bayramgeldiyewarslan
16.12.2023 07:30
Şu gün, 15-nji dekabrda Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Bäsleşik mahalynda teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler olaryň çykyşlaryny diňläp, saýlan aýdymçylaryna SMS ibermek we jaň etmek mümkinçiligine eýe boldular. Şeýlelikde, ýaş aýdymçylaryň arasyndan jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin 10 aýdymçy saýlanyp alyndy. Jemleýji bäsleşige belli artistler, kompozitorlar, şahyrlar, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we köp sanly ýaşlar tomaşa etmäge geldiler.
Bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, aýdymçylar onda öz sesiniň arassalygyny, owazyny görkezmek mümkinçiligine eýe boldular. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi we watansöýüjilik aýdymlary ýerine ýetirildi.
Şeýlelikde, bu gezekki bäsleşigiň ýeňijisi bolan Bahar Annaýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy. Oňa göçme kubok hem-de sowgat gowşuryldy. Ýeňijä kubogy Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa gowşurdy.
Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde Annaberdi Orazmämmedow birinji, Şatlyk Gurbannazarow ikinji, şeýle-de Perhat Öräýew üçünji orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
17
41
aloevera
16 Dekabr 2023
*alar
aloevera
16 Dekabr 2023
Soňky wagtlar gowy klipleri çykardy, köne aýdymlary täzeden işläp halk köpçüligine ýetirdi. Menä şola aral diýip ýördüm. Gynandym
aloevera
16 Dekabr 2023
Şatlyk Gurbannazar müň esse gowy aýtýa şondan
aloevera
16 Dekabr 2023
Eýwaý, eýýämmi?! Bahar Annaýewa?!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.