ŞADYÝAN BOLUŇ
Şatlanyň adamlar, şadyýan boluň,
Şatlyk, munuň özi bagta çagyryş.
Ynsanda şatlygy döredýän zadam,
Çyn ýürekden dörän sada ýylgyryş.
Ýylgyryp bakyň siz birek birege,
Şatlyga beslensin her bir günüňiz,
Ykbalyňyz bagta ýugrulan bolsun,
Gülküden garrasyn güler ýüzüňiz.
Degişip, gülüşip, dost-dogan bolup,
Bu durmuşy şatlyk bilen geçiriň,
Gülki bilen göwni göge göterip,
Gam gussany al asmana uçuryň.
Hiç haçan gam gussa bolmasyn sizde,
Şatlyk, gülki, bagt tutsyn oň ornyn,
Siz bagta çagyryp ýylgyryş bilen,
Elmydam, bagtly hem şadyýan boluň.
Baýramgeldi Täçmyradow