Salam hemmäňize mähribanlar! 🏆🇹🇲
Konkursa gatnaşyp post açan gadyrly agzalarmyz konkurs üçin açylan postyň ady we ❤👍 sanyny teswirde ýazmagyňyzy haýyşt edýärin. Jemini jemläliň we 2 şert başlalyň !
Siz üçin Mähriban agzalar
Adamyň bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aýdyň , depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!
Gowa gowy diỳiň entek dirikä!
Gerek ỳerde ỳyly bir söz güỳç bolar.
Hökman ölerine garaşyp durmaň!
Kim bilip dur, bir aỳdan soň giç bolar.
Yagşy sözler gaỳnap ỳürekden çyksyn!
Şol närseden bärde çyksa hiç bolar.
Goldaberiň bir-biregi söz bilen!
Kim bilip dur, bir hepdeden giç bolar.
Kalby çoỳuň, alkyş alyň adamlar!
Alkyşlynyň işi rowaç bolar.
Erte tapdyranok bü gün göreniň.
Şu gün çoỳuň, erte, mümkin, giç bolar.
Sahawatsyz ömür,gury bir töňňe,
Sahawatsyz ömrüň soňy puç bolar.
Goldaň bir-biregi wagtyňyz barka!
Mümkin, ỳene bir sagatdan giç bolar.
Gijä galmaň ugradyň size üstünlik arzuwlap : @beghanym
Salam hemmäňize mähribanlar.
Öwrenmeli programmadaky konkursa gatnaşmak üçin 🏆🇹🇲 ugradan agzalara üçin bu gün 1 şert üçin düýnden bäri post açmak üçin 6 gezek synanşdym bolmady bu 7 nji gezek ýazýaryn . Näme üçindir öýtýäňiz ? Sebäbi men bir işe başladym Bissimilla programmanyň gyzygy artar ýaly konkurs geçirmek üçin sag bolsun @relax
goldady kòmek edýàr , admin @tsoltanov hormatlady men minnetdar hemme edýän goldawyňyz üçin ýenede bellemeli zat içinde şeýle bir ynsanyň eden azabyna yhlasyňa düşinýän agzalara hormatym uly 1 şert üçin post goýan agzalar size minnetdarlyk bildirýärin . Emma men düşinemok ilki gatnaşmagy ýüregine düwüp soň ýüz öwürýärler kä bir sebäplere görä diýip aýdanlar hem bar hiç hili ses çykarmaýan agzalar hem bar .Bizi ýagty dünýä inderen janyndan jan berip özüni aýaman biziň bagtymyz abraýmyz üçin terbiýe mekdebiniň ilkinji mugallymy mähriban käbämiz üçin post açmak kyn däl ahyry.
Bütin dünýäni haýrana goýan zenan mertebesini äleme äşgär eden şahsyýetler we olaryň taryhda goýan yzlary hakda gahrymanlarmyzy tirsegine galdyrmak kyn däl ahyry.
Bolýa öz eliňizde hemme zat gatnaşmak we gatnaşmazlyk ýöne pikiriňiz üýtgese şu gün sagat 21 00 çenli post açyp bilýärsiňiz. Ýene bir zat 👍❤ sany hasaba almagy diňe şu şertde bolar indiki şert başgaça geçiriler.
täzelik
Eger gatnaşmak isleseňiz :
2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň we “Türkmen gündogary” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.
Döredijilik bäsleşigi makalalar, hekaýalar, goşgular žanrlary boýunça geçirilip, oňa akyldar şahyrymyzyň nusgawy eserleriniň akyl-paýhas çuňlugyny, gadyr-gymmatyny, pelsepewi many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezýän we ýokary çeperçilik derejesinde wasp edýän eserler gatnaşdyrylar.
Döredijilik bäsleşigine eserler 2024-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli kabul ediler we olaryň gowulary welaýat “Türkmen gündogary” gazetinde çap ediler. Bäsleşigiň jemi Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda jemlenilip, onuň ýeňijilerine bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işler aşakdaky salga ýa-da gazetiň elektron poçtasyna (turkmengundogary-gazeti@sanly.tm) ugradylmalydyr: Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy, welaýat “Türkmen gündogary” gazetiniň redaksiýasy.
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary !
Üns beriň ! 🏆🇹🇲🏅
Öwrenmeli programmadaky agzybir mähirli gadyrly agzalaryň arasynda konkurs geçiriljekdigini size aýtmak isleýärin.
Bu bäsleşik esasynda geçiriljek konkursa gatnaşmak isleýän agzalar öz nikňiz bilen gatnaşjakdygyňyzy duýdyrmaly. Ýagny teswirde belläň we 🏆🇹🇲 goýup ugradyň sizi bellik edip alarys ýaly .
Konkursyň dowamyna gatnaşýan işgärler okaýan talyplar we okuwçylar öýdeçi işli agzalarmyz üçin ýeňillikli bolar ýaly göz öňünde tutarys.
Bu konkursa ýakynda ýardam berýänligi üçin @relax
minnetdarlyk bildirýàrin . Ähli agzalaryñ adyndan şeýle mùmkinçilikler döredendigi üçin ýolbaşçylar @tsoltanov we @tsol_va kop sag bolsun aýdýarys.Mähribanlar siziň janyňyz sag başyňyz dik işlerňizde üstünlik ýaran bolsun!
Geliň onda täze ýylyň başlangyjy bilen täze konkursa başlalyň siz name diýersiňiz ? Tekliplerňiz barmy teswirde ýazyp bilersiňiz ?!
Baş baýragy men belledim beýleki orunlaryň sowgatlaryna siz name baýrak goýulmagyny isleýärsiňiz ?
Arzuwly_Aý @beghanym size üstünlik dileýär !
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary we myhmanlary!
Mähriban agzalar bäsleşige gatnaşyjylar sizi gutlaýaryn :
Täze ýyl baýramçylyk bäsleşiginiň FINAL 5 şertine gatnaşmaga hukuk gazandyňyz !
39👍 - 39 000 bal🎁 gazandy.2. @karaleva_ 35 👍- 35 000 bal🎁 gazandy.
3. @serwi - 33👍 - 33 000 bal🎁 gazandy
4. @gulia_maksatmyradowna - 32👍 32 000 bal 🎁gazandy.
5. @tmyigit76 - 29 👍 29 000 bal🎁 gazandy.
6. @amanmyradowna_ - 24 👍 24 000 bal🎁 gazandy.
7. @tim_ 23 👍 22 770 bal 🎁gazandy. goşgysy gowy öz söz beýany ýetenok.
8. @lavinya_ 22 👍 22 000 bal 🎁gazandy.
9 @beautiful_ 18 👍 - 21 600 bal🎁 gazandy. Sebäbi 2 tema ulanypdyr gutlaýan hemmäňizi!
Mähriban agzalar bäsleşigiň şertine görä ýarym Final tapgyryň jemi jemlendi .
FINAL
5 şert bilen tanyş boluň mähribanlar:
Ýagny bäsleşige gatnaşyjy 9 sany agza siz täze post açmaly : postyňyz gutlag beýan etmeli. Siz Öwrenmeli programmanyň agzalaryndan birini saýlap şony wasp edip gutlap şol agzanyň seniň üçin täsin ýerini beýan etmeli , degişme äheňde bolsada post goýmaly. ( üns beriň degişmäňiz gödek bolmasyn ) Isleseňiz gül bilen ýa da pul bilen hiç bolmasa süýjije dil bilen şygyr we aýdym bilen wasp etmeli. Siz şol agzany haýran galdyrmaly . Durmuşda görýän tanaýan agzaňyz bolsa onda eden sowgadyň gowşurlyş suratyny postda goýup beýan etmeli.
Umuman siz şol agzany täsin begendirmeli we onuň size berýän täsin jogaby berilýän 👍 sany bäsleşigiň jemine täsir eder. Ähli şertlerdäki ballarňyzyň jemini goşyp final tamamlanar.
Üns beriň : Mähribanlar eger siziň biriňiz bäsleşige gatnaşyjynynyň saýlan agzasy bolsaňyz siziň nähili begenen duýgyňyzy ilkinji bolup beýan ediň we şol bäsleşige gatnaşýan agzamyza näçe 👍 berýärsiňiz ?
Öwrenmeli programmanyň agzalary birden artyk 👍 berip bilmeýär emma siz 1 👍❤ we 10 000 🎁den kiçi san bal🎁 berip bilýärsiňiz .
Şowly bolsun! Üstünlik hemraňyz bolsun!
@beghanym Arzuwly_Aý