beghanym
21.04.2024 21:24
Ýatkeşlik
Adamyň ýady gaýtalanmajak, üýtgeşik  bir  täsinlikdir. Ýadyň käbir görnüşleri hatda ýönekeý biröýjükli bedenlerde-de bolýar. Emma ýatkeşligiň kütelýändigine diňe adamlar arz edýär. Ýatkeşligi gorap saklamak, ony berkitmek mümkinmikä diýen soraglar ýüze çykýar.

Ýatkeşlik nämekä?

Ýatkeşlik – bu adam beýnisiniň maglumatlary ýazmaga, saklamaga, zerur bolan ýagdaýynda suratlandyrmaga bolan ukybydyr. Emma maglumatlaryň nädip ýatda saklanýandygy we özleşdirilýändigi barada aýdyň we gutarnykly maglumat ýokdur. Ýöne şonda-da, ynsanyýet günleriň birinde alymlar bu meseläni hem çözerler diýip umyt edýär. Diňe şonda  ýatkeşlik bilen bagly meseleleriň gutarnykly çözülmegi ähtimaldyr.

Her bir adamda maglumatlary ýatda saklamagyň  öz  usullary bolýar. Adatça, adamlaryň ählisi ýatda saklamak usullary boýunça üç topara bölünýärler:

Görýän zatlaryny ýadynda gowy saklaýar.

Eşidýän zatlaryny ýadynda  gowy saklaýar.

Ýazýan zatlaryny ýadynda gowy saklaýar.

Diýmek, ýatkeşligi hem üç topara bölmek bolýar: wizual (görüş), eşidiş we motoriki (hereketlendiriji).

Ýatkeşligiň dowamlylygyna seredilende, onuň gönüden-göni, operatiw(ýerine ýetiriji) we uzak möhletleýin bolýandygyny bellemelidir. Käbir zatlary biz diňe birnäçe sekund ýatda saklaýarys, käbir zatlary bolsa uzak ýyllaryň dowamynda hem ýatdan çykarmaýarys.

Ýatkeşlige näme täsir edip bilýär?

Dürli ýagdaýlar ýatkeşligi küteldip ýa-da berkidip bilýär.

Olaryň ilkinjisi — maglumatyň wajyplygydyr. Biz üçin maglumat näçe gerekli bolsa, şonça-da biz ony berk ýatda saklaýarys. Emma bu hem hemişe beýle bolmaýar.

Adamyň ýatkeşligi ýaşy ulaldygyça ýaramazlaşýar. Emma eýýäm 30 ýaşynda-da köp zatlary ýadynda saklap bilmeýänler hem bardyr.

Psihologlaryň bellemegine görä, adam bir zady hemişe ýadyndan çykarýan bolsa, ol maglumatlar bilen bagly psihologik meseleler barada pikirlenmek gerek.

Ýatkeşlik gormonlar bilen hem berk baglanyşyklydyr. Mysal üçin, aýal maşgala aýbaşydan galand a(klimaks döwri) ýa-da ol jyns agzalarynyň keselleri bilen kesellände, onuň bedeninde estrogen gormonyň derejesi peselýär. Bu bolsa öz gezeginde ýatkeşligi küteldýär. Şol sanda ýetginjeklerde bolup geçýän  gormonal özgerişlikler hem  olaryň ýatkeşligine täsir edýär.

Lukmanlaryň geçiren barlaglary  netijesinde galkan şekilli mäziň gormonlarynyň ýatkeşlige has güýçli  täsir  edýändigi subut edildi. Olaryň  derejesiniň  iň ujypsyzja mukdarda azalmagy hem ýatkeşligiň bozulmagyna eltip bilýär. Galkan şekilli mäziň gormonlarynyň işlenilip çykarylmagy üçin ýod, B2 witamini we sink zerurdyr. Gynansak-da, käbir ýurtlarda ýa-da belli-belli sebitlerde adamlar ýoduň we B toparyna degişli witaminleriň ýetmezçiliginden ejir çekýärler.

dowamy bar.....
36
261
allak
25 Aprel 2024
Yat keslik yoklar name etmeli maslahat berayynda
orazow96
21 Aprel 2024
@awgust, dowry
awgust
21 Aprel 2024
@orazow96, Hawa
orazow96
21 Aprel 2024
@awgust, siz otuz ýashadynyzmy
awgust
21 Aprel 2024
Ýatkeşligiň güýjüniň 30 ýaşdan soň gowşap başlaýandygyna indi göz ýetirdim...
orazow96
21 Aprel 2024
Salam shol ýat keshlik sonky dowur manada kyn dushýa oza
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.