bibis
20.07.2023 16:45
Bägül şekilli almaly ştrudel

Ştrudel – dürli naçinkaly, köplenç almaly, hamyrdan rulet şeklinde bişirilýän süýji desert. Ştrudel Awstriýada, Wengriýada, Germanýada, Çehiýada örän meşhur. Köplenç almaly, armytly we üljeli ştrudeller bişirilýär. Ştrudeliň ilkinji bilinýän resepti 1696 ýylynda Wenada çap edilen, awtory näbelli bolan, reseptler kitabynda duşýar.

Men siziň bilen almaly ştrudeliň bägül şekilli bişirilişini paýlaşjak.


Içindäkiler — Bägül şekilli almaly ştrudel taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


50 gram maňyz (arahis)

50 gram kişmiş

3 sany alma

200 gram şeker

1 çaý çemçesi şeker tozy

1 çaý çemçesi koritsa

40 gram mesge


Hamyr üçin:


150 gram un

100 ml suw

1 çemçe ösümlik ýagy

duz


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Ýumşak hamyr ýuwurýas we otag ýylylygynda 1 sagat pakeda orap goýýas.


2. 1 alamny ortasyndan ikä kesip, çigidini aýyrmaly. Inçe ýarym tegelek şeklinde kesmeli. 1 litr suwa 100 gram şeker goşup otda gaýnatmaly. Ýarum tegelek şeklinde kesilen almalary gaýnaýan suýji suwda 2-3 minut saklap çykramaly we sowatmaly.


3. Beýleki 2 almany kiçi kubik şeklinde dogramaly. Içine owradylan maňyzy, galan 100 gram şekeri, koritsa, kişmiş goşup naçinkany garmaly.


4. Mesgäni haýal otda eretmeli.


5. Hamyry köpräk un bilen inçejik edip ýaýmaly we 25 santimetr uzynlykda 10 santimetr inli lenta şeklinde kesmeli. 6-7 bölek bolýar.


6. Bägülleri ýasaýas. Ýaýylyp kesilen hamyra mesge çalmaly, inçejik edip maňyzly almaly naçinkany goýaly. Ýokarky bölegine alma halkalary ýarym santimetr çykar ýaly edip goýmaly. Aşakdan 1 santimetr bükmeli we towalak edip dolamaly. Bägül şeklinde ştrudeli dikligine ýagly gaba ýada ýagly kagyza goýmaly. Gowy bişer ýaly bägülleri kiçiräk etmeli.


7. Duhowkada 180 derejede 25 minut bişirmeli. Çykaran soň galan eredilen mesgäni ütüne çalyp şeker tozy sepmeli.


8. Ştrudeli ýylylygyna iýmeli. Bägül şekilli şrtudeller owadan we örän tagamly. Işdäňiz açyk bolsyn.
16
55
bibis
21 Iýul 2023
@guldesse, ahaa saol gulum. Eline saglyk. Hokman bisirersin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.