bibis
21.07.2023 12:43
Duhowkada kartoşkaly kotlet

Içindäkiler — Duhowkada kartoşkaly kotlet taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


300 gram üwelen et

1 sogan

4 diş sarymsak

1 ýumurtga

100 gram çörek

2 çemçe tomat

Duz, burç, petruşka


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Petruşka, sogan we sarymsagy blenderde ownyk dogramaly.


2. Ýumurtga, üwelen et, soganly garyndy, duz, burç bir gapda garmaly. Çöregi hem blenderde aýry dogramaly we kotlede goşup garmaly.


3. Kartoşkany inçe tegelek şekilde kesmeli.


4. Kotledi kiçiräk edim tegelek etmeli we kartoşka biilen gezekleşdirip bişirýän gabymyza örmeli.


5. Ortasynda boşluk galsa bolgar burç we pomidor goýmaly.


6. Bir gapda suw bilen tomaty garmaly we duz goşmaly. Bişirýan gabymyza guýmaly.


7. Multiwarka \"Wupeçka\" rejimde ýa-da duhowkada 40 minut bişirmeli.


8. Ýanyna gaýnadylan tüwiden garnir edip saçaga goýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn.
14
78
bibis
20.07.2023 16:45
Bägül şekilli almaly ştrudel

Ştrudel – dürli naçinkaly, köplenç almaly, hamyrdan rulet şeklinde bişirilýän süýji desert. Ştrudel Awstriýada, Wengriýada, Germanýada, Çehiýada örän meşhur. Köplenç almaly, armytly we üljeli ştrudeller bişirilýär. Ştrudeliň ilkinji bilinýän resepti 1696 ýylynda Wenada çap edilen, awtory näbelli bolan, reseptler kitabynda duşýar.

Men siziň bilen almaly ştrudeliň bägül şekilli bişirilişini paýlaşjak.


Içindäkiler — Bägül şekilli almaly ştrudel taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


50 gram maňyz (arahis)

50 gram kişmiş

3 sany alma

200 gram şeker

1 çaý çemçesi şeker tozy

1 çaý çemçesi koritsa

40 gram mesge


Hamyr üçin:


150 gram un

100 ml suw

1 çemçe ösümlik ýagy

duz


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Ýumşak hamyr ýuwurýas we otag ýylylygynda 1 sagat pakeda orap goýýas.


2. 1 alamny ortasyndan ikä kesip, çigidini aýyrmaly. Inçe ýarym tegelek şeklinde kesmeli. 1 litr suwa 100 gram şeker goşup otda gaýnatmaly. Ýarum tegelek şeklinde kesilen almalary gaýnaýan suýji suwda 2-3 minut saklap çykramaly we sowatmaly.


3. Beýleki 2 almany kiçi kubik şeklinde dogramaly. Içine owradylan maňyzy, galan 100 gram şekeri, koritsa, kişmiş goşup naçinkany garmaly.


4. Mesgäni haýal otda eretmeli.


5. Hamyry köpräk un bilen inçejik edip ýaýmaly we 25 santimetr uzynlykda 10 santimetr inli lenta şeklinde kesmeli. 6-7 bölek bolýar.


6. Bägülleri ýasaýas. Ýaýylyp kesilen hamyra mesge çalmaly, inçejik edip maňyzly almaly naçinkany goýaly. Ýokarky bölegine alma halkalary ýarym santimetr çykar ýaly edip goýmaly. Aşakdan 1 santimetr bükmeli we towalak edip dolamaly. Bägül şeklinde ştrudeli dikligine ýagly gaba ýada ýagly kagyza goýmaly. Gowy bişer ýaly bägülleri kiçiräk etmeli.


7. Duhowkada 180 derejede 25 minut bişirmeli. Çykaran soň galan eredilen mesgäni ütüne çalyp şeker tozy sepmeli.


8. Ştrudeli ýylylygyna iýmeli. Bägül şekilli şrtudeller owadan we örän tagamly. Işdäňiz açyk bolsyn.
16
55
bibis
19.07.2023 09:18
Sosiskaly pizza

Içindäkiler — Sosiskaly pizza taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


3 stakan un

Ýarym paket hamyr maýa

50 ml zeýtun ýag ýa-da ösümlik ýag

Duz

Suw


Sousy üçin:


1 çemçe tamat

1 pomidor

2 diş sarymsak

zeýtun ýag

duz we gara burç


Üsti üçin:


Bolgar burç

1 pomidor

2-3 sosiska

Peýnir

Mekge, gara zeýtun konserwa


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Uny bir gaba alyp duzlamaly, ortasyny açmaly we hamyrmaýany goýmaly, hamyrmaýanyň üstüne zeýtin ýagyny guýmaly we azajyk ýyly suw guýup maýany elimiz bilen eretmeli. Hamyry garmaly we ýumşak hamyr etmeli. Hamyry maýalanar ýaly aýyryp goýmaly.


2.Sousy üçin pomidoryň gabygyny aýyryp kombaýna (blender) goýmaly, içine sarymsak, tomat we zeýtinýagyny goýup işletmeli. Duz we gara buç goşmaly.


3. Üstüne goýmaly bolgar burç, sogan, gara zeýtun, sosiskany inçe dogramaly. Peýniri syhahdan geçirmeli.


4. Hamyry apelsin ululygynda bölup inçe edip ýaýmaly, ýelmeşmez ýaly üstüne un sepmeli. Duhowkanyň protfinine ýagly kagyz ýazyp üstune goýmaly. Üstüne sousy tekiz edip ýaýratmaly. Peýniri deň edip sepmeli we üstüne goýjak zatlarymyzy ýeke ýekeden owadanlap goýmaly.


5. 240 dereje gyzdyrylan duhowkada hamyr gyzarýança bişirmeli.
13
49
bibis
18.07.2023 15:58
Şugundyr salat

Şugyndyr witaminlere baý ösümlik bolany sebäpli gadymdan bäri derman hökmünde ulanylyp gelýär. Ýapraklaryndan salat, kökünden – salat, çorba, zakuska, napitok we desert taýynlap bolýar. Bu reseptde iň köp duş gelýän şugundyr saladynyň taýynlanyşyny siziň bilen paýlaşmakçy.

Içindäkiler — Şugundyr salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

3 sany şugundyr.
Ýarym limonnyň suwy.
3 nahar çemçe ösümlik ýagy.
Hoz.
Duz.

Taýynlanyşy / bişirilişi

1. Şugundyry ýuwyp bir gazana goýuň. Üstüne sowuk suw goşup orta otda ýunşaýança gaýnadyň, takmynan 25 minut. Eger witaminlerini goramak islesiňiz gaýnatmagyň ýerine mantgazanda buga bişirip bilersiňiz.

2. Suwuny döküp sowuk ýa-da buzy suw guýmaly. Bularýaly edilende şugundyr goýy gyzyl reňkini ýitirmeýär. Şugundyryň daşyny ardyp iri syhahdan geçirmeli.

3. Ösümlik ýagy, limon we duzy aýry bir gapda gowyja garyp şugundyra goşmaly. Owradylan hozy hem goşmaly we salady garmaly. Işdäňiz açyk bolsyn.
14
38
bibis
17.07.2023 09:26
Etli owadan somsa

Köplenç üçburç şekilde görmäne öwrenşen somsalarymyzy uzynja örülene meňzeş edilip bişiriliş resepti.


Içindäkiler — Etli owadan somsa taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


300 gr. üwelen sygyr eti (yada islegine görä et)

250-300 gr. sogan

Duz we burç islege görä goşup bilersiňiz

1 yumurtga sarysy üstüne çalmaga


Hamyry üçin:


500 gram mesge ýa-da margarin

3 stakan un

200 ml. otag temperaturada suw

1 yumurtga

1 nahar çemçesi limon kislotasy

0.5 çemçe duz


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Hamyry üçin gerekli azyk önümlerini goşup garmaly.


2. Sogany ownuk dograp üwelen et bilen garmaly, duz burç islege görä goşmaly.


3. Hamyry kiçi böleklere bölüp inçe edip açmaly. Içine eti goýup iki gyrasyny bezäp ortada bolar ýaly edip birleşdirmeli.


4. Protwine ýag çalmaly we bükülen somsalary düzmeli. Ýalpyldar ýaly somsalaryň üstüne ýumurtganyň sarysyny çalmaly.


5. Höwür peçde (duhowka) 220 gradusda 30 minut üsti gyzarýança bişirmeli.
16
58
bibis
15.07.2023 07:45
Ýaprak Dolamasy

6-8 adamlyk

100 sany üzüm ýapragy
3 nahar çemçesi dogralan täze şibit
3 nahar çemçesi dogralan täze petruşka
1 sogan
3 diş sarymsak
2 nahar çemçesi limon suwy
600 gr (3 bulgur) tüwi
1 kg üwelen sygyr ýa-da goýun eti
3 nahar çemçesi tomat
1 çaý çemçesi duz
1 çümmük gara burç
1 çümmük gyzyl burç

Üzüm ýapragyny 5-10 minutlap gaýnan suwda goýmaly. Eger-de bankada ýapylan üzüm ýapragyny ulanýan bolsaňyz, ony (artykmaç duzy gider ýaly) birnäçe gezek ýuwuň. Soň ýapragy guradyp, gaty baldagyny aýryň.

Şibitdir petruşkany, sogany, sarymsagy ownuk dograp, üstüne limon suwuny guýmaly we tüwi atmaly. Soň olary üwelen et, tomat, duz, burç bilen garmaly.

Bir ýapragy alyp, ýylpyldawuk tarapyny aşak edip, gapagyň üstüne ýazmaly. Bir nahar çemçesiniň dolulygyndaky etli garyndyny üstünde goýup, ýapragyň iki gyrasyny garyndynyň üstüne epläp, gowy edip dolamaly.

Ýyrtylan ýapraklary, dolama ýelmeşmez ýaly, gazanyň düýbüne düşemeli we dolamalary endiganja edip ýerleşdirmeli. Bir çümmük duz sepip, dolamanyň üstüne çykar-çykmaz suw guýmaly. Dolamalar açylyp dargamaz ýaly, üstüne tarelka düňderip, gazanyň gapagyny ýapmaly we ýokary otda gaýnatmaly. Soň dolamanyň oduny peseldip, orta otda 45-50 minut çemesi, ýagny suwuny çekýänçä bişirmeli. Dolama saçaga äberilende üstüne gatyk guýulýar.
15
47
bibis
14.07.2023 12:32
Fitçi

Fitçi 1970-nji ýyllarda daşarda iýilýän naharlardan iň yörgünlisi boldy. Şol wagtky fitçiler häzirki fitçilerden ulurak we has soganly bolýardy. Häzirki fitçi gaplary 14 sm ululykda, ýöne bu reseptde gaplaryň ululygy 10 sm. Fitçi sany 10 sany.


Içi üçin:

500 gr sygyr ýa-da goýun eti
50 gr guýruk ýagy
1 sogan
1 çaý çemçesi duz
¼ çaý çemçesi gara burç
8 nahar çemçesi suw

Hamyr üçin:


1 çaý çemçesi duz
300 ml (1⅕ bulgur) ýyly suw
2 nahar çemçesi ösümlik ýagy
500 gr (3⅓ bulgur) un

Mesge, fitçi gaplaryny ýaglamak üçin.


1. Eti, ýagy we sogany üwemeli ýa-da ownuk dogramaly. Onuň üstüne duz, gara burç sepip, suw guýup, gowy garmaly. Garyndyny deň 10 bölege bölmeli.


2. Hamyra gerek önümleri bir uly tabakda garyp, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry 6 uly we 6 kiçiräk bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly we olaryň üstüni saçak bilen ýapyp, 5 minut goýmaly.


3. 10 sm ululykdaky fitçi gaplaryna azajyk mesge çalmaly.


4. Uly hamyr böleklerini 15 sm tegeleklikde ýaýyp, gaplaryň içine ýazmaly we olaryň içine et ýaýratmaly. Kiçi hamyr böleklerini 12 sm tegeleklikde ýaýyp, gaplaryň üstüne ýapyp, gyralaryny bükmeli. Soňra gaplaryň üstünden oklaw yöredip, gyralaryndaky hamyry aýyrmaly. Galan hamyr böleklerini düýrlemeli we gaýtadan ulanmaly (galan hamyrdan 4 fitçi bolýar).


5. Fitçileri wilka bilen dürtüp, ýüzlerine suw çalmaly. Olary ojagyň ortaky gatynda goýup, 200°C (392°F) gyzgynlykda ýüzi gyzarýança (25-30 minut) bişirmeli.


Işdäñiz açyk bolsun!!
26
246
bibis
13.07.2023 11:05
Gamburger

Öýde taýynlanan gamburger resepti, aňsat we lezzetli.

Içindäkiler — Gamburger taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary:

500 gram üwelen et
Duz, burç
1 sogan
1 pomidor
3 sany duzlanan hyýar
Salat ýapragy
Gamburger çöregi
Ketçup we maýonez islege görä
Suýuk ýag
3 sany kartoşka

Taýynlanyşy / bişirilişi

1. Üwelen eti duz we burç goşup garmaly.

2. Ýagly kagyza hamyr ýaly edip açmaly we uly käse bilen tegelek edip kesmeli. Mende 5 sanu tegelek boldy. Öwelen eti kagyzyň üstünde 1 sagat marozilnige goýmaly.

3. Kartoşkalary inçe dogramaly we ýagda gowurmaly.

4. Morozilnikdäki gamburger katletlerini ýagsyz skoworodkada iki tarapyna öwürip gowy edip bişirmeli.

5. Gamburger çöregini keseligine ikä kesmeli. Iň aşagyna salat ýapragyny, katledi, inçe kesilen pomidor, duzlanan hyýar, sogan goýmaly.

6. Islege görä ketçup we maýonez goşmaly we çöregiň üstüni ýapmaly. Işdäňiz açyk bolsyn.
14
93
bibis
12.07.2023 15:13
Şokoladly pesoçny köke

Süýji pesoçny köke ak we şokoladly hamyr bilen edilýän. Çagalar iýmäni halaýar.

Içindäkiler — Şokoladly pesoçny köke taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

24 sany köke üçin gerekli harytlar:

1,5 stakan un
Gabardyjy
Ýarym çaý çemçe duz
100 gram mesge
Ýarym stakan şeker
1 ýumurtga
3 çemçe süýt
Wanilin
170 gram şokolad

Taýynlanyşy / bişirilişi

1. Un, gabardyjy we duzy eläp bir gapda garmaly we bir gapdala aýyrmaly.

2. Oda ýylylygyndaky mesgäni şeker bilen garmaly. Ýumurtganyň sarysyny, süýt we wanilin goşup ýene garmaly. Un garyndysyny goşup gowy edip garmaly.

3. Hamyry iki bölege bölmeli. Şokolady mikrowolnowkada ýa-da suw banýasynda eretmeli we hamyryň birine goşmaly. Iki hamyram 30 minut holodilnikde sowatmaly.

4. Her hamyr bölegini aýry ýaýmaly. Birini beýlekisiniň üstüne goýup rulet etmeli we 1 sagat holodilnige goýmaly.

5. Hamyry 1 santimetr galyňlykda kesmeli we ýagly kagyz ýazylan protwine goýmaly. 200 dereje gyzdyrylan dohowkada 5-7 minut bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn!
12
68
bibis
11.07.2023 20:09
Italýan salady

Içindäkiler — Italýan salady taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

80gr zeýtun ýagly tuna balyk konserwasy
300gr çeri pomidor
1 bolgar burç
150gr mozarella peýniri şarik
85gr ýaşyl zeýtun
100gr rukolla
Seldereý
2 çemçe zeýtun ýagy

Taýynlanyşy / bişirilişi

1. Uly gaba gowy ýuwylan rukkolony goýýas. Çerri pomidory ikä kesip, mozarella peýniriniň suwyndan aýyryp rukkolonyn üstüne goýýas.

2. Bolgar burç we seldereýi inçe dogramaly we salatly gaba goşmaly. Zeýtuny suwundan aýyryp goşmaly.

3. Tuna balyk konserwasyny açyp balygy böleklere aýyryp saladyň üstüne goşmaly. Salada zeýtun ýagyne sepelemeli we çemçe bilen dykkatly garmaly.

4. Taýyn italýan saladyny tarelkalara goýmaly we saçaga äbermeli.

İşdäñiz açyk bolsun!!
7
32