bibis
14.07.2023 12:32
Fitçi

Fitçi 1970-nji ýyllarda daşarda iýilýän naharlardan iň yörgünlisi boldy. Şol wagtky fitçiler häzirki fitçilerden ulurak we has soganly bolýardy. Häzirki fitçi gaplary 14 sm ululykda, ýöne bu reseptde gaplaryň ululygy 10 sm. Fitçi sany 10 sany.


Içi üçin:

500 gr sygyr ýa-da goýun eti
50 gr guýruk ýagy
1 sogan
1 çaý çemçesi duz
¼ çaý çemçesi gara burç
8 nahar çemçesi suw

Hamyr üçin:


1 çaý çemçesi duz
300 ml (1⅕ bulgur) ýyly suw
2 nahar çemçesi ösümlik ýagy
500 gr (3⅓ bulgur) un

Mesge, fitçi gaplaryny ýaglamak üçin.


1. Eti, ýagy we sogany üwemeli ýa-da ownuk dogramaly. Onuň üstüne duz, gara burç sepip, suw guýup, gowy garmaly. Garyndyny deň 10 bölege bölmeli.


2. Hamyra gerek önümleri bir uly tabakda garyp, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry 6 uly we 6 kiçiräk bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly we olaryň üstüni saçak bilen ýapyp, 5 minut goýmaly.


3. 10 sm ululykdaky fitçi gaplaryna azajyk mesge çalmaly.


4. Uly hamyr böleklerini 15 sm tegeleklikde ýaýyp, gaplaryň içine ýazmaly we olaryň içine et ýaýratmaly. Kiçi hamyr böleklerini 12 sm tegeleklikde ýaýyp, gaplaryň üstüne ýapyp, gyralaryny bükmeli. Soňra gaplaryň üstünden oklaw yöredip, gyralaryndaky hamyry aýyrmaly. Galan hamyr böleklerini düýrlemeli we gaýtadan ulanmaly (galan hamyrdan 4 fitçi bolýar).


5. Fitçileri wilka bilen dürtüp, ýüzlerine suw çalmaly. Olary ojagyň ortaky gatynda goýup, 200°C (392°F) gyzgynlykda ýüzi gyzarýança (25-30 minut) bişirmeli.


Işdäñiz açyk bolsun!!
26
246
dowletmyrat1990
15 Iýul 2023
@geldiyevna, Ýok brat ýalňyşdyň, Ahal
dowletmyrat1990
14 Iýul 2023
Guwadag ýadyma düşdaý 🤣
radnoy
14 Iýul 2023
Iýip bolyada onda🤤
dilo
14 Iýul 2023
👍
okayjy
14 Iýul 2023
Taýýar boldymaý 👀😅
bibis
14 Iýul 2023
@atakulyyewa_humay, owwa jany sag bolsun😇
atakulyyewa_humay
14 Iýul 2023
@bibis, gowy reseptler owretyar, bu fitçiň bişirişini hem One Turkmen kitchen saytynyn, 2014-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky sanynda owredipdi, ozunem bişirip görùpdim, şondan yadymda galypdyr
bibis
14 Iýul 2023
@atakulyyewa_humay, haa seylemi
atakulyyewa_humay
14 Iýul 2023
@bibis, Wii men size aydammoga bolmanda :), bu fitçiniň bişirişini öwreden gelnejemize aytyan.
bibis
14 Iýul 2023
@Ayjahan Spr 04, nos bolsun🤗😙
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.