beghanym
24.02.2024 23:05
Ümür Esen: ümürli gün doglan mirasgär

(Ümür aga marynyň duranja hazynasy bu hakda ýygnalan maglumatlardan )

Şahsy arhiwimde agam Aşyrberdi Kürtden miras galan ýazgylar bar. Saralyp giden kagyz bukjalara ýerleşdirilen ýazgylaryň arasynda mirasgär Ümür Eseniň dürli ýyllarda metbugat neşirlerinde çap bolan makalalary jemlenip goýlupdyr. Ýazgylary her gezek okanymda Ümür aganyň keşbi göz öňüme gelýär. Bir mahallar ol şägirdi, häzir özi halypalyga ýeten mirasgär, žurnalist Atamyrat Şagulyýewiň telegörüjileriň mydamalyk ýadynda galan «Ýedigen» atly edebi-sazly gepleşiginde kän çykyş ederdi. Onuň gözlerini ýumup, ellerini özboluşly hereketlendirip çykyş etmesi, aýdýan wakasyny, rowaýatlaryň many-mazmunyny çeperçilik bilen gürrüň berişi häzirem ýadymda. Ümür agany şol gepleşigiň üsti bilen tanamsoň, men ony Atamyrat Şagulydan aýry göz öňüme getirip bilemok.

Nesibämiz çekip paýtagta göçüp geldik. Agamyň öýünde on-onki ýyl ýaşadyk. Şonda onuň gatnaşyk saklaýan tanymal adamlarynyň köpüsini ýüzbe-ýüz görmek, olaryň täsirli gürrüňlerini diňlemek miýesser etdi. Agam Ümür aga bilen gowy gatnaşýardy. Onuň döredijiligine uly hormat goýýardy. «Mirasgär Ümür Esen meşhur professorymyz Mäti Kösäýew dünýeden ötensoň meni özüniň halypasy diýip hasap edýär. Ol Ahala geldigi maňa müňde bir sowal berýär. Hemme sowalyna jogap tapmak aňsat däl. Onuň sowallaryna mazaly jogap tapyp, kanagatlandyrmak üçin bir adamyň kellesi ýeterlik däl. Şeýle-de bolsa başardygymdan onuň käbir sowallaryna jogap berýärin. Ümür Eseniň daş-töweregi sorag alamatyndan doly. Oňa göwnejaý jogap tapmak üçin, taryhdan, etnografiýadan, arheologiýadan, tebipçilikden, Gurhandan, şerigatdan, hadyslardan, geçmiş edebiýatdan, gündogar filosofiýasyndan, umuman halkymyzyň geçmiş durmuşyndan mazaly baş çykarýan adam gerek. Şol zeýilli herbap adam tapdyrýarmy näme? Bildigimden öwreden bolýan, bilmedik zadymy-da ondan öwrenýärin» diýerdi. Käte öýüne Ümür aganyň gelip gidendigini aýdardy, ýöne men oňa ýüzbe-ýüz gabat gelmändim.

(dowamy bar)
40
115
beghanym
24.02.2024 15:20
Salam hemmäňize mähribanlar
jemleýji konkursa hoş geldiňiz
şert şeyle :
gatnaşyjy 7 agza 2 sorag taýarlan bolmaly şol soraglarny ýazmaly hemmesi we öz soragyndan daşary beýleki 6 agzanyň sowalyna we men ýeke sorag goşant etjek şol 13 sowala dogry jogap bermeli , kim köp jogap berse şoňa görä jemini jemläris.
şowly bolsun hemmäňize.
43
445
beghanym
23.02.2024 15:29
Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️
Bu gün öwrenmelidaki ähli gerçek mert mylaýym ýürekli düşinjeli ýigitleriň baýramyny gutlaýaryn.

Salam Günüň meşhur teswirçisi size saýtymyz tarapyndan Günüň meşhur teswirçisi medaly berildi.

Bu uly üstünlik . Bu ýazgy meniň
@mail poçta gelen hatlardan biri . Bu hat mende şeýle bir teklip döretdi.

Bizem öwrenmeli programmada ähli agzalar bolup täze goşant edeliň .

Mähribanlar mynasyp agzalary höweslendirmek üçin käbir medallary sylagly atlar dakalyň!
Meselem iň gowy şahyr iň gowy teswirçi we meşhur talant ..... we ş.m
Siz näme pikirde we nähili atlary dakylsa gowy bolar.? Teswirde bellemegiňize garaşýaryn.


Konkursyň jemi hakda 7 agza 2 tapgyra şu gün sagat 22. 00 da gatnaşyp bolarmy konkurs ýeňijiler seslenäýiň we täze şertine laýyklykda heriňiz gyzyklyja 2 sany sorag taýarlamaly.
38
329
beghanym
22.02.2024 14:31
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň Mähribanlary 🙋‍♀️
Gijesini gündiz edip konkursa gatnaşyp bagtyny synan agzalar siz üçin bu postym !
Mähribanlar hemmäňizi konkursyň täze sanynda ilkinji harplardan söz we sözlem düzme ilkinji tapgyryny jemledik indiki ikinji tapgyra geçendigiňizi ýatladýaryn.

1 tapgyrda

@efsane_tm
@awgust
@mgm
@sadajaaa
@geldiyevna_
@miss_minnosh
@medik_

Bu agzalar 1 nji tapgyryñ ýeňijileri şu gün nesip bolsa bellenen bir wagtda konkursyň 2 nji tapgyry geçiriler .

Mähribanlar siz wagtyny belläp aýdyň şertini goýar ýaly. We baş baýrakdan galan ýerlere hem goldajak agzalara görä sowgat beriler.

Täze konkursymyza @tmcell agzamyz hemaýatkärlik etmek üçin ýeňijä baş baýragy bolan 50 manat pul sylag etmekçi.

@tmcell Size edýän goldawyňyz üçin köp minnetdarlyk bildirýärin öz adymdan we agzalaryň adyndan sizem gatnaşyň !

Mähribanlar ýene kim ýardam etmek isleseňiz habar ediň @relax admin bize goldaw edip siziň baýraklarňyzy hak eýesine gowşuryp berýär.

@relax Sizede we ýolbaşçylar @tsoltanov we @tsoltanova size köp minnetdarlyk bildirýärin işiňizde üstünlik hemraňyz bolsun. Bize şeýle mümkinçilik döredeniňiz üçin size köp sag bolsun aýdýaryn.

Mähribanlar hemmäňize konkursyň täze sanynyň 2 tapgyrynda garaşarys .
Goldalyň öz agzalarmyza janköýerlik edeliň bu agzalardan kimi goldaýaňyz ýazyp ugradyň ses beriň we gatnaşyp adalatly baha beriň.

Durmuş şeýle ajaýyp golaýyňda ezizleriň barka geçmişde gowy ýatlamalaryň ýaşaýarka geljek üçin arzuw umytlaryň öz şinesini gögertýärkä şu günüň bilen ýeňiş gazanyp buýsanyp lezzetini duýyp ýaşaň , goý bagtyňyz daş ýarsyn !
@beghanym
38
288
beghanym
21.02.2024 12:44

Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary ! 🙋‍♀️


Sizde de duş gelýärmi durmuş synagdan doly, emma duýdansyz ýagdaý waka nähili täsir edýär we nadip baş alyp çykýarsyňyz ?


Duýdansyz habar özüň hakda tötänlikde käbir sözleri eşidip buýsanmak ýa da gynanmak bolup bilermi ?


Senden gizlenip ýörlen habaryň duýdansyz üstü açylmagy nähili täsir eder ?


( Mähribanlar siziň konkurs üçin garaşýandygyňyzy bilýän menden aýyp görmäň ötünç soraýaryn sizden. Şu gün agşam ýörüte post açyp goýaryn nesip bolsa . ýenede bir zat siz konkursyň dowamyny isleýäňizmi ? ýa da tamam bolmagyny isleýärsiňiz ?

sponsurlyk etjek agzalar size minnetdar kop sag boluň goldawyňyz üçin eger çyndanam kömek üçin el uzatsaňyz. @relax admina duýdyraýyň ol kabul eder we summaňyza görä ýeňijilere paýlanar sebäbi her kim jan edýär we azabyny boş goýup bolmaz )

okanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin! @beghanym

41
228
beghanym
20.02.2024 17:34
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň agzalary 🙋‍♀️

Mähribanlar hiç bir zady içiňize salmaň içiňe atan öýke kinäňiz size dert bolup siziň soňuňyza çykmagy mümkin.

Lukmançylygyň başgaça dilinde düşindirsek üns beriň käbir sebäplere görä köp barlaglar netijesinde anyklandy :
- eneler ýagny ejeler öz çagasyna aşa hamrak aşa artyk aladaçyl we gaýgy edip ýörseler enäniň nerwi funksiýasy süýt mazlerine ters täsir edip ragyň howuply gatysy we çişi emele gelme howp döreýär we şol zenan özü duýmazdan içine saldygy saýy kesel möwjäp ýetjek derejesine ýetip aramyzdan ir gitmegine getirýär.
- eger öýde zenanlar gaýyn we ýoldaşy sebapli içine kine saklap özüni horlap başlasa köp keselleriň üstünden getirip biler meselem rak zob we ýürek damar keselleri bolmagy ahmal.

Giň boluň ýagşy işlere sebäp boljak boluň hökman hözürüni görüp ýaşarsyňyz!

Göwnüňi göterýän 10 sebapler :

Is­len­dik adam özü­ni ýal­ňyz du­ýup bi­ler. Ýal­ňyz­lyk daş-tö­we­re­giň­dä­ki adam­la­ryň az­ly­gyn­da ýa-da köp­lü­gin­de däl-de, şol adam­la­ryň se­niň dün­ýäň­dä­ki or­nu­na bag­ly. Köp­çü­li­giň için­de bo­lu­bam özü­ni ýal­ňyz duý­ýan­dy­gy­ny, ýe­ke ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny hä­li-şin­di ýaň­zyd­ýan adam­lar az däl. Özü­mi­zi ýal­ňyz­lyk­dan ha­las et­mek bol­sa, gö­nü­den-gö­ni bi­ziň öz duý­gu­la­ry­myz bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Psi­ho­log­la­ryň ber­ýän maslahatlaryna gö­rä, adam ýal­ňyz­lyk dün­ýä­sin­den çyk­ma­gyň ga­py­sy­ny özi tap­ma­ly. Bi­zi ýal­ňyz­lyk­dan ha­las et­jek, göw­nü­mi­zi gö­ter­ýän 10 se­bäp ba­ra­da şu aşak­da­ky­la­ry bil­me­gi­miz ze­rur.

Göw­na­çyk­lyk – “Göw­ni açy­gyň ýo­ly açyk”. Kim­dir bi­ri­niň gaý­gy­sy­na edil özüň­ki ýa­ly gy­na­nyp, şat­ly­gy­na be­ge­nip bil­mek, onuň duý­gu­la­ry­ny deň paý­laş­mak ýal­ňyz­lyk dün­ýä­si­ni terk et­me­gi­mi­ziň il­kin­ji ga­py­sy­dyr.

Ki­çi­gö­wün­li­lik – Bu dün­ýä di­ňe bi­ziň­ki däl. Özü­mi­zi öz­ge­ler­den ta­pa­wut­ly saý­mak bi­zi ýal­ňyz­laş­dy­ryp bi­ler. Di­ňe be­lent­lik­le­re se­re­dip ýö­re­ýän adam öz ýo­lun­da­ky päs­gel­çi­lik­le­ri gör­män, büd­re­mä­ge we ýy­kyl­ma­ga ýa­kyn­dyr.

Hor­mat-sy­lag – Dur­mu­şy­myz­da äh­li za­dyň gaý­tar­gy­sy, yza dö­nü­şi bar, il­kin­ji no­bat­da hem, baş­ga­la­ra gör­kez­ýän sy­lag-sar­pa­my­zyň jo­ga­by bol­ma­ly. Hor­ma­ta my­na­syp adam­la­ryň sar­pa­sy­ny be­lent tut­ma­gy ba­şar­sak, özü­miz hem sy­la­ga la­ýyk bo­la­rys. Sy­lag­ly adam­lar bol­sa, ýe­ke däl­dir­ler.

Eli açyk­lyk – Mal-döw­let hem, rys­gal hem paý­laş­mak bi­len art­ýar. Haý­sy­dyr bir ýa­ky­ny­my­zy ýa-da bir ýer­ler­de du­şan ýat adam­la­ry ki­çi­jik zat­lar bi­len hem bagt­ly edip bi­le­ris. Kim­dir bi­ri­niň ýyl­gyr­ma­gy­na se­bäp bol­mak, bagt­ly bol­ma­gy­ny ga­za­nyp bil­mek bi­ziň göw­nü­mi­zi gö­te­rer.
Söý­gi – Haý­sy za­da söý­gi bi­len se­ret­seň, şol zat gö­zel­dir. Bir akyl­da­ryň hem aý­dy­şy ýa­ly, “Sö­ýen za­dyň özüň­ki­dir”. Eger şeý­le bol­sa, gys­ga­jyk öm­rü­miz­de söý­gä hem orun be­re­liň, çün­ki sö­ýen­le­ri­miz bi­zi ýe­ke goý­maz.

Ge­çi­rim­li­lik – Gü­nä­siz adam ýok. Be­ýik­lik şol gü­nä­le­ri ba­gyş­la­mak­da. Kal­by­myz­da öý­ke­dir ki­ne­le­ri sak­la­mak bi­ziň ýal­ňyz bol­ma­gy­my­zyň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri. Edi­len haý­sy­dyr bir ýa­man­ly­gyň yzy­na gaý­dyp geljekdigini unut­ma­ly däl­di­ris.

De­giş­gen­lik – De­giş­gen hem gül­dür­me­gi ba­şar­ýan adam­la­ryň ýe­ke bol­ýan pur­sat­la­ry­na duş­ýan­lar az bol­sa ge­rek. Yn­san öz ýo­lu­nyň iň kyn­çy­lyk­ly öw­rüm­le­rin­de hem ýyl­gyr­ma­ga ça­lyş­ma­ly. Çün­ki, şäh­da­çyk­lyk kyn­çy­ly­gy ýe­ňip geç­me­giň iň aň­sat ýo­lu­dyr.

Süý­ji dil­li­lik – Söz – gud­rat­ly när­se. Ony ge­rek ýe­rin­de dog­ry ulan­mak äh­li­mi­ziň bor­ju­myz. Sö­züň gud­ra­ty ar­ka­ly ýat­lar tan­şa, ta­nyş­lar ýa­ky­na, dost­lar do­ga­na öw­rü­lip bi­ler. Süý­ji söz­lü­lik bi­len dost-do­gan ga­zan­mak bi­ziň dur­muş­da bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy­myz üçin mö­hüm­dir.

Umyt – Ýa­şaý­şyň gowy ta­rap­la­ry­ny gö­rüp bil­mek, gel­je­ge umyt­ly bol­mak, ar­zuw­ly ýa­şa­mak yn­sa­na Al­la ta­ra­pyn­dan ber­len iň go­wy ah­lak-sy­pat­la­ryň bi­ri­dir. Al­la­ta­ga­la­dan umy­dyňy kes­mek ýal­ňyz­ly­gyň çür de­pe­si­dir.

Ynam – Aý­dy­lyp ge­çi­len­le­riň hem­me­sin­den öňür­ti yn­sa­nyň özü­ne söý­gü­si, yna­my bol­ma­ly. Öz güý­jü­mi­ze ynan­ma­gy ba­şar­ma­ly. Eger biz özü­mi­ze söý­gi­ni ýi­tir­sek, özü­mi­zi ýe­ke goý­sak, onuň öwe­zi­ni dol­dur­jak za­dy hiç bir ýer­den ta­pyp bil­me­ris.
Şu göw­nü­mi­zi gö­ter­ýän hä­si­ýet­le­ri özü­miz­de ter­bi­ýe­le­me­gi ba­şa­ryp bil­sek, he­mi­şe ýal­ňyz­lyk­dan uzak­da bo­la­rys we dur­mu­şy­myz­da ähli bagt­ly pur­sat­lar biz­iň ýaranymyz bolar.
30
115
beghanym
20.02.2024 14:39
Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️
Öwrenmeli programmadaky täze konkursa kömek gerek siz başararsyňyzmy ?
Düýn agşam 19 fewralda 23 30 da başlan konkurs 20 fewralda 2 30 da tamamlandy .

Konkursa gatnaşan mähribanlar minnetdar köp sag boluň !

Mähribanlar hemmäňizi konkursyň jemini jemlemek üçin sizi kömege çagyrýaryn eger kim ýardam etmek islese seslensin .

Birek -biregi goldalyň siz öwrenmeliň agzasymy onda uzakda durmaň geliň goşulyň bize gyzyklyja postlar we konkurslar siz bilen.

Dogrysy men bu günler bir az başagaýlyk bilen özüm jemlemäge wagtym azlyk edýär aladalarym köp .

Sizden ýardam bermegiňizi ýagny birnaçe agza gije ýatman bäsleşigiň şerti boýunça matalyň jogabyny bilip berlen 21 sany harp ulanyp söz we sözlem düzüp ýazdylar.

Sag bolsunlar meni goldap gatnaşanyňyz üçin we ýardam etjek agzalar size de minnetdarlyk bildirýärin.

Konkursyň şertinde matal berilipdi :
ILERDEN GELÝÄN ALAÝHAN
GUÝRYJAGYNY BULAÝHAN
HEKGIL HÜKGÜL AÝAKLY
SEGSEN DÜRLI TAÝAKLY

jogaby :- OKLY KIRPI

umumy 21 harp bolup olar -

A. B . O. K. L. Y. I . R . P. D . E. N. Ý. Ä. H. G. U. J. Ü. S. T.

Ýardam berjek agzalar postymyzyň geçen bölüminde konkursa gatnaşan agzalaryň teswirinde ýazan sözleri we sözlemlerine dogrymy nädogry barlamaly we jemini goşup bal bermeli.
Eger gatnaşan agzalar sizem kömek etmek isleseňiz gatnaşyp bilersiňiz bu postda teswirde bellap ýazyp bilersiňiz.

TEKLIP BARMY TESWIRDE BELLÄŇ WE ÝETIRIŇ GÖZ ÖŇÜNDE TUTARYS.

Ýene bir mesele bar eger sponsur etmek isleýän agza seslenip biler sebabi baýraklar köpçülik tarapyndan taýarlansa ýeňijilermiz üçin has täsirli bolar.
Ýeňijiniň baýraklarynyň baş baýrak we 1.2.3 ýerler pul we 👍❤ bolar we 4. 5. 6 . 7 . 8 .9 .olaryň hem höweslendiriji ❤👍 goýular postlaryna sowgat ederis .

konkurs göwnüňize ýaran bolsa biziň ujypsyzja eden işlerimiz başa barandygydyr.
@beghanym
35
85
beghanym
19.02.2024 23:30
Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️

Dogrysy telim çykyp dur programmadan menden kine etmäň 5 gezek ýazanym çykýa ilki şertini goýaýyn soň galanyny görübereris.
Mähribanlar hemmäňizi konkursyň täze sanynda hoş gördük.
Geliň onda adalatly emin agzalar bilen gadyrly fanatlar bilen bäsleşigiň gatnaşyjy höwesjeň agzalary şertini doly okaň we dogry netijeli jogap ýazyp ugradyň.
üns beriň her gatnaşýan agza teswirde doly ýazyp ugratsyn bölek bölek ýazmaň ilki galam kagyza belläp ýazyp ugratsaňyz size gowy we çalt bolar. Siziň kabul ediljek teswirlerňiz dogry dürs ýazyp manyly edip ugradyň haýyş.
Size 21 sany türkmen elipbiýinden harp beriler şol harplardan söz we sözlem düzüp ugratmaly . Size 3 sagat wagt berler ýetişeniňizi ýazyp doly we dogry ýazyp ugradyp bilersiňiz . Harplar gaýtalansa zyýany ýok başga harp ulanmaly däl.

Belläň :

Ilerden gelýän alaýhan.
Guýryjagny bulaýhan
Hekgil hükgül aýakly
Segsen dürli taýakly .

( matalyň jogabyndaky harplaram ulanyp bilersiňiz, eger bilseňiz )
Şowly bolsun basladyk nesip edenden
başlam wegty sagat 23 : 30. 19.01.2024
jemlenjek wagty 02: 30 . 19.01.2024

Öwrenmeli programmanyň ýolbaşçylary we kömekçileri size minnetdar.
@beghanym
38
630
beghanym
19.02.2024 13:15

Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️

Öwrenmeli bilen günüňiz nähili geçýär ? 🌞⭐🌙

Mähribanlar size täzelik bar bu gün täze konkursa başlamakçy geliň sizem goşulyň!


Bäsleşige gatnaşyjylar teswire 🙋‍♀️ 🙋‍♂️ belligi ugratmaly !


Bäsleşige adalatly baha berjek emin agzalar teswire 👁👁 ugratmaly!


Bäsleşigimize sponsurlyk etjek agzalar ( ýagny ýeňijilere baýraklaryna goldaw berjek ) teswirde 💲 ugratmaly !


Bäsleşige tomaşa edip bäsleşiji agzalarmyza janköýerlik etjek agzalar 📚 belgini ugratmaly !


Garaz siz ýagşydan ýamandan bir zat bellik edip ýazmaly , we göwnüňize ýarasa 👍❤ goýmagy unutmaň !


@beghanym

46
459
beghanym
16.02.2024 14:14
Awtory: Gülşirin HANOWA.

AGLAMA, GYZYM

«Bu bir dünýe, gelen geçer,
Ha şatlyk, ha gussa seçer.
Bolýandyr beterden-beter,
Aglama, gyzym!

Hemme zadyň hasaby bar,
Takdyryň öz hesibi bar,
Ýazgydy bar, nesibi bar,
Aglama, gyzym!

Şükür et sag bolsa janyň,
Alajy tapylar malyň.
Gyýylsaň agyr bor halym,
Aglama, gyzym!

Bardyr saňa mende ynam,
Bir Haka, özüňe ynan,
Diýselerem şahyr ýanan…
Aglama, gyzym!

Şowhuny ýatmasyn törüň,
Şol seni apalap ýörün,
Ýene düýşleriňe gerin,
Aglama, gyzym!

Dost-dogan bolsa mydama,
Köp zat gerek däl adama.
Özüňi aýa, ýadama,
Aglama, gyzym!

Hasam gözel bolýaň gülseň,
Ýüregim ot alar solsaň…»
…diýerdi ejem jan bolsa,
«Aglama, gyzym!»

 

Ýylgyr eje, ýylgyr eje!

Arzuwlarmyz hasyl boldy,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!
Meniň bar umydym şoldy,
Ber şatlykdan bulgur, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Dünýämi gül büredi, gör,
Umma gitdi hasrat hem şer.
Gülýän göwnüme ganat ber,
Gel, golumdan galdyr, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Asman melegi mysaly,

Gülkiň gülleýşiň nyşany,
Näme bolsa bolsun pany,
Gülseň dünýäm güldür, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Bulut deý dagydyp derdim,
Billerime kuwwat berdiň.
Gözleriňde gussa gördüm,
Sen arkaýyn bolgun, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Ykbal käte alçy sülýär,
Joşup-joşup bahar gelýär.
Erte ne bor, Hudaý bilýär,
Ömür inçe gyldyr, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Başym sypap bilmeseňem,
Jak-jak urup gülmeseňem,
Düýşde kalbym dilmesene,
Indi niçe ýyldyr, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!
***
Geçip gyşy ýazyndan,
Iki perzendiñ yzyndan,
Ejem janyñ özünden,
Arzuw alyp bar boldum.

Geçdi ýigrim bir ýazym,
Öçdi ömrümiñ sazy,
Istedi «Adyl kazy»,
Ölüm düşdi, zar boldum.

Didelem süzüljekden,
Derdinsem gülünjekden,
Hä diýmän ýolunjakdan,
Bek dartylmyş tar boldum.

Geçer, geçer-le barsy,
Ýaşalman ömrüñ ýarsy.
Sag baky, sol panysy,
Aralykda hor boldum.

Añym-mañyma bakman,
Otlap goýberdi ykbal.
Aslym ýuwandy, ahmal,
Gaýnap-gaýnap zor boldum.

Görgülerim erteki,
Gör, gussamam selpedi.
Garaz, gepiñ keltesi,
Şeýtdi, mañlaý şor boldy.
***
Garaş ýene bir azajyk,
Sabryñ soñy sap altyndyr.
Göwnüñem heniz çagajyk,
Elinden tut-da galkyndyr!

Aýna bak-da goşgy oka,
Agla içiñi gowzadyp.
Öwrenişdiñ-ä hyk-çoka…
Gysdyñ dişlerñi owradyp.

Adam gutular adamdan,
Adam pälinden gutulmaz.
Hakyñ paýhasyn dadanlar,
Munda hiç-haçan utulmaz!

Aýaweri, amanatdyr,
Amanatdyr bu şirin jan.
Ýaman pikir gabahatdyr,
Goýaweri, Gülşirin jan!

Şahyr barada gysga maglumat:

Gülşirin Hanowa 1987-nji ýylyň 2-nji awgustynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginde dünýä inýär. Gülşirin 2003-nji ýylda Mary etrabynyň 5-nji orta mekdebini tamamlaýar. Onuň ilkinji goşgular toplumy entek okuwçy döwründe «Maru-Şahu-Jahan» welaýat gazetinde çap bolup başlaýar. 2014-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Medeni köpçülik çäreleriniň guramaçysy», 2019-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeniýeti öwreniş, mugallym» hünärlerini tamamlan ýaş şahyr özboluşly döredijilik ýoluny dowam edýär.

Gülşirin Hanowa ussat şahyr bu ýaňy okuwyny tamamlap «Maru-Şahu-Jahan» welaýat gazetinde çap edilen goşgulary bäsleşikde baýrakly oruna eýe bolýar şeýlelikde oba arçynlygyna habar gelýär "bu gyz Aşgabat şäherine gelmeli baýrak berilýär " diýip , emma Gülşiriniň ýol puly gaýgy edip näderini bilmeýär şol pursat mähriban käbesi şahyr gyzyň mamasyndan miras galan sandygyň düýbünde ýatan 6 sany jamyň 2 sini alyp arkasyndaky belligini lezbi bilen pozyp Gülşiriniň gelinejesine eltip şu jamlary alda Gülşirine Aşgabada gider ýaly ýol pulyny beräy diýip ýaş şahyry uly ynam bilen paýtagta ugradýar. Şeýlelikde ýaşajyk şahyr gyza şol wagt alyp gaýdan ýol pulynyň 20 esse köp pul baýrak berilýär. Ol bu pursady şeýle ýatlaýar men jam görsem ejem ýadyma düşýär hemde maňa bildirlen ynam ejemjanyň yhlasy ýadyma düşýär diýip belleýär.

Gülşirin Hanowa ussat şahyr biz bu zenana uly üstünlik abraý jan saglyk dileýäris.

Siziň näme aýdarsyňyz teswirde belläp bilersiňiz we göwnüňize ýarasa 👍⭐
@beghanym
30
67