beghanym
05.01.2024 08:37

Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň agzalary!

Mähriban agzalar size kitapdan gerekli maglumatlary ýetirmek isledim.

Göwnüňize ýaradymy 👍

yzyny goýmagymy isleýärsiňizmi ?

Bu kitaby okap görüň hökman size kömek eder. Mähribanlar siz hökman baýlyk däl bu wagt durmuşda köp kynçylyk çekdirýän pul ýetmezçilikden halas bolmak üçin bu kitap kömek edýär. Siziň gazanjyňyzdan 1 aýda toplan girdeýjiňiziň 40 dan 1 bölegini mätäçlere hüşir zekat bermegi unutmaň!


"Wawilonyň iň baý adamy"


JorjKleýson


Pul gazanmagyň ýönekeý kanunlaryny bilýän adamlaryň puly hiç haçan tükenmeýär

Gapjygyňyzy dolduryp başlaň.

Çykdajylaryňyzy hasaplaň.

Altynyňyzy köpelmäge mejbur ediň.

Tygşytlanyňyzy ýitgilerden goraň.

Serişdäňizi jaýa goýuň.

Geljekdäki girdejileriňizi ýola goýuň.

Mümkinçilikleriňizi we gazanjyňyzy artdyryň.

Sözbaşy

Halkyň gülläp ösmegi her bir adamyň şahsy hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna, maddy baýlygynyň artmagyna baglydyr. Bu kitap nädip baýlyk gazanmalydygyny gürrüň berýär.

Üstünlik— bu biziň yhlasymyzyň hem-de ukyp-başarnygymyzyň netijesi. Biz haçan-da,

hereket etmäge taýýar bolanymyzda üstünlige ýetipbileris. Hereketlerimiziň akylymyza görä bolýandygyny, pikirlenişimize esaslanýandygyny ýatdan çykarmalydäldiris. Biziň

hereketlerimiz hiç haçan pikirlerimizden akylly bolmaz.

Bu kitap ýuka gapjyklary galňatmaga niýetlenip ýazyldy. Kitabyň maksady, baýbolmak isleýän adamlara maliýe meseleleriniň merkezine seretmäge kömek etmekden ybarat.

Kitap size pulgazanmagy, tygşytlamagy we olary täze pullary gazanmak üçin nähili ulanmalydygyny öwreder.

Biz siz bilen häzirki wagtda-da bütindünýäde ykrar edilen we ulanylýan esasy maliýe

ýörelgeleriniň dörän «sallançagy» bolan gadymy Wawilona gaýybana syýahat ederis.

Kitabyň awtory täze okyjylaryna, eýýäm bu kitaby okap, üstünlik gazanan adamlar ýaly,

bank hasaplarynyň dolmagyny,täze maliýe üstünliklerini we çylşyrymly maliýe

meselelerini çözmekde kitabyň itergi bermegini tüýs ýürekden arzuw edýär.

(dowamy bar)

38
104
Älem Sesi agzasy
6 Yanwar 2024
Salam hemmäňize
tmyigit76
5 Yanwar 2024
Gowy maglumatlar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.