bayramgeldiyewarslan
12.12.2023 08:15
Bloomberg agentliginiň habaryna görä, 2023-nji ýylda dünýädäki iň baý maşgala 305 mlrd dollar baýlygy bilen BAE-niň dolandyryjy neberesi al Nahaýýan boldy. Bu barada agentlige salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Materialda dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawyna Walmart dükanlar toruny esaslandyryjy Uolton we Hermes lýuks brendiniň eýesi Ermes maşgalasynyň hem girendigi habar berilýär.
Sanawyň yzyny Mars konditer önümleri öndürijisiniň eýesi bolan Mars maşgalasy, Al Tani şa maşgalasy, Koch Industries nebithimiýa korporasiýasynyň eýesi Koh maşgalasy, Al Saud şa maşgalasy, nebiti gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça Reliance Industries holdinginiň eýesi Ambani maşgalasy, Chanel moda öýüniň eýesi Werthaýmer maşgalasy hem-de Reuters habarlar agentliginiň gözegçilik bukjasynyň eýesi Tompson maşgalasy dowam etdirýär.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda dünýädäki iň baý 25 maşgalanyň umumy baýlygy 1,5 trln dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende, 43% ýokarydyr.
18
49
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.