beghanym
25.04.2024 21:13
Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️
Bu gün postlara göz gezdirip oturan wagtym bir sowala gözüm düşdi we ol hakda post açmak isledim belki sizem pikiriňizi paýlaşyň !
Atalar sözü bilen Nakyllaryň tapawudy .
Nakyllar we atalar sözi – halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň bir žanry. Olar halkyň bäş müň ýyllyk taryhy ýolunyň önümidir. Halkyň ruhundan gelip çykan umumadamzat gymmatlyklarymyz – ruhy, ahlak baýlyklarymyzdyr. Gözbaşyny sözleýiş diliniň peýda bolmagyndan alyp gaýdýan nakyllar halkyň durmuş ýagdaýyny, dünýägaraýşyny, däp-dessuryny, ýagşylyk-ýamanlyk pelsepe garaýşyny jemleýär. Nakyllara iň baý halklaryň biri-de türkmenlerdir. Uludan –kiçä öz sözleýşinde, ýazýan eserinde nakyllary hem-de atalar sözüni ulanmaýan adam ýok bolsa gerek. Nakyllar köp ýaýran žanrdyr. Olar adamlaryň durmuşynda her gün diýen ýaly ulanylýar. Onuň wagty-salymy, ýeri-ýurdy ýok. Toý-tomaşada, ýasda, aýatda, işde, dynç alyşda, öýde, mahlasy ynsan ýaşaýşynda – ähli ýerde peýdalanylýar. Nakyllar öwüt-nesihat, tälim berýän halk aňlatmasydyr. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, ýagşy-ýamany saýgarmakda, azaşany ýola salmakda, durmuşda öz ornuňy tapmakda uly mynasyp orny bardyr.
Nakyllar şu aşakdaky maksatlarda peýdalanylýar:
Birinjiden, öwüt-nesihat bermek üçin;
Ikinjiden, pikiriň düşnükli, täsirli bolmagy üçin;
Üçünjiden, aýdan sözüňi tassyklamak üçin;
Dördünjiden, ýazylýan eserlerde çeperçilik serişdesi hökmünde ulanmak üçin.
Nakyllar baý tejribe esasynda, söze çeper adamlar tarapyndan döredilýär. Olar wagtyň geçmegi bilen has-da kämilleşdirilýär hem-de baýlaşdyrylýar. Türkmeniň folklor eserleri-de Oguz han döwründen gaýdýar. “Keçäňi satsaň, goňşyňa sat, baraňda ýene özüň üstünde oturarsyň”, “Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz”, “Obadaşym – babadaşym”, “Özüňi süýt bil, dostuňy gaýmak”, “Kyýamat güni goňşudan” diýen ýaly nakyllar Oguz han döwründe döräpdir.
Alym A.Baýmyradowyň pikiriçe, türkmen folklorynyň emele gelşini dikeltmekde gadymy eser bolan “Awesta” ygtybarly çeşmedir. “Awesta” girizilen nakyllary öwrenmek hem-de peýdalanmak uly ähmiýete eýe bolar. “Oguznamada”, “Gorkut atada”, Ýusup Balasagunlynyň “Bagt getirýän bilim” eserinde, Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” kitabynda we beýleki eserlerde nakyllaryň ýazuw edebiýatdaky çeşmeleri bar.
Atalar sözi bilen nakyllar biri-birine meňzeş ýaly bolup görünse-de, olaryň arasynda özara tapawut bar. Atalar sözi düzülişi taýyndan ýönekeý bolup, many-mazmun sadalygy, göz öňünde tutýan maksadynyň gönümelligi boýunça (“Işlemedik – dişlemez”, “Söýenişen ýykylmaz”, “Müň gaýgy bir iş bitirmez” we ş.m.) tapawutlanýar. Ýöne welin atalar sözüniň göçme manyda (“Ýatan öküze iým ýok”, “Il oňlasa atyňy soý”, “Düýe garrasa, köşegine eýerer”, “Bu günki serçe düýnki serçä “jik-jik” öwreder” we ş.m.) ulanylýan ýerlerem bar.
Nakyllaryň köpüsiniň döreýşi rowaýatlar, taryhy wakalar (“Buz üstünde tozan arama”, “Aýazhan çarygyňa bakarak”, “Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol” we ş.m.) bilen baglanyşyklydyr.
Alym A.Öwezowyň pikiriçe, rowaýatlara esaslanmazdan, nakyllaryň köklerine, saklaýan syrly maglumatlaryna aralaşmak hem kyn. “Hemedan daş bolsa-da, kädi ýakyn” diýen nakyl kädi bilen baglanyşdyrylýar. Emma rowaýaty yzarlasaň welin, häzirki “kädi” sözi “kärdi” şekilinde bolup, ol “suwly ýaby” aňladypdyr. Nakylyň taryhyna degişli rowaýatda “kärdiden”, ýagny suwly ýapdan böküp geçmek hakda gürrüň gidýär.
Rowaýatlardan gözbaş alyp gaýdýan nakyllar başga-da az däl. Getirilen maglumatlar rowýatlar bilen nakyllaryň arasynda berk baglanyşygyň bardygyny görkezýär.
Dowamy bar ...
23
91
beghanym
24.04.2024 20:16
Salam hemmäňize Öwrenmeliň mähriban agzalary 🙋‍♀️

Gowymysyňyz ýagdaýlarňyz nahili ?

Size soragym bar sizem gabat geldiňizmi marydan bolsaň halanoklar ýa etjek bolýan işini otkaz edýärler ýa da ah marlylarmy diýäler name üçin ?

Bu soragy şu gün 3 nji gezek eýýäm men onlaýyn reklama edip mebel sehi satlyga çykardym emma Aşgabatly alyjy görýä harydyny göwni ýetýä amatly bahasyny ylalaşýa we nireden alyp gaýtmaly siz nireden diýýär ? Men mary diýsem duran ýerinde aý ýokla borla diýip gitýär.

Maryny ýazgarmak barada ýada balnisda gabat geldim ahally ýa aşgabatly gelinler mary özüňem ýasamasa kaýyl mary bar zadyň poddelkasyny çykarýa diýä ýada çagasyna täze aý tworygny iýdirip bolýada daşyny okap şunam mary çykarypdyrda diýip hemle atýa.
Näme üçin bilýäňizmi ?
Marlylar ökde diýäler başarýandyr edýäler herekede bereket bir ýerde oturmak ýok marynyň ilaty öz işine ynamy bolansoň ýaýradýandyra miletparazlyk nämä gerek?
Ýurdyň össe hemmämize abraý dälmi eýsem ?
Sizde nähili pikir bar ?

suratda gowy sözler bar sizem ýol ýörelge öwrenerin diýseňiz.
35
421
beghanym
24.04.2024 08:20
Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️

DURMUŞ HAKYNDA 10 SORAG

1. Hakykatdanam etmek isleýän zadyňyzy edýärsiňizmi?

2. Öz özüňize näçe wada berdiňiz we näçesini ýerine ýetirdiňiz ?

3. Siz hakda bir zatlar gyzyklanýan adam ýada size täsir etjek adam sebäpli öz düzgünleriňi bozarsyňyzmy?

4. Edip bilmeýän, ýöne etmelidigiňizi bilýän bir zadyňyz ýa meseläňiz barmy?

5. 10 ýyl ozal ýigrenen adam ýadyňyzdamy? Indi möhümmi?

6. Indi ölseňiz, ökünersiňizmi?

7. Şeýle-de bolsa, ýalňyşlyklardan gorkýarsyňyzmy asla jeza ýokmy?

8. Siziň we beýleki adamlaryň köpüsiniň arasynda näme tapawut bar?

9. Men öz häsiýetimi öwrendimmi şu soragy berip gördüňizmi özüňize ?

10. Bu gün dünýäniň soňy bolan bolsa, näme ederdiňiz?
29
167
beghanym
23.04.2024 09:57
Salam hemmäňize Öwrenmeliň mähriban agzalary 🙋‍♀️

Saglygyňyza seredip gowy durmuşyň hözürini görüp ýaşaýarsyňyzmy?

Şu gün irden bir wakany eşidip haýran galdym siz nähili pikirde ?

Bir sadaja tikin edip oturan gyz biliminisynap görýär we S.N.adyndaky O.H.U uniwersitetine okuwa girýär. Ol ilki begenýär özüniň beýle uly okuwdan okap bilimli boljakdygyna buýsanýar. Ol gyz her gün okaýar okuwyny üstünlikli tamamlamak üçin jan edýär emma onuň okany bilen hemme mesele çözülmeýär sebäbi ene atasyndan kömek ugradmaga ýagdaýlary bolmaýar. Bu gyz okuwyny taşlap gaýtmaly diýen netijä gelýär siz näme diýersiňiz ? Bu gyz dogry edýärmi ýa nädogry ? Meň pikirimçe başga çykalga gözlemeli nädip we nähili ?

Siz öz pikirlerňizi adyp bilersiňiz .
33
702
beghanym
22.04.2024 07:00
Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️

Ýatkeşlik temaň dowamy ....

Akyl üçin iýmit

Dogry  iýmitlenmegiň ýatkeşligiň, umuman saglygyň berkemegine  oňaýly täsir edýändigi birwagt subut edildi. Iýmit önümleriniň belli-belli görnüşleri  beýnide bolup geçýän biohimiki hereketlere itergi bermäge we olary çaltlaşdyrmaga  ukyplydyr. Olaryň iýmit ýa-da ýörite witaminler toplumy arkaly bedeniňize baryp durmagyna gözegçilik etmeli.

Ýatkeşligini ösdürmek üçin adam ony türgenleşdirip durmaly. Mysal hökmünde meşhur fransuz gözbagçysy Robert Udeniň bu babatda geçiren türgenleşikleri barada beren gürrüňi bilen tanşaly. Robert Uden ünsüň ýatkeşligiň aýrylmaz bölegidigine düşünýärdi. Şol sebäpli ol ýaşlykdan günde-günaşa dükanyň deňinden geçende, ondaky harytlara göz aýlaýardy. Dükandan biraz daşlaşandan soň , ol säginýärdi we gören zatlaryny (harytlary) ýeke-ýekeden ýadyna düşürýärdi. Yzygiderli türgenleşikler, dogrudan  hem, onuň ýatkeşligini ösdürýärdi. Robert günsaýyn dükanda gören harytlarynyň has köp bölegini ýatdan aýdyp bilýärdi. Bu onuň geljekde hünär saýlap almagyna-da täsir edipdi. Diýmek, bir zada üns berip, ony birnäçe gezek gaýtalasaň, ol hökman ýatda galýar.

Ýatkeşligi ösdürmekde ownuk-uşak zatlara üns bermek hem peýdalydyr. Käte ownuk bir zat tutuş  zady ýadyňa salýar. Köpümiz "Tapawutlary tapyň" diýen oýun bilen tanyşdyrys. Ilkibaşda göräýmäge iki sany birmeňzeş surat görkezilýär. Emma biz oňa üns berip seretsek, olaryň hakykatdan-da tapawutlary bardyr.

Ünsi we ýatkeşligi ösdürmek üçin, ine, şu maşk hem peýdalydyr:

Öňüňizde bir zady goýuň. Oňa biraz wagt syn edip serediň, soňra gözüňizi ýumup, şol zady göz öňüňize getirjek boluň. Soňra gözüňizi açyp, göz öňüňize getiren zadyňyz bilen öňüňizde  duran zady deňeşdiriň. Şol zadyň görnüşi doly ýadyňyzda galýança bu maşky gaýtalaň. 

Ýatkeşlik barada aýdyp, kitap okamak barada aýtmazlyk hem mümkin däldir, sebäbi bu iki zat özara berk baglanyşyklydyr. Gadym döwürlerde, ýazuw ýaňy-ýaňy oýlanyp tapylan wagty, kitap örän gyt we gymmatbahalydy. Belli bir ugurda bilim almak isleýän adamyň eline kitap düşse, ol ondaky ähli maglumatlary ýat tutmaly bolýardy. Netijede, adamyň ýatkeşligi hem ösýärdi, türgenleşýärdi. Häzirki döwürde-de kitap okamagy halaýan, oňa gyzyklanma bildirýänler az däl. Bu öz gezeginde ýadyň berkemegine we ösmegine  ýardam berýär.

Käte adam bilen tanyş bolsak-da, onuň ady ýadymyza düşmeýär. Bu käte oňaýsyz ýagdaýy döredýär. Şonuň üçin adamyň adyny ýatda saklamak üçin, tanyşanyňyzdan soň, şol günüň dowamynda azyndan üç gezek onuň adyny tutmaly.

Ýatkeşligi gowulandyrmak, ony berkitmek üçin dürli usullary ulanmak bolar: kartalaryň suratyny ýatdan çekmek, krosswordlary çözmek, goşgulary ýat tutmak. Fiziki maşklar hem ýatkeşligi gowulandyrýarlar. Daş we golaý ýerlere syýahat edip, daş-töweregi synlamak hem örän peýdalydyr.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ýatkeşlik diňe ýaşy ulalyşan adamlarda peselmän, eýsem ýaşlarda, ýetginjeklerde, has kiçi ýaşlylarda hem duş gelýär. Esasanam sanlary ýat tutmak kyn düşýän adamlar ýygy duş gelýär. Şeýle ýagdaýlarda ulular hem kiçiler telefon, awtoulag belgilerini ýat tutmaklyga çalyşmaly. Häzirki döwürde öý we el telefonlarynda bize gerekli belgileriň köpüsi saklanýar, şonuň üçin biz olary ýatda saklajak hem bolmaýarys. Muny endik edinmän , gerekli belgileri ýatdan bilmeklige çalyşmaly.

Elbetde ýatkeşlik adamyň ösüşi üçin örän ähmiýetlidir. Ýöne töwerekdäki bolup geçýän zatlaryň, hadysalaryň, gep-gürrüňleriň, täzelikleriň ählisini ýat tutmagyň geregi ýok. Artykmaç, özüňize zerur bolmadyk maglumatlary ýat tutjak bolmaň. Bu siziň ýatkeşligiňizi ösdürmän, tersine-ony kütelder.

Umaman aýdylanda, ýatkeşligi uzak wagt gorap saklamak we ony berkitmek üçin, sagdyn ýaşaýyşy saýlamak, dogry we sagdyn iýmitlenmek, zyýanly endiklerden gaça durmak, fiziki işjeňligi artdyrmak örän peýdalydyr.

Halan bolsaňyz 👍 , tasyklamak 💯✔️ teswir galdyryp bilersiňiz. Okanyňyz üçin minnetdar.
27
76
beghanym
21.04.2024 21:24
Ýatkeşlik
Adamyň ýady gaýtalanmajak, üýtgeşik  bir  täsinlikdir. Ýadyň käbir görnüşleri hatda ýönekeý biröýjükli bedenlerde-de bolýar. Emma ýatkeşligiň kütelýändigine diňe adamlar arz edýär. Ýatkeşligi gorap saklamak, ony berkitmek mümkinmikä diýen soraglar ýüze çykýar.

Ýatkeşlik nämekä?

Ýatkeşlik – bu adam beýnisiniň maglumatlary ýazmaga, saklamaga, zerur bolan ýagdaýynda suratlandyrmaga bolan ukybydyr. Emma maglumatlaryň nädip ýatda saklanýandygy we özleşdirilýändigi barada aýdyň we gutarnykly maglumat ýokdur. Ýöne şonda-da, ynsanyýet günleriň birinde alymlar bu meseläni hem çözerler diýip umyt edýär. Diňe şonda  ýatkeşlik bilen bagly meseleleriň gutarnykly çözülmegi ähtimaldyr.

Her bir adamda maglumatlary ýatda saklamagyň  öz  usullary bolýar. Adatça, adamlaryň ählisi ýatda saklamak usullary boýunça üç topara bölünýärler:

Görýän zatlaryny ýadynda gowy saklaýar.

Eşidýän zatlaryny ýadynda  gowy saklaýar.

Ýazýan zatlaryny ýadynda gowy saklaýar.

Diýmek, ýatkeşligi hem üç topara bölmek bolýar: wizual (görüş), eşidiş we motoriki (hereketlendiriji).

Ýatkeşligiň dowamlylygyna seredilende, onuň gönüden-göni, operatiw(ýerine ýetiriji) we uzak möhletleýin bolýandygyny bellemelidir. Käbir zatlary biz diňe birnäçe sekund ýatda saklaýarys, käbir zatlary bolsa uzak ýyllaryň dowamynda hem ýatdan çykarmaýarys.

Ýatkeşlige näme täsir edip bilýär?

Dürli ýagdaýlar ýatkeşligi küteldip ýa-da berkidip bilýär.

Olaryň ilkinjisi — maglumatyň wajyplygydyr. Biz üçin maglumat näçe gerekli bolsa, şonça-da biz ony berk ýatda saklaýarys. Emma bu hem hemişe beýle bolmaýar.

Adamyň ýatkeşligi ýaşy ulaldygyça ýaramazlaşýar. Emma eýýäm 30 ýaşynda-da köp zatlary ýadynda saklap bilmeýänler hem bardyr.

Psihologlaryň bellemegine görä, adam bir zady hemişe ýadyndan çykarýan bolsa, ol maglumatlar bilen bagly psihologik meseleler barada pikirlenmek gerek.

Ýatkeşlik gormonlar bilen hem berk baglanyşyklydyr. Mysal üçin, aýal maşgala aýbaşydan galand a(klimaks döwri) ýa-da ol jyns agzalarynyň keselleri bilen kesellände, onuň bedeninde estrogen gormonyň derejesi peselýär. Bu bolsa öz gezeginde ýatkeşligi küteldýär. Şol sanda ýetginjeklerde bolup geçýän  gormonal özgerişlikler hem  olaryň ýatkeşligine täsir edýär.

Lukmanlaryň geçiren barlaglary  netijesinde galkan şekilli mäziň gormonlarynyň ýatkeşlige has güýçli  täsir  edýändigi subut edildi. Olaryň  derejesiniň  iň ujypsyzja mukdarda azalmagy hem ýatkeşligiň bozulmagyna eltip bilýär. Galkan şekilli mäziň gormonlarynyň işlenilip çykarylmagy üçin ýod, B2 witamini we sink zerurdyr. Gynansak-da, käbir ýurtlarda ýa-da belli-belli sebitlerde adamlar ýoduň we B toparyna degişli witaminleriň ýetmezçiliginden ejir çekýärler.

dowamy bar.....
36
262
beghanym
20.04.2024 17:58
Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️

Şu gün menden 4 adam sorady menem siz bilen paýlaşmak isledim .

Şu günki günde smartfon telefonlardan haýsy has gowy ulanmak üçin işleýşi bolýunça biziň ýurdymyzda haýsy markaly telefonlar has amatly ?
24
302
beghanym
18.04.2024 16:39
Ertir ykbalymyň iň jogapkärçiliginiň başlan güni.
Ejemjan bilen kakamjanyň begenip garaşan enem bilen atamyň arzuwan güni bu gün gije 19 aprele geçen pursatlary meniň haýatymyň başlan pursady.
Meniň ilkinji aglan gijäm şu gije .

Yklabymdan müň mertebe şükür edýärin Beýik Alladan dileg edýän uzak ömüri dälde her beren gününi manyly şatlykly bagtly geçirmegimi.

Allajan biz üçin haýyrlysyny nesip etsin, adamzat bähbitli işlerim ugryna bolsunda.
32
158
beghanym
15.04.2024 19:21
Salam hemmäňize Öwrenmeliň mähriban agzalary, gadyrly muşdaklary.

Gadyrdan doganlar ýagdaýlarňyz gowymy ?

Men ýenede siz bilen hoş gördük täze postda.

Bu suratdakylar şu günki taýarlanymy siz bilen paýlaşmak isledim we kime resept gerek bolsa arkaýyn sorap bilersiňiz .

Täzelik

Hanymlar we jenaplar siz üçin täze konkurs gurnamakçy ýakyn wagtda paýlaşaryn .

Sizde näme teklip bar teswir galdyryp bilersiňiz mähribanlar.
40
378
beghanym
12.04.2024 13:40
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň gadyrly agzalary .

1. Siziň köpden bari görüşmedik iň gowy görýän dost ýarlarňyz bilen tötänden duýdansyz duşyşyk bolanda näme sorag bererdiňiz ?

2. Ýa-da klasdaşlar we kursdaşlar bilen ýyllyk bellenilýär şonda siz sorag bermeli bije etmeli diýlende nähili täsinje sorag taýarlardyňyz ?

3. Size berilmedik sorag we siziň bermek isleýän jogabyňyz barmy ?

@beghanym Arzuwly_Aý hemişe size jan saglyk şowlulyk arzuwlaýar .
28
287