beghanym
12.01.2024 00:09
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary!
Konkursyň 1nji şertiniň jogaby post açan agzalar ähliňiz ýeňiş gazandyňyz we 2 nji şert gatnaşmaga hukuk gazandyňyz sizi gutlaýaryn.
Konkurs 2 şert 3 bölümden durýar.
Siz 1 post açmaly we ol siziň ukyp başarnygyňyza görä bal beriler siziň postyňyzyň manysyna görä bolar .
1 nji bölümde Alla we Muhammet pygamberimiz we Yslam dinimiz barada saýlan temaňyza degişli goşgy ýada rowaýat ýada Yslam dinindäki manyly jümleleriň ýygyndysy bolmaly. Postyňyzyň teswirinde bellenen baha serediler meselem postyňyzyň manysyny tasyklaýan postdan bir zatlar öwrenen ynsanlaryň busançly sag bolsun aýdýan sözlerine ýagny manysyna serediler.
2 nji bölümde baýdaklaryň üstü bilen ýurtlaryň adyny we goňşy döwletlerini beýan etmeli.
🇰🇷
🇮🇳
🇧🇷
🇨🇳
🇬🇧
🇧🇪
🇦🇷
3 nji bölümde logiki soraga jogap ýazmaly .

1) Bir patyşa bar diýýä. Şol patyşa bir gün bir türmede oturan adamy ýanyna çagyrdýar. Patyşanyň
elinde hem bir çüýşe bar eken. Ol çüýşäniň hem gyrasyny döwdürtýär bilgeşleýinden. Soň patyşa
türmede oturana sorag berýär:
-Eger sen şu çüýşäni tikip berseň men seni türmeden boşatjak diýýär, eger edip bilmeseň türme
möhletiňi uzaltjak diýýär. Türmede oturan hem patyşa bir zat aýdýar we patyşa ony türmeden
boşatmaly boýar. Ol näme diýýär ?

2) Bir parihmaherşa saç aldyrmana 3 adam gelýär we parihmaheriň kassasy bölek bolýar. 1-nji adam
saç aldyrýar we parihmaherşa aýtýar kassada näçe pul bolsa üstüne şonçada goýup kassadan 20 müň
alyp git diýýär we 2-nji adamada şeý diýýär ol kassada näçe bar bolsa şonça pul goýup 20 müň alyp
gidýär we 3-nji adama şeý diýýär 3-nji adam hem kassada bar pulyň üstüne şonçada goýýar we 20 müň
alýa soň kassada pul gutarýar. Kasssada başda näçe pul bar bolýar ?
Mähribanlar
Siz üçin :
Nesip bolsa Rejep aýy başlanýar . Ol yslam dünýäsinde iň arzyly 3 aýyň ilkinjisidir. Hezreti Muhammet pygamber bu barada şeýle diýipdir:

— Rejep Allanyň, Meret meniň, Oraza ymmatymyň aýydyr.

Bu aýyň ilkinji on gününde agyz beklemek, haja zyýarat edip, ýagşy doga-dilegde bolmak, haýyr-sahawat etmek sogap hasaplanýar. Rejep aýynyň birinji juma agşamy Regaib gijesidir. «Regaib» sözi «regibe» sözüniň köplük sany bolup, köp yhsan we ýagşylyk diýmegi aňladýar.

«Rejep» sözi arapçadan türkmen diline terjime edilende «gorkmak, hormat goýmak, sarpalamak» ýaly manylary aňladýar. Bu aý parahatçylygy, asudalygy, ylalaşygy wagyz edýär.

Arap dilinde (Rejep: رجب ) sözüniň täsin okalyşy we gurluşy bar. Käbir alymlar bu sözüň mukaddes sözlerde ulanylýan 3 harpdan (Ra; Jim; Be) düzülendigini belleýärler.

Rowaýatlara görä, doga-dilegleriň ret edilmeýän bäş gijesi bar. Olar: Rejebiň ilkinji gijesi, Merediň on bäşinji gijesi, Gurban we Oraza baýramlaryndan öňdäki gijelerdir.
Goý siziň okajak dogalarňyz etjek dileglerňiz kabul bolsun!
@beghanym meni goldaýanyňyz üçin size köp minnetdarlyk bildirýärin gadyrly agzalar.
28
221
shem
22 Yanwar 2024
Men hazir ikinji bn uçinji postlary açyp bilyami
myrataly_
13 Yanwar 2024
@beghanym, Salam)
Miss_Minnosh❤️
12 Yanwar 2024
@beghanym, ha dusnukli yone olam soña giraymese
Miss_Minnosh❤️
12 Yanwar 2024
@beghanym, su logiki soragam biri birinden göcuruler oytyan
Miss_Minnosh❤️
12 Yanwar 2024
@beghanym, salam dini post acsak bolarmyka
Miss_Minnosh❤️
12 Yanwar 2024
@tim_, ay bilemok oñ kuran barada goyamda pozuldy dini post bolonok dp
Miss_Minnosh❤️
12 Yanwar 2024
Dini post acmak bolonoga barde
lavinya_
12 Yanwar 2024
Salam, gatnaşýanlara üstünlük :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.