beghanym
20.02.2024 17:34
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň agzalary 🙋‍♀️

Mähribanlar hiç bir zady içiňize salmaň içiňe atan öýke kinäňiz size dert bolup siziň soňuňyza çykmagy mümkin.

Lukmançylygyň başgaça dilinde düşindirsek üns beriň käbir sebäplere görä köp barlaglar netijesinde anyklandy :
- eneler ýagny ejeler öz çagasyna aşa hamrak aşa artyk aladaçyl we gaýgy edip ýörseler enäniň nerwi funksiýasy süýt mazlerine ters täsir edip ragyň howuply gatysy we çişi emele gelme howp döreýär we şol zenan özü duýmazdan içine saldygy saýy kesel möwjäp ýetjek derejesine ýetip aramyzdan ir gitmegine getirýär.
- eger öýde zenanlar gaýyn we ýoldaşy sebapli içine kine saklap özüni horlap başlasa köp keselleriň üstünden getirip biler meselem rak zob we ýürek damar keselleri bolmagy ahmal.

Giň boluň ýagşy işlere sebäp boljak boluň hökman hözürüni görüp ýaşarsyňyz!

Göwnüňi göterýän 10 sebapler :

Is­len­dik adam özü­ni ýal­ňyz du­ýup bi­ler. Ýal­ňyz­lyk daş-tö­we­re­giň­dä­ki adam­la­ryň az­ly­gyn­da ýa-da köp­lü­gin­de däl-de, şol adam­la­ryň se­niň dün­ýäň­dä­ki or­nu­na bag­ly. Köp­çü­li­giň için­de bo­lu­bam özü­ni ýal­ňyz duý­ýan­dy­gy­ny, ýe­ke ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny hä­li-şin­di ýaň­zyd­ýan adam­lar az däl. Özü­mi­zi ýal­ňyz­lyk­dan ha­las et­mek bol­sa, gö­nü­den-gö­ni bi­ziň öz duý­gu­la­ry­myz bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Psi­ho­log­la­ryň ber­ýän maslahatlaryna gö­rä, adam ýal­ňyz­lyk dün­ýä­sin­den çyk­ma­gyň ga­py­sy­ny özi tap­ma­ly. Bi­zi ýal­ňyz­lyk­dan ha­las et­jek, göw­nü­mi­zi gö­ter­ýän 10 se­bäp ba­ra­da şu aşak­da­ky­la­ry bil­me­gi­miz ze­rur.

Göw­na­çyk­lyk – “Göw­ni açy­gyň ýo­ly açyk”. Kim­dir bi­ri­niň gaý­gy­sy­na edil özüň­ki ýa­ly gy­na­nyp, şat­ly­gy­na be­ge­nip bil­mek, onuň duý­gu­la­ry­ny deň paý­laş­mak ýal­ňyz­lyk dün­ýä­si­ni terk et­me­gi­mi­ziň il­kin­ji ga­py­sy­dyr.

Ki­çi­gö­wün­li­lik – Bu dün­ýä di­ňe bi­ziň­ki däl. Özü­mi­zi öz­ge­ler­den ta­pa­wut­ly saý­mak bi­zi ýal­ňyz­laş­dy­ryp bi­ler. Di­ňe be­lent­lik­le­re se­re­dip ýö­re­ýän adam öz ýo­lun­da­ky päs­gel­çi­lik­le­ri gör­män, büd­re­mä­ge we ýy­kyl­ma­ga ýa­kyn­dyr.

Hor­mat-sy­lag – Dur­mu­şy­myz­da äh­li za­dyň gaý­tar­gy­sy, yza dö­nü­şi bar, il­kin­ji no­bat­da hem, baş­ga­la­ra gör­kez­ýän sy­lag-sar­pa­my­zyň jo­ga­by bol­ma­ly. Hor­ma­ta my­na­syp adam­la­ryň sar­pa­sy­ny be­lent tut­ma­gy ba­şar­sak, özü­miz hem sy­la­ga la­ýyk bo­la­rys. Sy­lag­ly adam­lar bol­sa, ýe­ke däl­dir­ler.

Eli açyk­lyk – Mal-döw­let hem, rys­gal hem paý­laş­mak bi­len art­ýar. Haý­sy­dyr bir ýa­ky­ny­my­zy ýa-da bir ýer­ler­de du­şan ýat adam­la­ry ki­çi­jik zat­lar bi­len hem bagt­ly edip bi­le­ris. Kim­dir bi­ri­niň ýyl­gyr­ma­gy­na se­bäp bol­mak, bagt­ly bol­ma­gy­ny ga­za­nyp bil­mek bi­ziň göw­nü­mi­zi gö­te­rer.
Söý­gi – Haý­sy za­da söý­gi bi­len se­ret­seň, şol zat gö­zel­dir. Bir akyl­da­ryň hem aý­dy­şy ýa­ly, “Sö­ýen za­dyň özüň­ki­dir”. Eger şeý­le bol­sa, gys­ga­jyk öm­rü­miz­de söý­gä hem orun be­re­liň, çün­ki sö­ýen­le­ri­miz bi­zi ýe­ke goý­maz.

Ge­çi­rim­li­lik – Gü­nä­siz adam ýok. Be­ýik­lik şol gü­nä­le­ri ba­gyş­la­mak­da. Kal­by­myz­da öý­ke­dir ki­ne­le­ri sak­la­mak bi­ziň ýal­ňyz bol­ma­gy­my­zyň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri. Edi­len haý­sy­dyr bir ýa­man­ly­gyň yzy­na gaý­dyp geljekdigini unut­ma­ly däl­di­ris.

De­giş­gen­lik – De­giş­gen hem gül­dür­me­gi ba­şar­ýan adam­la­ryň ýe­ke bol­ýan pur­sat­la­ry­na duş­ýan­lar az bol­sa ge­rek. Yn­san öz ýo­lu­nyň iň kyn­çy­lyk­ly öw­rüm­le­rin­de hem ýyl­gyr­ma­ga ça­lyş­ma­ly. Çün­ki, şäh­da­çyk­lyk kyn­çy­ly­gy ýe­ňip geç­me­giň iň aň­sat ýo­lu­dyr.

Süý­ji dil­li­lik – Söz – gud­rat­ly när­se. Ony ge­rek ýe­rin­de dog­ry ulan­mak äh­li­mi­ziň bor­ju­myz. Sö­züň gud­ra­ty ar­ka­ly ýat­lar tan­şa, ta­nyş­lar ýa­ky­na, dost­lar do­ga­na öw­rü­lip bi­ler. Süý­ji söz­lü­lik bi­len dost-do­gan ga­zan­mak bi­ziň dur­muş­da bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy­myz üçin mö­hüm­dir.

Umyt – Ýa­şaý­şyň gowy ta­rap­la­ry­ny gö­rüp bil­mek, gel­je­ge umyt­ly bol­mak, ar­zuw­ly ýa­şa­mak yn­sa­na Al­la ta­ra­pyn­dan ber­len iň go­wy ah­lak-sy­pat­la­ryň bi­ri­dir. Al­la­ta­ga­la­dan umy­dyňy kes­mek ýal­ňyz­ly­gyň çür de­pe­si­dir.

Ynam – Aý­dy­lyp ge­çi­len­le­riň hem­me­sin­den öňür­ti yn­sa­nyň özü­ne söý­gü­si, yna­my bol­ma­ly. Öz güý­jü­mi­ze ynan­ma­gy ba­şar­ma­ly. Eger biz özü­mi­ze söý­gi­ni ýi­tir­sek, özü­mi­zi ýe­ke goý­sak, onuň öwe­zi­ni dol­dur­jak za­dy hiç bir ýer­den ta­pyp bil­me­ris.
Şu göw­nü­mi­zi gö­ter­ýän hä­si­ýet­le­ri özü­miz­de ter­bi­ýe­le­me­gi ba­şa­ryp bil­sek, he­mi­şe ýal­ňyz­lyk­dan uzak­da bo­la­rys we dur­mu­şy­myz­da ähli bagt­ly pur­sat­lar biz­iň ýaranymyz bolar.
30
115
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.