bibis
23.08.2023 10:42

5 minutda köke


Taýynlamak we bişirmek aňsat tagamly köke resepti. Edip görüň we suratlaryny iberiň.


Içindäkiler — 5 minutda köke taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


1 paket (200 gram) mesge

1 stakan purda şeker

1 ýumurtga sarysy (agy ütüne)

1 paket gabardyjy paraşok

2 stakan Un

Üsti üçin döwülen hoz ýa-da funduk we şeker


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Öý ýylylygyndaky mesgäni, pudra şekeri bilen garmaly, ýumurtganyň sarysyny, un we gabardyjy paraşok goşmaly. Ýumşak hamyr etmeli.


2. Togalak şarikler edip üstüni ýumurtganyň agyna batyryp, şeker we hoz ownuklaryna bulamaly. 180 dereje gyzdyrylan duhowkada çala gyzarýanja bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.

15
46
bibis
22.08.2023 09:11

Badamjan-Burç Dolamasy


2 badamjan

3 bolgar burçy


Içi üçin


500 gr üwelen sygyr / goýun eti

5 nahar çemçesi tüwi

1 çaý çemçesi tomat

1 nahar çemçesi limon suwy

1 sogan

1 diş sarymsak

duz we gara burç (çen bilen)


Çorbasy üçin


2 nahar çemçesi ösümlik ýagy

2 pomidor

2 kartoşka

1 çümmük duz

suw


Taýýarlanyşy:


1. Burçlaryň sapyndan tutup, içine tarap basmaly we yzyna çekip çykarmaly. Soňra olaryň içindäki tohumlaryny aýryp, özlerini ýuwmaly. Badamjanlaryň hem sapyny aýryp ýuwmaly we soňra üçe bölüp, pyçak bilen içlerini oýmaly.


2. Badamjanyň içini, sogany, sarymsagy ownuk dogramaly, limon suwy guýmaly we olaryň üstüne tüwi atmaly. Soň bu garyndyny üwelen et, tomat, duz, burç bilen garmaly. Badamjan-burçlaryň içini etli garyndy bilen doldurmaly.


3. Gazana ýag guýup, pomidorlary ownuk dograp, 5 minut gowurmaly we oduny öçürmeli. Dolamalary gazanyň içine düzmeli. Kartoşkalaryň gabygyny artyp, böleklere bölüp, gazana atmaly, üstüne bir çümmük duz sepmeli we suw guýmaly. Suw dolamalaryň üstüne çykmaly. Dolama çorbasy gaýnap başlanda, oduny peseltmeli. Nahary badamjan we burç ýumşaýança bişirmeli.

15
50
bibis
21.08.2023 13:36

Maňyz goýaltmasy (арахисовая паста)


Maňyz goýaltmasy (pienut butter, арахисовая паста, arahis ýagy) 1884 ýylynda Kanadada döredildi. Gowrylan maňyz ýenjilip ýasalýar we tost çöregine çalynyp desert ýa-da ertirlik hökmünde iýilýär. Amerikada örän meşhur. Maňyz goýaltmasy protein, witamin we minarallara örän baý. 100 gramy: 22 gram belok (protein, белок), 51 gram ýag, 22 gram uglewod (carbohydrate, углевод), jemi 588 kcal.


Içindäkiler — Maňyz goýaltmasy (арахисовая паста) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


1 stakan gowrylan maňyz

2 çemçe ösümlik ýagy

1 çümmük duz

1 çemçe ary baly


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Maňyzy blenderde owratmaly.


2. Içine ýag, ary baly we duz goşup ýene garmaly. Eger goýy bolsa islegiňize görä ýene biraz yag goşup bilersiňiz. Balyň ýerine şeker ýa-da hiçzat goşman hem bilersiňiz.


3. Taýyn maňyz goýaltmasyny bir gaba goýyp ertirlik edineniňizde çörge çalyp iýäýmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.

19
51
bibis
19.08.2023 23:24

Almaly pirog


Howur peçde (duhowkada) täze bişen almanyň süýji wanilin bilen birleşýän ýakymly ysyny halaýaňyzmy? Onda bu almaly pirog resepti siziň üçin. Klassiki almaly pirogdan (şarlotka) tapawutly bu resept ýönekeý keks hamyryna edilen aňsat pirogyň tarypy.


Içindäkiler — Almaly pirog taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


3 alma (gaty sorty bolsa gowy)

3 ýumurtga

1 stakan seker

1 stakan un

100 mlg günebakar yagy

1 sany wanilin

1 sany gabardyjy


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Ýumurtganyñ agy bilen sarysyny aýyrmaly. Agy bilen sekeri mikseriň kömegi bilen çisyänçe garmaly.


2. Üstüne ýumurtganyñ sarysyny, un, ýag, wanilin, razryhlitel goşup garmaly.


3. Hamyry ýaglanan pirog bişirýän galybymyza salmaly.


4. Almalary inçe çilim şeklinde kesmeli we hamyryň üstüne owadan edip örmeli.


5. Duhowkanda 180 derejede 30 minut bişirmeli. Bişen pirogyň içine çöp sokup içiniň çyg däldigini barlamaly. Eger çyg bolsa ýene bir salym duhowkada bişirmeli. Çaý bilen iýmäne tagamly almaly pirogyňyz taýyn. Işdäňiz açyk bolsun!

13
37
bibis
18.08.2023 15:32

Lawaşdan towukly somsa


Hamyr ýowurmak islemeýänler üçin taýyn lawaşdan towukly somsa resepti. Somsalary isleseňiz duhowkada ýa-da skawarodkada gowurup bilersiňiz.


Içindäkiler — Lawaşdan towukly somsa taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


200 gr towuk

1 sogan

1 kartoşka

100 gr peýnir

4 list lawaş

1 ýumurtga

ukrop, petruşka


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Towugy gowy edip ýuwmaly we derisi süňki bilen suwly gazanda 20 minut orta otda gaýnatmaly. Bişen soň derisini süňkini aýyryp dogramaly.


2. Kartoşkany we sogany ownuk dogramaly we biraz ýag bilen gowurmaly.


3. Peýniri we otlary ownuk dogramaly we ahli önümleri garmal.


4. Lawaşy 7 santimetr galyňlykda uzyn edip kesmeli. Içine bir çemçe taýynlan garyndymyzy goýmaly. Lawaşyň galan ýerine ýumurtga çalmaly we üçburç şekilde eplemeli. Üstüne hem ýumurtga çalmaly we islege görä mak ýa-da künji sepmeli.


5. Somsalary 150 gradus duhowkada 5-10 minut gyzarýança bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.

18
69
bibis
16.08.2023 14:45

Lawasdan truboçka börek


Ertirlik üçin ýa-da naharyň ýanynda goşmaça bolar ýaly owadan we tagamly truboçka böregiň lawaş bilen edilýän resepti.


Içindäkiler — Lawasdan truboçka börek taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


1 sogan.

1 kartoşka.

4 list lawaş.

1 ýumurtga.

100 gram peýnir.

ösümlik ýagy.

ukrop petruşka.

duz, gara burç.


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Kartoşka we sogany ownuk dogramaly we biraz ýag bilen skoworodkada gowurmaly. Duz burç islege görä goşmaly. Bişen soň otdan aýyrmaly we peýnir eremez ýaly azajyk sowatmaly.


2. Peýniri, ukroby, petruşkany ownuk dogramaly we üstüne goşup garmaly.

Lawaşy 4 bölek edip kesmeli. bir gyrasyna uzyn edip taýynlan garyndymyzy goşmaly. Ýumurtgany bulamaly we galan ýerine çalmaly.


3. Lawaşy bir gyradan towlap inçejik truboçka şekil etmeli. Üstüne hem ýumurtga çalmaly.


4. 150 gradus gyzdyrylan duhowkada gyzarýança bişirmeli. Edip görýänler üçin işdäňiz açyk bolsyn.

12
29
bibis
15.08.2023 17:54

Seld pod şuboý salat


Baýramçylyk saçagy diýilende ilkinji bolup aňymyza gelýän salat haýsy diýseň, köpimiz seld pod şuboý diýeris. Ony hemmeler taýynlaýar, men hem şolardan biri.


Içindäkiler — Seld pod şuboý salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


1 sany seld balyk

1 sany uly şugundyr

5 sany käşir

6 sany kartoşka

1 sany ýaşyl sogan

Maýonez tagama görä


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Salat üçin önümleri taýynlaň. Sogandan başga gök önümleri gaýnatlamy, sowatmaly we daşyny arassalamaly. Seldiň gyltyklaryny aýyryp kubik şeklinde dogramaly.


2. Salady toplalyň. Uly gaba ilki bilen syhahdan geçirilen kartoşkany bir gat edip goýmaly, üstüne maýonezden setka ýasamaly.


3. Üstüne kesilen seld balykdan bir gat goýmaly.


4. Ownuk dogralan ak we gök sogany sepmeli.


5. Üstüne käşirden bir gat etmeli we maýonezden setka çekmeli. Burç we duz islege görä ulanmaly.


6. Iň soňky gat edip şugundury goýmaly we üstüni maýonezden stka çekip bezemeli.


7. Üstüne gök sogandan sepmeli we käşirden roza gül şeklini ýasap bezäp bilersiňiz. Holodilnikde azyndan 15 minut saklamaly, eger 2-3 sagat holodilnikde saklasaňyz tagamy has gowy bolýar. Işdäňiz açyk bolsyn.

17
36
bibis
13.08.2023 10:01

Nar şiresi (sok)


Naryň sogyny taýyn almak ýerine özüňiz öýde bütin nardan taýynlap bilersiňiz. Öz taýynlan sogyňyz 100% tebigy, witaminli, konserwantsyz we has tagamly bolar.


Içindäkiler — Nar şiresi (sok) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


3 sany turşy nar.

1 stakan suw (islege görä).

1 çemçe şeker (islege görä).


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Naryň çänelerini almaly we blenderde garmaly. Tagamyny sazlamak üçin islege görä suw we şeker goşmaly. Eger nar süýji bolsa hiçzat goşmak gerek däl.


2. Taýyn sogymyzy süzüp gaty çigit bölejiklerini aýyrmaly.

16
31
bibis
12.08.2023 22:49

Blinçik dolama


Içindäkiler — Blinçik dolama taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


300 gram üwelen et

1 sogan

3 bolgar burç

1 diş sarymsak

Ukrop, petruşka

Duz, burç

Suýuk ýag


Hamyr üçin:


1 stakan kefir

1 stakan un

1 stakan suw

2 ýumurtga

1 çemçe şeker

2 çemçe suýuk ýag

Hamyr gabardyjy paraşok

Duz


Daşy üçin:


1 ýumurtga

Galata uny, duzly köke ýa-da suhari owuntygy

Suýuk ýag


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Ilki bilen blinçik edeli. Bir gapda ýumurtgany mikser bilen garmaly, duz goşmaly. Gaýnak suw haýaldan goşup garmaly. Gatyk goşup garmaly. Un bilen gabardyjyny aýry gapda garyp azajukdan hamyra goşup garmaly. Şeker we ýag goşup ýene garmaly. Aşagyna ýelmeşmeýän skowarodkada blinçigi iki ýüzüne owürüp bişirmeli. Mende 8 sany blinçik boldy.


2. Içine goşmaly sogan, bolgar burç we otlary dogramaly, üwelen et bilen gowurmaly.


3. Blinçigiň içine etli garyndyny goýup iki gyrasyny içe epläp rulet edip oramaly. Ýumurtga we galata unyna bolap ýagly skoworodkada gyzartmaly. Gaýmak bilen saçaga goýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn!

15
30
bibis
08.08.2023 09:25

Öyde moloko (goýaldylan süýt, сгущённое молоко)


Goýaldylan süýt (сгущённое молоко) – köplenç şeker bilen konserwirlenen süýt. Köpimiziň kiçilikden çaýa goşup içmäni ýa-da çörege çalyp iýmäni halaýan süýji tagamlaryň biri. Bu reseptde öýde moloko ýasalyşyny siziň bilen paýlaşýan.


Içindäkiler — Öyde moloko (goýaldylan süýt, сгущённое молоко) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


1 litr süŷt

1.5 stakan şeker

0.5 çay çemçe hamyr sodasy


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Süýdi bişirimeli. Molokony alyumin ya-da çoŷun gapda bişirmegi maslahat berýän.


2. Süýde şekeri atyp, eraýänçä bulamaly.


3. Süýt gaýnap durar ýaly aşagynyň oduny sazlamaly.


4. Süýt şeker bilen 0.5 sagat töweregi gaýnandan soňra, hamyr sodasyny atmaly we aşagynyň oduny pesde goýmaly, sebabi süyt çowýar dykkatly bolmaly.


5. Süýdi ýene 45 minut töweregi renki goňurlaşyp (mele renk) goýalýança gaýnatmaly.


6. Süýdiň yüzünde köpurjikler emele gelende molokomyz taýyn bolandygny aňladyar. Eger molokoňyz suwuk bolsa gorkmaň, gaba salyp holodilnikda 4-5 sagat goysaňyz suratdaky yaly goŷy moloko bolar. Tagamy öran lezzetli bolýar. Sizem taýýarlap görüň! Işdäňiz açyk bolsun!

18
54