GIDERIN
Eger-de, bar bolsa, özge söýeniň,
Seni söýgüň bilen, goýar giderin.
Alawlaýan ot bolsada ýüregim,
Köz deýin sessizje, söner giderin.
Açaryn men saňa ýürek syrlarym,
Söýgümi duýmasaň, ýanar giderin.
Ýöne, goşgularma gaty görmegin,
Ölünçäm sen hakda, ýazar giderin.
Sen meni söýmeseň, söýmän bilersiň,
Söýmeseňde seni, söýer giderin.
Eger gitmegimi isleýän bolsaň,
Saňa mensiz dünýä, goýar giderin.
Söýmeýändir öýtme giderin diýsem,
Seni söýýänligim üçin giderin.
Sen bagtly bol, maňa seň bagtyň ýeter,
Seniň bagtyň üçin, senden giderin.
Baýramgeldi Täçmyradow