bayramgeldi_tachmyradov
31.05.2023 00:28
MENDEN BAGTLY TAPYLMAZ

Ýene goşgy goşup, waspyňy etsem,
Gije göze uky girmez, ýatylmaz.
Saçlaryň taryny, sypalap öpsem
Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.

Öpsem gözleriňden, soň maňlaýyňdan,
Soňra sagdan, onsoň sol ýaňagyňdan,
Iň soňunda öpsem gyrmyz lebiňden,
Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.

Lebleriňden sorup, aşaklap gaýtsam,
Seň ysyňmyş, gülüň ysydyr öýtsem,
Bägül ysy gelýän boýnuňdan öpsem,
Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.

Bägül ysy kükän boýnuňdan öpüp,
Seň öňüňde goşa dyzymy epip,
Öpsem men näzijek elleňden tutup,
Bu dünýäde, menden bagtly tapylmaz.

Şondan soň razy men,
8
88
bayramgeldi_tachmyradov
31 May 2023
okyjy dz, hawa bar Maňlaýyndan öp diýip bolmaly
okyjy dz
31 May 2023
Kerim şahyryňam şuň ýaly goşgusy bardymy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.