barlagcy
03.07.2022 23:10
Bir bölek näzenin şeýle çykypdyr,
Gitdi gözüm belli birine gyzyň.
Syýa zülpün zenehdana döküpdir,
Baglanypdyr boýnum taryna gyzyň.

Gerdeni gyzylly tumardyr, bentdir,
Ýuka dodaklary nabatdyr, gantdyr,
Byradarlar, biliň şoňa manenddir —
Synasy daglaryň garyna gyzyň.

Aýny bir ahudyr sogup ýörände,
Jahyl-jümri jöwlan urar görende,
Saçlaryny darap-darap örende,
Meňzeýir gaýanyň maryna gyzyň.

Bu yşkyň belasy otdan ýamandyr,
Çendan-çendan gözläp göwnüm emendir,
Kirpikleri okdur, gaşy kemandyr,
Nyşan boldum atan tirine gyzyň.

Alsa bir är-goç ýigidiň bagtydyr,
Ol gözelniň döwran sürer wagtydyr.
Ýylgyranda gijelerim ýagtydyr,
Seretsem ýüzüniň nuruna gyzyň.

Gün ýaşansoň gujagyna gysylsam,
Daň atansoň dilim-dilim kesilsem,
Mansur kimin işiginde asylsam,
Dat diýmen dartylsam, daryna gyzyň.

Mätäji diýr, özge bile bolmanam,
Köp ýyglasa, terhosyny almanam,
Eý agalar, ölsem-ýitsem bilmenem,
Elim ýetse alma, naryna gyzyň.

Annagylyç Mätäji
12
72
barlagcy
23.06.2022 11:13
Ine, barýaň umydyňa büdüräp,
Egniň horlugyna utanyp çala.
Uzakda orkestr joşup-titiräp,
Tans edýär owadan gyzlary bile.

Hor ellerňi çykaraňok ýeňiňden,
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly.
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden,
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.

Undup bilmän görmeksizje doglanyň,
Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň.
Geçip barýan bir syratly oglanyň
Mylakatly söz aýdaryn isleýäň.

Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar:
Ýörite ýag bilen saçlaryn darap,
Olar wagtdanam ozup barýarlar,
Özlerniň owadan gyzlarna tarap.

Ah, horja gyz, horlugyňdan horlanýaň.
Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede?
Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar,
Seni öýe ugradanok biri-de.

Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip,
Owadan gülüşip ýüregňe düşýär.
Olar görmegini artdyrjak bolup,
Gezegine seniň bilen tirkeşýär.

Öýe gelýäň. Gyýýar ýüregňi ünjiň,
Hasratdan çekilýär iki owurdyň.
Aglaýarsyň: «Ah, eje jan, nämüçin
Meni beýle betgelişik dogurdyň?»

Emma goňşy gelin — bir görmegeý dul
Atasyz ogluna günäli bakýar.
Hem seniň tersiňe,
Gussa-gam çekýär:
«Owadan dogulma,
Bagtly dogul!»

Aglama, gyz! Uýajygym, gam çekme,
Bilip bolmaz ykbalyňy öňünden,
Bu howlukmaç ýigitlere at dakma.
Kim geçenok öz bagtynyň deňinden.

Käte şeýle bolýar: görkdür-görmek
Gidip otyr il içinde at alyp,
Ýöne, nämüçindir, tylla ýüzük dek
Ýolda,
Gum içinde galýar sadalyk.

Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek.
Sada bol, aýlaryň doguşy ýaly.
Şeýle ýigitler bar, (olar bar entek)
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly!

Gurbannazar Ezizow
12
141
barlagcy
22.06.2022 16:55
Sen geldiň-de,
Garyp köňlüm baý etdiň.
Ýöne,
Nämüçindir,
Ynjalygym ýok.
Sen maňa bagt berdiň örän ullakan,
Ony nädip gorajagmy bilemok.

Ýöne
Säher-säher bagtymy öpüp,
Görýän öz-özümi seniň gözüňde.
Herhal, ýolda ýatan daş däl ekenim,
Artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde.

Gurbannazar Ezizow
17
95
barlagcy
18.06.2022 13:48
Ýalaňaç dogduň adamzat
Indi saňa don gerek

Magtymguly

Aglap dünýä inýäň adam diýen zat:
Onsoň agyň gülkä garyşan gerek.
Ýöne weli gülkä garyşmak üçin
Ýurt abadan, durmuş çaglaşan gerek.

Kem-kem kämil bolýaň adam diýen zat:
Onsoň sen hanlara jan goşan gerek.
Ýöne welin jana jan goşmak üçin
Bagryň il-gün bilen badaşan gerek.

Käte ejiz bolýaň adam diýen zat:
Şonda gelip derdiň soraşan gerek.
Ýöne weli derdiň soraşmak üçin
Ozal seni dertden goraşan gerek.

Bir gün ýalňyz galýaň adam diýen zat:
Onsoň abraý bilen jaýlaşan gerek.
Ygtyýar bermersiň aglaşmak üçin,
Ýöne biygtyýar aglaşan gerek.

Kerim Gurbannepesow
11
95
barlagcy
barlagcy
17.06.2022 22:14
Dostum mahal-mahal ýanyma gelýär, Gürleşýäs. Gülüşýäs. Işlerimiz düz. Ol mensiz ýeke gün oňup bilmeýär. Men bolsa onsuz. Meniň ähli syrym dostuma aýan. Olam syryn gizläp, aldanok meni. Ol meni
barlagcy
13.06.2022 15:21
Birkemsiz gözel ýok» diýenmişinler,
Belki, şol gözelem däldir birkemsiz.
Belki, iş edende ýokdur usuly,
Belki-de, özüni söýýändir çensiz.

A sen weli, ýöräp barýaň şadyýan,
Göni bakyp adamlaryň ýüzüne,
Tur, otur sen, kitap oka, suw daşa,
Sen mydam ýeke-täk meniň gözüme.

Sen gözel däl, sen köpleriň biri sen,
Sen gözel däl, sen ömrümiň ykbaly.
Bolubersin gözelleriň ýetmezi,
Sen gözel däl, kemçiligiň bor ýaly.

Gurbannazar Ezizow
13
99
barlagcy
06.06.2022 15:42
Hoş gal, hoş hyýal, boş hyýal,ho-oş gal,
Besdir indi düýş deý göwnim aldama.
Men seniñ däl , men söýginiñ alnynda
Bütin durkum bilen bataýyn gama.

Söýginiñ sönenin satdy gözleriñ
Hoşlaş ýalbarmaýyn , ýansa-da jiger.
Durmuş Nobatguly däldir , ezizim,
Durmuş irde -giçde göwniñe deger.

Bagtly bolsañ, söýülseñ sen , söýseñ sen,
Maña orun bolmaz seniñ ýanyñda
Bagtsyz bolsañ,gorkýan,görünerin men,
Seniñ damja - damja daman ýaşyñda.

Nobatguly Rejepow
10
71
barlagcy
barlagcy
02.06.2022 15:09
Söýgi, sen gudratmy, şatlykmy, hasrat, Perişdemiň ýa-da ýaradan senmi?! Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükde, Asmany, Zemini döreden senmi?! Ynsanyň kalbyny köz ýaly dörüp, Kä söndürip, käte odun ölçerip,
barlagcy
30.05.2022 12:35

Seni ýitirmeklikden gorkýan.

Kyn geçjek günlerden asla gorkamok,
Emma sensiz geçjek günlerden gorkýan.
Bizi bir-birekden aýra düşürjek,
Awy ýaly ýaman dillerden gorkýan.

Gorkamok,tenime düşjek ýaradan,
Ýüregime düşjek ýaradan gorkýan.
Kösençli ýollardan asla gorkamok,
Sensiz ýöremeli ýodadan gorkýan.

Sensizlikde geçjek her bir günleri,
Göz öňüme getirmeklikden gorkýan.
Asla gorkamok men ajy ölümden,
Emma seni ýitermeklikden gorkyan
121
barlagcy
barlagcy
27.05.2022 16:16
Peýdasyz oýlardan gaçyp bilemok, Öçüp bilemok men, ot bolup, dünýäm! Men häzirem seni açyp bilemok, Ýaşap ýörün gury "at" bolup, dünýäm! Göwnüm — ýykyk-ýumruk, kalbym — ýekirlen, Aklym —