beghanym
20.02.2024 14:39
Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️
Öwrenmeli programmadaky täze konkursa kömek gerek siz başararsyňyzmy ?
Düýn agşam 19 fewralda 23 30 da başlan konkurs 20 fewralda 2 30 da tamamlandy .

Konkursa gatnaşan mähribanlar minnetdar köp sag boluň !

Mähribanlar hemmäňizi konkursyň jemini jemlemek üçin sizi kömege çagyrýaryn eger kim ýardam etmek islese seslensin .

Birek -biregi goldalyň siz öwrenmeliň agzasymy onda uzakda durmaň geliň goşulyň bize gyzyklyja postlar we konkurslar siz bilen.

Dogrysy men bu günler bir az başagaýlyk bilen özüm jemlemäge wagtym azlyk edýär aladalarym köp .

Sizden ýardam bermegiňizi ýagny birnaçe agza gije ýatman bäsleşigiň şerti boýunça matalyň jogabyny bilip berlen 21 sany harp ulanyp söz we sözlem düzüp ýazdylar.

Sag bolsunlar meni goldap gatnaşanyňyz üçin we ýardam etjek agzalar size de minnetdarlyk bildirýärin.

Konkursyň şertinde matal berilipdi :
ILERDEN GELÝÄN ALAÝHAN
GUÝRYJAGYNY BULAÝHAN
HEKGIL HÜKGÜL AÝAKLY
SEGSEN DÜRLI TAÝAKLY

jogaby :- OKLY KIRPI

umumy 21 harp bolup olar -

A. B . O. K. L. Y. I . R . P. D . E. N. Ý. Ä. H. G. U. J. Ü. S. T.

Ýardam berjek agzalar postymyzyň geçen bölüminde konkursa gatnaşan agzalaryň teswirinde ýazan sözleri we sözlemlerine dogrymy nädogry barlamaly we jemini goşup bal bermeli.
Eger gatnaşan agzalar sizem kömek etmek isleseňiz gatnaşyp bilersiňiz bu postda teswirde bellap ýazyp bilersiňiz.

TEKLIP BARMY TESWIRDE BELLÄŇ WE ÝETIRIŇ GÖZ ÖŇÜNDE TUTARYS.

Ýene bir mesele bar eger sponsur etmek isleýän agza seslenip biler sebabi baýraklar köpçülik tarapyndan taýarlansa ýeňijilermiz üçin has täsirli bolar.
Ýeňijiniň baýraklarynyň baş baýrak we 1.2.3 ýerler pul we 👍❤ bolar we 4. 5. 6 . 7 . 8 .9 .olaryň hem höweslendiriji ❤👍 goýular postlaryna sowgat ederis .

konkurs göwnüňize ýaran bolsa biziň ujypsyzja eden işlerimiz başa barandygydyr. @beghanym
35
85
grustny_girl
20 Fewral 2024
👍🏻
flowers_
20 Fewral 2024
@beghanym, yok gatnasmadym, tapawdy yok kimi barlamaly bolsa yazaýyñ maña
flowers_
20 Fewral 2024
Salam. Men bir agzañkyny barlap bereýin.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.