bayramgeldiyewarslan
11.12.2023 17:14
00:05

Ýumoristiñ bloknotyndan

ÝUMORISTIÑ BLOKNOTYNDAN

Daş çyksam stolumy biri eýelär öýdüp, ol gabyz keselinden pahyr bolupdyr.

***

«Wah, agzymdan şeýtan kakdy!». Gör, sklerozyň mekirdigini, şeýtanyň ady bilen hereket edýär.

***

Onuň goşgusynyň ýekeje ýetmezi bardy, olam düşnükliligidi.

***

― Sakaldaş, näçe ýaşadyň?
― «Ata, sen bir dymsana» diýlen ýaşa-ha ýetdim.

***

― Oglum, indi senem işle.
― Kaka, men ýetim däl ahyry.

***

Ol iliň tersinedi, onuň sabyr käsesi dolanynda gaýtam oňa zat guýmalydy. Olam arakdy.

***

Öňki başlyga «zat okanok» diýip dil ýetirerdiler. Ol takal okaýardy ahyry.

***

Naharhanamyzyň müdiri bäş ýylda üç gezek maşynyny üýtgetdi. Emma menýu üýtgänok.

***

Aýakgap fabriginiň pes hilli önüm öndürmegi aýakgap remonty ussahanasyna göçme Gyzyl Baýdak getirdi.

***

Ýaranjaň dosta däl, posta baş egýär.

***

Käbir adam holodilnik ýaly bir zat, erbet häsiýetini üýtgetmän saklap bilýär.

***

Onuň goýundan tapawudy ― possunynyň tüýli tarapynyň içinneligindedi.

***

«Göreşde ataňam bolsa ýyk», emma pensiýasyna degme.

***

Olar diş-dyrmak bolşup, özlerine köşk ýaly ymarat gurundylar. (Adamsy diş tehnikdi, aýaly iliň dyrnagyny reňkleýärdi).

***

Maşynyň astyna düşen özüň bolma.

***

Taý ýetim galsa kürre bilen dost bolar.

***

Ol ilden ýüz görmese-de, ýüz elli-hä görerdi.

***

Ol hemişe «Külüňi çykaryn!» diýip käýinerdi. Diýen sözüni gögertmek üçin bolsa, eli bedreli kül atardy.

***

«Eşek semrese eýesini deper». A eýesi semrese kimi deperkä?!

***

«Ajyň aňy bolmaz». Bolsa-da doýansoň üýtgär.

***

«Mesligi goýun götär, onda-da gara goýun». Gara goýnuňam fermada bakylýany.

***

Erbet adamlaryň bolanlygy gowy zat. Ýogsam gowy adamlar erbet bolmaly däldiklerini nädip bilsinler.

***

Alym bolmak aňsat, ýuwmak kyn.

Оl birki gуş ile оt ýаkdyrmady. «Вetligi» üçin оny tорbazanyň dirеktоrlygyndan kоwdulаr.

***

Ýeri sary öküz göterýän bolsa, ol Günüň daşyndan däl-de, sygyrlaryň daşyndan aýlanardy.

***

― Maşynyň gaz alşy neneň?
― Düz ýer bolsa keýig-ä alýar.

***

Ol naçalnigiň ody bilen girip, küli bilen çykjakdy. Emma naçalnigiň öýi bug bilen gyzýardy.

***

Radio oýlanyp tapylmadyk bolsa, käbir bagşysumagy diňe sesiniň ýetýän ýeri ýigrenerdi.

***

Ol garawulam bolsa ýokary wezipä ymtylýardy. Gije başlygyň kabinetinde uklardy.

***

«Taýym, taýym» diýlip ösdürilen çaga ulalansoň eşek bolar.

***

Ol aýaly garradýan zat gündiz adamsynyň iňirdisi, gijesine-de horruldysy.

***

― Halypa, wagt näçe?
Satyjy:
― On birden 25 manat işledi.

***

― Aýalym meniň bilen aýrylyşmak üçin suda arza berdi.
― Sen razymyň?
― Wah, hawa-la, menem arza berdim.
― Beýle aňsat ylalaşyp bilýän bolsaňyz, ýaşaşybermeli ekeniňiz-dä.

***

― Aýalyň bilen sögüşýäňmi?
― Geplemän oňup bolmaz ahyry.

***

Tommaýly söz, adatça, kütek tankytçyda bolar.

***

Troleýbusa 4 köpük tölemejek bolup, ol kontýolýor geleninde, gyssanjyna 5 manadyny komposter etdi.

***

Myhmançylykda otyrkalar aýaly:
― Waý, kakasy, huşum gursun, hakyt ütügi tokdan aýyrman gaýdyberipdirin-dä ― diýýär.
Adamsy:
― Arkaýyn bolaý, gelinbaý, menem suw kranyny ýapmagy ýadymdan çykarypdyryn.

***

Pul karz alyp, soňam bermeýän ýakasy gaýyşly biri goňşusynyň ýanynda zeýrenýär:
― Adamlaryň tüýs nekgedi çykypdyr. Mämmetden 500 manatjyk karz diledim weli, ýüzüne gara çekip, hakyt bermedi-dä.
― Goňşy, menem şol nekgetleriň biridirin.

***

«Kalbymyň mawy ekranynda diňe sen görünýäň» (Diktoryň söýgülisine ýazan hatyndan).

***

― «Ondan gyşda gar alyp bolýarmy?» diýşip, maňa töhmet atýarlar. Ýalan. Her ýyl gyş jaýymyň üçegindäki gary goňşularymyň howlusyna tarap süpürýän-ä.

***

― Näme üçin okuwdan gijä galdyň?
― Biri magazinde puluny ýitirdi.
― Tapyp berjek bolduňmy?
― Ýok-la, aýagymy puluň üstünden aýryp bilmedim.

***

― Näme üçin aýalyňy oklaw bilen urduň?
― Şol aýal seňki bolan bolsa, pilsapy bilenem urardyň.

***

― Garrylygy boýun alýarmyň?
― Ýok, özi boýnuma münýär.

***

Mugallym:
― Transformator nähili işleýär?
Okuwçy:
― Huňň ― edip.

Gurbangylyç HYDYROW.
30
230
aloevera
14 Dekabr 2023
Güldürdi :)
rousey
11 Dekabr 2023
👍
nabat_
11 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, 😁😁👍😉
nabat_
11 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, haaaaawaaa😁
nabat_
11 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, bolýala ikijigimiz diñe sapagymyzy okalyy yaryş hokmanam dälle🤦‍♀️😂😁
nabat_
11 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, menem düşunemmogaaa😂😁🤦‍♀️🤷‍♀️diñe okayan gonukme işleyan
nabat_
11 Dekabr 2023
@tmyigit76, Aknabat diyip girýän
tmyigit76
11 Dekabr 2023
@nabat_, näme dp girýäňiz
nabat_
11 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, menem düşinip bilsem😂🤦‍♀️🤷‍♀️
nabat_
11 Dekabr 2023
@tmyigit76, hawa şol 😇
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.