bayramgeldi_tachmyradov
11.06.2023 10:22

"SÖÝENIMIŇ SÖÝENI BAR EKENI"


Baýramgeldi Täçmyradow

13
189
bayramgeldi_tachmyradov
10.06.2023 08:58

ŞADYÝAN BOLUŇ


Şatlanyň adamlar, şadyýan boluň,

Şatlyk, munuň özi bagta çagyryş.

Ynsanda şatlygy döredýän zadam,

Çyn ýürekden dörän sada ýylgyryş.


Ýylgyryp bakyň siz birek birege,

Şatlyga beslensin her bir günüňiz,

Ykbalyňyz bagta ýugrulan bolsun,

Gülküden garrasyn güler ýüzüňiz.


Degişip, gülüşip, dost-dogan bolup,

Bu durmuşy şatlyk bilen geçiriň,

Gülki bilen göwni göge göterip,

Gam gussany al asmana uçuryň.


Hiç haçan gam gussa bolmasyn sizde,

Şatlyk, gülki, bagt tutsyn oň ornyn,

Siz bagta çagyryp ýylgyryş bilen,

Elmydam, bagtly hem şadyýan boluň.


Baýramgeldi Täçmyradow

14
79
bayramgeldi_tachmyradov
09.06.2023 15:22

...Sen bolduň kalbymda ýitip giden Aý,

Menem Aýsyz galan, hasratly gije.

16
102
bayramgeldi_tachmyradov
04.06.2023 13:33
EPIGRAF
Şahyr däl men, şahyr bolubam bilmen,
Çeker ýaly hemmeleriň ahyny,
Heý-de mendenem bir şahyr bolarmy,
Men bir ýönekeýje adam ahyry.
17
164
bayramgeldi_tachmyradov
03.06.2023 12:11
bu goşgular kim üçin ýazylan? goşguny gowy edip okasaňyz jogabyny bilersiňiz.
13
244
bayramgeldi_tachmyradov
02.06.2023 12:54
Ýolötenli gyz
13
135
bayramgeldi_tachmyradov
01.06.2023 09:31
Ykbalyň oýny
14
80
bayramgeldi_tachmyradov
31.05.2023 00:28
MENDEN BAGTLY TAPYLMAZ

Ýene goşgy goşup, waspyňy etsem,
Gije göze uky girmez, ýatylmaz.
Saçlaryň taryny, sypalap öpsem
Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.

Öpsem gözleriňden, soň maňlaýyňdan,
Soňra sagdan, onsoň sol ýaňagyňdan,
Iň soňunda öpsem gyrmyz lebiňden,
Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.

Lebleriňden sorup, aşaklap gaýtsam,
Seň ysyňmyş, gülüň ysydyr öýtsem,
Bägül ysy gelýän boýnuňdan öpsem,
Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.

Bägül ysy kükän boýnuňdan öpüp,
Seň öňüňde goşa dyzymy epip,
Öpsem men näzijek elleňden tutup,
Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.

Şondan soň razy men,
8
88
bayramgeldi_tachmyradov
26.05.2023 21:56
GIDERIN
Eger-de, bar bolsa, özge söýeniň,
Seni söýgüň bilen, goýar giderin.
Alawlaýan ot bolsada ýüregim,
Köz deýin sessizje, söner giderin.

Açaryn men saňa ýürek syrlarym,
Söýgümi duýmasaň, ýanar giderin.
Ýöne, goşgularma gaty görmegin,
Ölünçäm sen hakda, ýazar giderin.

Sen meni söýmeseň, söýmän bilersiň,
Söýmeseňde seni, söýer giderin.
Eger gitmegimi isleýän bolsaň,
Saňa mensiz dünýä, goýar giderin.

Söýmeýändir öýtme giderin diýsem,
Seni söýýänligim üçin giderin.
Sen bagtly bol, maňa seň bagtyň ýeter,
Seniň bagtyň üçin, senden giderin.
Baýramgeldi Täçmyradow
8
48
bayramgeldi_tachmyradov
25.05.2023 15:14
Tygşytlaýda menem, ekenomçy gyz
Ýogsa dynyp barýan seniň derdiňden.
Duýaňokmy, meň gutaryp barýanym
Saňa ýazýan, goşgularmyň bendinden...

salam hormatly okyjylar. käbir adamlar tarapynda
mende göwünçökgünlik döredi. şol sebäpden men size
şeýle sorag beresim gelýär. ýöne dogryňyzy aýdyň maňa
göwünlik berjek bolmaň. meniň ýazýan goşgulam
gowy dälmi. şeýle ýaramazmy. men ýazmamy dowam
etmelimi ýada goýmalymy.
13
151