküm edýänlerden bolarsyňyz. Eger ýönekeý halkdan bolsaňyz, ylymlylygyňyz bilen rahat ýaşarsyňyz».
Akyldarlar şeýle diýipdirler: «Ylym hiç könelişmeýän abraýdyr, edep hem ýitirmek howpy bolmadyk baýlykdyr».
Edebiýat ussatlarynyň aýdan şeýle sözi bar: «Ylym iň gowy mirasdyr, onuň bilen iş amal etmek bolsa iň oňat abraýdyr».