beghanym
22.04.2024 07:00
Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️

Ýatkeşlik temaň dowamy ....

Akyl üçin iýmit

Dogry  iýmitlenmegiň ýatkeşligiň, umuman saglygyň berkemegine  oňaýly täsir edýändigi birwagt subut edildi. Iýmit önümleriniň belli-belli görnüşleri  beýnide bolup geçýän biohimiki hereketlere itergi bermäge we olary çaltlaşdyrmaga  ukyplydyr. Olaryň iýmit ýa-da ýörite witaminler toplumy arkaly bedeniňize baryp durmagyna gözegçilik etmeli.

Ýatkeşligini ösdürmek üçin adam ony türgenleşdirip durmaly. Mysal hökmünde meşhur fransuz gözbagçysy Robert Udeniň bu babatda geçiren türgenleşikleri barada beren gürrüňi bilen tanşaly. Robert Uden ünsüň ýatkeşligiň aýrylmaz bölegidigine düşünýärdi. Şol sebäpli ol ýaşlykdan günde-günaşa dükanyň deňinden geçende, ondaky harytlara göz aýlaýardy. Dükandan biraz daşlaşandan soň , ol säginýärdi we gören zatlaryny (harytlary) ýeke-ýekeden ýadyna düşürýärdi. Yzygiderli türgenleşikler, dogrudan  hem, onuň ýatkeşligini ösdürýärdi. Robert günsaýyn dükanda gören harytlarynyň has köp bölegini ýatdan aýdyp bilýärdi. Bu onuň geljekde hünär saýlap almagyna-da täsir edipdi. Diýmek, bir zada üns berip, ony birnäçe gezek gaýtalasaň, ol hökman ýatda galýar.

Ýatkeşligi ösdürmekde ownuk-uşak zatlara üns bermek hem peýdalydyr. Käte ownuk bir zat tutuş  zady ýadyňa salýar. Köpümiz "Tapawutlary tapyň" diýen oýun bilen tanyşdyrys. Ilkibaşda göräýmäge iki sany birmeňzeş surat görkezilýär. Emma biz oňa üns berip seretsek, olaryň hakykatdan-da tapawutlary bardyr.

Ünsi we ýatkeşligi ösdürmek üçin, ine, şu maşk hem peýdalydyr:

Öňüňizde bir zady goýuň. Oňa biraz wagt syn edip serediň, soňra gözüňizi ýumup, şol zady göz öňüňize getirjek boluň. Soňra gözüňizi açyp, göz öňüňize getiren zadyňyz bilen öňüňizde  duran zady deňeşdiriň. Şol zadyň görnüşi doly ýadyňyzda galýança bu maşky gaýtalaň. 

Ýatkeşlik barada aýdyp, kitap okamak barada aýtmazlyk hem mümkin däldir, sebäbi bu iki zat özara berk baglanyşyklydyr. Gadym döwürlerde, ýazuw ýaňy-ýaňy oýlanyp tapylan wagty, kitap örän gyt we gymmatbahalydy. Belli bir ugurda bilim almak isleýän adamyň eline kitap düşse, ol ondaky ähli maglumatlary ýat tutmaly bolýardy. Netijede, adamyň ýatkeşligi hem ösýärdi, türgenleşýärdi. Häzirki döwürde-de kitap okamagy halaýan, oňa gyzyklanma bildirýänler az däl. Bu öz gezeginde ýadyň berkemegine we ösmegine  ýardam berýär.

Käte adam bilen tanyş bolsak-da, onuň ady ýadymyza düşmeýär. Bu käte oňaýsyz ýagdaýy döredýär. Şonuň üçin adamyň adyny ýatda saklamak üçin, tanyşanyňyzdan soň, şol günüň dowamynda azyndan üç gezek onuň adyny tutmaly.

Ýatkeşligi gowulandyrmak, ony berkitmek üçin dürli usullary ulanmak bolar: kartalaryň suratyny ýatdan çekmek, krosswordlary çözmek, goşgulary ýat tutmak. Fiziki maşklar hem ýatkeşligi gowulandyrýarlar. Daş we golaý ýerlere syýahat edip, daş-töweregi synlamak hem örän peýdalydyr.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ýatkeşlik diňe ýaşy ulalyşan adamlarda peselmän, eýsem ýaşlarda, ýetginjeklerde, has kiçi ýaşlylarda hem duş gelýär. Esasanam sanlary ýat tutmak kyn düşýän adamlar ýygy duş gelýär. Şeýle ýagdaýlarda ulular hem kiçiler telefon, awtoulag belgilerini ýat tutmaklyga çalyşmaly. Häzirki döwürde öý we el telefonlarynda bize gerekli belgileriň köpüsi saklanýar, şonuň üçin biz olary ýatda saklajak hem bolmaýarys. Muny endik edinmän , gerekli belgileri ýatdan bilmeklige çalyşmaly.

Elbetde ýatkeşlik adamyň ösüşi üçin örän ähmiýetlidir. Ýöne töwerekdäki bolup geçýän zatlaryň, hadysalaryň, gep-gürrüňleriň, täzelikleriň ählisini ýat tutmagyň geregi ýok. Artykmaç, özüňize zerur bolmadyk maglumatlary ýat tutjak bolmaň. Bu siziň ýatkeşligiňizi ösdürmän, tersine-ony kütelder.

Umaman aýdylanda, ýatkeşligi uzak wagt gorap saklamak we ony berkitmek üçin, sagdyn ýaşaýyşy saýlamak, dogry we sagdyn iýmitlenmek, zyýanly endiklerden gaça durmak, fiziki işjeňligi artdyrmak örän peýdalydyr.

Halan bolsaňyz 👍 , tasyklamak 💯✔️ teswir galdyryp bilersiňiz. Okanyňyz üçin minnetdar.
27
75
peei
24 Aprel 2024
Koffe adama nähili peýda edýär ýatkeşlige zyýany barmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.