bayramgeldiyewarslan
16.12.2023 16:54
Çançundaky demirgazyk-gündogar uniwersitetiniň hytaýly alymlary deňiz suwundan uran almagyň usulyny oýlap tapdylar.

Häzirki wagtda urany dag jynslaryndan alýarlar, ýöne olaryň ätiýaçlyk gorlary çäklidir. Bar bolan çaklamalara görä, Ýeriň deňizlerinde we ummanlarynda bu elementiň ergininiň, takmynan 4,5 milliard, tonnasy bolup, ol gury ýerdäki uranyň mukdaryndan 1000 esse ýokarydyr.
Deňizde uran «uranil» diýlip atlandyrylýan ion görnüşinde duşýar. Şeýle-de bolsa, uranili suwdan almak kyn wezipedir, sebäbi materiallarda uran ionlaryny netijeli tutmak üçin ýeterlik ýer ýok.
Hytaýly alymlar ýöriteleşdirilen monomerler bilen örtülen uglerod süýümli mata döretdiler. Himiki taýdan gaýtadan işlenenden soň, süýüm uran bölejiklerini tutup bilýän köp sanly «jübüler» eýe boldy.
Synaglarda alymlar 24 günde deňiz suwunyň her gramyndan 12,6 milligram uran almagy başardylar. Uglerod matasynyň öndürijiligi synag edilen beýleki materiallaryň köpüsinden has ýokary boldy.
Hünärmenler bu açyşyň deňizleri ýadro ýangyjynyň täze çeşmesi hökmünde ulanmak üçin geljegi uly usuly hödürleýändigini aýdýarlar.
24
41
bayramgeldiyewarslan
16.12.2023 07:30
Şu gün, 15-nji dekabrda Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Bäsleşik mahalynda teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler olaryň çykyşlaryny diňläp, saýlan aýdymçylaryna SMS ibermek we jaň etmek mümkinçiligine eýe boldular. Şeýlelikde, ýaş aýdymçylaryň arasyndan jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin 10 aýdymçy saýlanyp alyndy. Jemleýji bäsleşige belli artistler, kompozitorlar, şahyrlar, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we köp sanly ýaşlar tomaşa etmäge geldiler.
Bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, aýdymçylar onda öz sesiniň arassalygyny, owazyny görkezmek mümkinçiligine eýe boldular. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi we watansöýüjilik aýdymlary ýerine ýetirildi.
Şeýlelikde, bu gezekki bäsleşigiň ýeňijisi bolan Bahar Annaýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy. Oňa göçme kubok hem-de sowgat gowşuryldy. Ýeňijä kubogy Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa gowşurdy.
Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde Annaberdi Orazmämmedow birinji, Şatlyk Gurbannazarow ikinji, şeýle-de Perhat Öräýew üçünji orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
17
41
bayramgeldiyewarslan
15.12.2023 17:31
Türkmenistanda däp bolşy ýaly, Baş arça Aşgabatdaky «Älem» medeni we dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Şu gezekki Baş arçanyň beýikligi 44 metr bolup, diamteri 16 metre deňdir.

Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, bu arçany bezemek üçin 4 müň oýunjak we 55 müň dürli reňkdäki yşyklar ulanyldy. Arçanyň çür depesinde bolsa, Täze ýyly alamatlandyrýan 2024 ýazgysy ýerleşdirildi.
Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän merkezine dürli monitorlar oturdylyp, ol ýerde sanly ulgam arkaly dürli şekiller görkeziler.
Şeýle hem meýdançada çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlaryny alamatlandyrýan heýkeller oturdyldy. Mundan başga-da, meýdançada Täze ýyl mynasybetli söwda ýarmarkasy guralýar.
Şu gün, 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy guralar.
20
101
bayramgeldiyewarslan
15.12.2023 06:38
Bu gije hem ozalky dek çagalaň
Ýarpy garny doýsa, ýarpy garny aç.
Olar atadan zat hantama bolman
Gelip, enäñ naharlaryna mätäç.

Olaryñ ejesi öýüne myhman,
Kakasy zawodda gije garawul.
Ata başga, enesi bir çagalar
Bäş ýaşly gyzjagaz, kiçem bir ogul.

Beýle ýagdaý bir däl, onlarça gezek
Öňem telim gaýtalanyp gelipdi.
Ine bu gün ojak odun sowadan
Şol ojakda bolmasyz iş bolupdy.

Gije ýarym. Dym-dyrslykdy töwerek.
Hat-da itler üýrmesin-de goýandy.
Ümsüzligi bozan aýylganç sese
Bir goňşy däl, bütin podýez oýandy.

Körpe bala çykyp ikinji gata
Basgançakdan aşak gaýdan bolarly.
Hojalykda ene ene bolanda
Heý-de bärde şeýle ýagdaý bolarmy.

Hushdan gitdi günäsizje chagajyk.
EJE boldy onuñ iñ soñky sözi.
Demi keslip, togtasa-da ýüregi
Achyk galdy enä zar bolan gözi.

Muny e$idip ylgap geldi atasy,
Goñshy-golam, ýakyn hossar-da geldi.
Emma chagang iñ ýakyny gelenok,
Sebäbi oñ giden ýeri näbelli.

Jañ etdiler. Gudok gitdi. Alanok.
Soñky jañda telefony öçükdi.
Ýoklugyna ol doñýürek enäniñ
Esli salym (iki-üç sagat) gechipdi.

Dolandym soñ dört-bäş günden şähere,
Bu barada eşidipdimem bolmasa.
Asyl gaty erbet bolýan ekeniñ
Gözi ýaşly ýigit ýüzin sallasa.
16
21
bayramgeldiyewarslan
14.12.2023 20:40
Eşegiň toýy
oyerdiler eshegi ozi yaly eshege
toyda ayynyng garny sygmayardy gushagna
diyen zadyng sachakda bezelgi saman kume
ahli haywan sabyrsyz garashyardy bu gune
durmusha chykyan eshek begenjinden gulup dur
kirpi towshan hem shahal toyyng sazyn chalyp dur
gurbaga aydym aydyar sesining yetdiginden
tans edip yor chal mojek tutup tilking elinden
dunye dorali bari ne beyle toy goruldi
durmush guryan eshege jemleyji soz berildi
oylenyan eshek diydi bolsada dostlar guna
eger at razy bolsa shonga oylenjek mena
gelin eshek yash dokup kumeden chykyp gitdi
eshek diyseng eshekda diyip hemme gaytdy
aydypdy atam manga parasatly bol ogul
gurleseng eshek yaly toy guni galarsyng dul
32
133
bayramgeldiyewarslan
12.12.2023 08:15
Bloomberg agentliginiň habaryna görä, 2023-nji ýylda dünýädäki iň baý maşgala 305 mlrd dollar baýlygy bilen BAE-niň dolandyryjy neberesi al Nahaýýan boldy. Bu barada agentlige salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Materialda dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawyna Walmart dükanlar toruny esaslandyryjy Uolton we Hermes lýuks brendiniň eýesi Ermes maşgalasynyň hem girendigi habar berilýär.
Sanawyň yzyny Mars konditer önümleri öndürijisiniň eýesi bolan Mars maşgalasy, Al Tani şa maşgalasy, Koch Industries nebithimiýa korporasiýasynyň eýesi Koh maşgalasy, Al Saud şa maşgalasy, nebiti gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça Reliance Industries holdinginiň eýesi Ambani maşgalasy, Chanel moda öýüniň eýesi Werthaýmer maşgalasy hem-de Reuters habarlar agentliginiň gözegçilik bukjasynyň eýesi Tompson maşgalasy dowam etdirýär.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda dünýädäki iň baý 25 maşgalanyň umumy baýlygy 1,5 trln dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende, 43% ýokarydyr.
18
49
bayramgeldiyewarslan
11.12.2023 17:14
00:05

Ýumoristiñ bloknotyndan

ÝUMORISTIÑ BLOKNOTYNDAN

Daş çyksam stolumy biri eýelär öýdüp, ol gabyz keselinden pahyr bolupdyr.

***

«Wah, agzymdan şeýtan kakdy!». Gör, sklerozyň mekirdigini, şeýtanyň ady bilen hereket edýär.

***

Onuň goşgusynyň ýekeje ýetmezi bardy, olam düşnükliligidi.

***

― Sakaldaş, näçe ýaşadyň?
― «Ata, sen bir dymsana» diýlen ýaşa-ha ýetdim.

***

― Oglum, indi senem işle.
― Kaka, men ýetim däl ahyry.

***

Ol iliň tersinedi, onuň sabyr käsesi dolanynda gaýtam oňa zat guýmalydy. Olam arakdy.

***

Öňki başlyga «zat okanok» diýip dil ýetirerdiler. Ol takal okaýardy ahyry.

***

Naharhanamyzyň müdiri bäş ýylda üç gezek maşynyny üýtgetdi. Emma menýu üýtgänok.

***

Aýakgap fabriginiň pes hilli önüm öndürmegi aýakgap remonty ussahanasyna göçme Gyzyl Baýdak getirdi.

***

Ýaranjaň dosta däl, posta baş egýär.

***

Käbir adam holodilnik ýaly bir zat, erbet häsiýetini üýtgetmän saklap bilýär.

***

Onuň goýundan tapawudy ― possunynyň tüýli tarapynyň içinneligindedi.

***

«Göreşde ataňam bolsa ýyk», emma pensiýasyna degme.

***

Olar diş-dyrmak bolşup, özlerine köşk ýaly ymarat gurundylar. (Adamsy diş tehnikdi, aýaly iliň dyrnagyny reňkleýärdi).

***

Maşynyň astyna düşen özüň bolma.

***

Taý ýetim galsa kürre bilen dost bolar.

***

Ol ilden ýüz görmese-de, ýüz elli-hä görerdi.

***

Ol hemişe «Külüňi çykaryn!» diýip käýinerdi. Diýen sözüni gögertmek üçin bolsa, eli bedreli kül atardy.

***

«Eşek semrese eýesini deper». A eýesi semrese kimi deperkä?!

***

«Ajyň aňy bolmaz». Bolsa-da doýansoň üýtgär.

***

«Mesligi goýun götär, onda-da gara goýun». Gara goýnuňam fermada bakylýany.

***

Erbet adamlaryň bolanlygy gowy zat. Ýogsam gowy adamlar erbet bolmaly däldiklerini nädip bilsinler.

***

Alym bolmak aňsat, ýuwmak kyn.

Оl birki gуş ile оt ýаkdyrmady. «Вetligi» üçin оny tорbazanyň dirеktоrlygyndan kоwdulаr.

***

Ýeri sary öküz göterýän bolsa, ol Günüň daşyndan däl-de, sygyrlaryň daşyndan aýlanardy.

***

― Maşynyň gaz alşy neneň?
― Düz ýer bolsa keýig-ä alýar.

***

Ol naçalnigiň ody bilen girip, küli bilen çykjakdy. Emma naçalnigiň öýi bug bilen gyzýardy.

***

Radio oýlanyp tapylmadyk bolsa, käbir bagşysumagy diňe sesiniň ýetýän ýeri ýigrenerdi.

***

Ol garawulam bolsa ýokary wezipä ymtylýardy. Gije başlygyň kabinetinde uklardy.

***

«Taýym, taýym» diýlip ösdürilen çaga ulalansoň eşek bolar.

***

Ol aýaly garradýan zat gündiz adamsynyň iňirdisi, gijesine-de horruldysy.

***

― Halypa, wagt näçe?
Satyjy:
― On birden 25 manat işledi.

***

― Aýalym meniň bilen aýrylyşmak üçin suda arza berdi.
― Sen razymyň?
― Wah, hawa-la, menem arza berdim.
― Beýle aňsat ylalaşyp bilýän bolsaňyz, ýaşaşybermeli ekeniňiz-dä.

***

― Aýalyň bilen sögüşýäňmi?
― Geplemän oňup bolmaz ahyry.

***

Tommaýly söz, adatça, kütek tankytçyda bolar.

***

Troleýbusa 4 köpük tölemejek bolup, ol kontýolýor geleninde, gyssanjyna 5 manadyny komposter etdi.

***

Myhmançylykda otyrkalar aýaly:
― Waý, kakasy, huşum gursun, hakyt ütügi tokdan aýyrman gaýdyberipdirin-dä ― diýýär.
Adamsy:
― Arkaýyn bolaý, gelinbaý, menem suw kranyny ýapmagy ýadymdan çykarypdyryn.

***

Pul karz alyp, soňam bermeýän ýakasy gaýyşly biri goňşusynyň ýanynda zeýrenýär:
― Adamlaryň tüýs nekgedi çykypdyr. Mämmetden 500 manatjyk karz diledim weli, ýüzüne gara çekip, hakyt bermedi-dä.
― Goňşy, menem şol nekgetleriň biridirin.

***

«Kalbymyň mawy ekranynda diňe sen görünýäň» (Diktoryň söýgülisine ýazan hatyndan).

***

― «Ondan gyşda gar alyp bolýarmy?» diýşip, maňa töhmet atýarlar. Ýalan. Her ýyl gyş jaýymyň üçegindäki gary goňşularymyň howlusyna tarap süpürýän-ä.

***

― Näme üçin okuwdan gijä galdyň?
― Biri magazinde puluny ýitirdi.
― Tapyp berjek bolduňmy?
― Ýok-la, aýagymy puluň üstünden aýryp bilmedim.

***

― Näme üçin aýalyňy oklaw bilen urduň?
― Şol aýal seňki bolan bolsa, pilsapy bilenem urardyň.

***

― Garrylygy boýun alýarmyň?
― Ýok, özi boýnuma münýär.

***

Mugallym:
― Transformator nähili işleýär?
Okuwçy:
― Huňň ― edip.

Gurbangylyç HYDYROW.
30
230
bayramgeldiyewarslan
11.12.2023 12:15
Ata-enesiniñ halan ady Hanguly. Molla aga hem şoña görä bäbejigiñ gulagyna azan-kamat gygyrdy. Bu informasiýa näme üçin. Hä, dogry, ady Hanguly bolsa-da kiçilikden kliçkasy Başkir boldy. Bu lakamy oña kim goýdy, nämeden mysal edip goýdy Alla bilsin.
Indi Başkiriñ 10-12 ýaşlaryndan padyman bolup şygyr bakýan döwri. Obanyñ gyrasy, zeykeşleriñ boýlary Başkiriñ mal bakýan örüsi. Mallaram bar 5-10 sany. Göleli sygyrlaram bar.
Ýeke özi, kämahal iki-üç bolup uzakly gün mallaryny bakýar. Mal diýen janawar meýdandan ot iýmese, öýde doýrup bilmersiñ diýip atasy aýdýar. Uzakly gün Gün ýaşýança malyñ yzynda selpemek. Añsadam däl Başkire. Şol günleriñ birinde irden ertirlik edinip oturan Başkir tw-de bir multikden birje epizod görüp galdy. Saçlary egnine düşüp duran ýalañaç boýnundan hanjar asylgy bir oglan äpet şahly sygyry münüp gelýär. Başkir haýran galyp, bäh diýenini duýman galdy, bäh-bäh.
Şondan soñ Başkiriñ keýp eden zadyna seret. Bakýan sygyrlarynyñ arasynda uzyn şahly öküz bar. Başkir oña kaçok diýýä, käte sürüden çykyp gidende gaçak diýýä. Şol öküzi münüp görmeli. Birki gezek synanyşyp gördi, erbet ökündi. Öküz ýeriñ gatysyny saýlap Başkire göz görkezdi. O ýeri, bu ýeri erbet awundy. Gaty ýere degen türresini sypalap oturşyna "Dogannam bir- diýdi Başkir. - Indi golaýnada barjak däl-leý". Emma sürüde ine-gana otlap ýören şahlak sary sygyr gözüne ilen gahryman owadan ýylgyrdy. Ol bildir gysrak galyp gelýän saryja sygyra Gülälek diýip at beripdi. Men Gülälegi mineýinde gowsy diýip böküp ýerinden turdy. Gülälek iki ýyldan bäri gysyr galýanam bolsa göwüslek sygyr. Başkir ony sypap-sermäp münjek boldy. Boýy ýetmedi. Gülälek biraz uzyn geldi. Derrew çykalga tapyldy. Ol Gülälegi ýabyñ içine kowup saldy. Soñam ýabyñ kenarynda duran ýerinden arkaýyn Gülälegiñ arkasyna mündi. Arkaýyn ýuwaş görünýän Gülälek, arkasyna münen pyýadany galgadyp alyp gitdi bat alyp, hany saklap bolsa, asyl saklajagam ýok. Bir ýerde Başkir ýykylyp galdy. Gülälek sygyr taýak atym uzaga baryp, saklandy, meýdanda bulanyp ýatan eýesine seretdi, soñam otlaberdi.
Birzamandan özüne gelen Başkir ýene Gülälege tarap garady. Niýeti Gülälegi yryp bilse, münmek. Onda-da nähili münmek. Onuñ arkasynda oturyp özüni meşhur etmek. Onuñ arkasyndan abraýly bolmak. Başkir şeyle yhlasy öküze eden bolanda, belki olam arkasyna müdürerdi. Yöne turuwbaşdan öküzden mazalyja paýyny alan Başkir soñ oña seretmedem. Gülälek bolsa başdanam kän garşylyk görkezmedi welin Başkir mundan bara umytlandy. Soñra ol Gülälegi kän azara goýdy, özem kösendi. Gülälek sygyr ahyr oña boýun boldy. Arzuwyny amala aşyran Başkir sygyr münüp sürüsiniñ başyny çekip oba dolandy. Hemmeler ony görüp haýran galdylar, käbirleri güldüler, käbirleri ýer ýumruklap hahahaýlap güldi. Başkir yhlasly zähmetiniñ netijesinde at gazandy tüweleme.
Şol günden bu ýana obamyzda bir geñ-tañ zat etmäge synanyşsañ "Başkiriñ sygyr minişi ýaly" bolgusyz bir zat tapmasana diýýäler.
Sylapberdi Muhamow
30
90
bayramgeldiyewarslan
10.12.2023 07:53
Gonkongda ýerleşýän hytaýly AI Guided startap kompaniýasy innowasion enjamy – GUIDi-i hödürledi.

Ol körlere kömek etmek üçin niýetlenendir. Täze önüm körleriň ulanýan adaty hasasyny çalyşmak üçin döredildi. Ol daş-töweregimizdäki dünýäni duýmagyň täze usulyny hödürleýär.
GUIDi goşa 8 megapiksel kamera we daş-töweregi seljermek üçin elektronika bilen enjamlaşdyrylandyr.
Emeli aňly enjam ulanyjynyň ýolunda päsgel berip biljek zatlary ýazga alyp, hakyky wagtda ýagdaýa baha berýär. Ulgam bir päsgelçiligi ýüze çykaran badyna, gyssagly seslenme bloklaryny işjeňleşdirýär.
Guşakda ýerleşýän bu bloklar päsgelçiligiň ýerleşýän ugruny görkezip, titremäniň üsti bilen päsgelçilikleri duýdurýar.
Mundan başga-da, GUIDi ykjam programma bilen Bluetooth arkaly sinhronlaşýar, ulanyja barmaly ýerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Guşak ulanyjyny barmaly ýerine ugrukdyrýar we ulanmagy aňsatlaşdyrmak üçin ondaky düwmeler Braýlyň şrifti bilen belgilenen.
18
14
bayramgeldiyewarslan
09.12.2023 16:59
Gatorland tematiki seýilgähi üýtgeşik bir “eksponata” eýe boldy. Seýilgäh örän seýrek duş gelýän ak alligatory görkezdi. Ol adamyň hossarlygynda dünýä inen ilkinji alligator boldy. Bu kiçijik täsinlik indi dünýädäki beýleki ýedi indiwiduuma goşulmak bilen, saýlama toparynyň düzümine girdi diýip, ferra.ru habar berýär.

Gatorland seýilgähiniň prezidenti we baş müdiri Mark Makhýu bu dünýä inişi “örän seýrek” we “örän täsin” diýip belledi. Täze dünýä inen urkaçy alligatoryň we onuň kadaly reňkli erkek doganynyň agramlary 96 gram we boýlary 100 sm-den pesräkdir.
Öz albinos kärdeşlerinden tapawutlylykda, bu alligatorlar haýran galdyryjy gök gözleri bilen öwnüp bilýärler we myhmanlar ýakyn wagtda olary ýakyndan görüp bilerler. Olaryň köpçülige ilkinji gezek görkezilişi 2024-nji ýylda bolar, häzirlikçe bolsa olar weterinar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanar.
21
58