beghanym
09.01.2024 10:04

Salam hemmäňize mähribanlar.

Öwrenmeli programmadaky konkursa gatnaşmak üçin 🏆🇹🇲 ugradan agzalara üçin bu gün 1 şert üçin düýnden bäri post açmak üçin 6 gezek synanşdym bolmady bu 7 nji gezek ýazýaryn . Näme üçindir öýtýäňiz ? Sebäbi men bir işe başladym Bissimilla programmanyň gyzygy artar ýaly konkurs geçirmek üçin sag bolsun @relax goldady kòmek edýàr , admin @tsoltanov hormatlady men minnetdar hemme edýän goldawyňyz üçin ýenede bellemeli zat içinde şeýle bir ynsanyň eden azabyna yhlasyňa düşinýän agzalara hormatym uly 1 şert üçin post goýan agzalar size minnetdarlyk bildirýärin . Emma men düşinemok ilki gatnaşmagy ýüregine düwüp soň ýüz öwürýärler kä bir sebäplere görä diýip aýdanlar hem bar hiç hili ses çykarmaýan agzalar hem bar .

Bizi ýagty dünýä inderen janyndan jan berip özüni aýaman biziň bagtymyz abraýmyz üçin terbiýe mekdebiniň ilkinji mugallymy mähriban käbämiz üçin post açmak kyn däl ahyry.

Bütin dünýäni haýrana goýan zenan mertebesini äleme äşgär eden şahsyýetler we olaryň taryhda goýan yzlary hakda gahrymanlarmyzy tirsegine galdyrmak kyn däl ahyry.

Bolýa öz eliňizde hemme zat gatnaşmak we gatnaşmazlyk ýöne pikiriňiz üýtgese şu gün sagat 21 00 çenli post açyp bilýärsiňiz. Ýene bir zat 👍❤ sany hasaba almagy diňe şu şertde bolar indiki şert başgaça geçiriler.

@beghanym


täzelik

Eger gatnaşmak isleseňiz :

2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň we “Türkmen gündogary” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.


Döredijilik bäsleşigi makalalar, hekaýalar, goşgular žanrlary boýunça geçirilip, oňa akyldar şahyrymyzyň nusgawy eserleriniň akyl-paýhas çuňlugyny, gadyr-gymmatyny, pelsepewi many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezýän we ýokary çeperçilik derejesinde wasp edýän eserler gatnaşdyrylar.


Döredijilik bäsleşigine eserler 2024-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli kabul ediler we olaryň gowulary welaýat “Türkmen gündogary” gazetinde çap ediler. Bäsleşigiň jemi Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda jemlenilip, onuň ýeňijilerine bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.


Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işler aşakdaky salga ýa-da gazetiň elektron poçtasyna (turkmengundogary-gazeti@sanly.tm) ugradylmalydyr: Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy, welaýat “Türkmen gündogary” gazetiniň redaksiýasy.

41
253
shem
12 Yanwar 2024
Ikinji sherti goymadynyzmy
shem
9 Yanwar 2024
@beghanym, balym yetmeli baldan az bolsa Shondada gatnashyp bilyanmi
shem
9 Yanwar 2024
Ikinji sherti hachan
shem
9 Yanwar 2024
Ikinji shertine❤️👈 az bolanlaram gatnashyp bilyanmi.
Dusia
9 Yanwar 2024
@flowers_, birinjiden men sorag vermedim, ikinjiden saňa ýüzlenmedim, üçünjiden men dag diýýän sen deňiz!
Dusia
9 Yanwar 2024
@flowers_, menem ikinji şerti diýmedimmikäm diyyän
Dusia
9 Yanwar 2024
Menä hiç zada düşünmedim üçin üçinler sebäpli 🤷🏻‍♀️🤦🏻‍♀️
susom
9 Yanwar 2024
@beghanym, hm bolya
tmyigit76
9 Yanwar 2024
Birinjiden şert üçin "Gahryman eneler" post goýdum.
nuranow01
9 Yanwar 2024
Salam! Men bu ýaryşyňyza gataşyp bilemok geçenki ýaryşyňyzada gatnaşyp bilmedim.Oň sebäbem şu günler aladalar köp.Ýöne siziň şular ýaly ýaryşlar geçirýäniňize köp köp minnetdar.Daşyndan tomaşa etmegem gyzykly bolýar gatnaşýanlar üçin has gyzykly bolýandyr diýip umyt etýän.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.