barlagcy
18.06.2022 13:48
Ýalaňaç dogduň adamzat
Indi saňa don gerek

Magtymguly

Aglap dünýä inýäň adam diýen zat:
Onsoň agyň gülkä garyşan gerek.
Ýöne weli gülkä garyşmak üçin
Ýurt abadan, durmuş çaglaşan gerek.

Kem-kem kämil bolýaň adam diýen zat:
Onsoň sen hanlara jan goşan gerek.
Ýöne welin jana jan goşmak üçin
Bagryň il-gün bilen badaşan gerek.

Käte ejiz bolýaň adam diýen zat:
Şonda gelip derdiň soraşan gerek.
Ýöne weli derdiň soraşmak üçin
Ozal seni dertden goraşan gerek.

Bir gün ýalňyz galýaň adam diýen zat:
Onsoň abraý bilen jaýlaşan gerek.
Ygtyýar bermersiň aglaşmak üçin,
Ýöne biygtyýar aglaşan gerek.

Kerim Gurbannepesow
11
94
Bayaga
12 Awgust 2022
Kate yalnysyarsyn Adam diyen zat... Sonda dogry yoly gorkezen gerek... Emma dogry yoly gorkezmek üçin... Haky - hakykaty saygaran gerek...
Myhman Myhman
23 Iýun 2022
Söz ýok ýürege gelýän sözler
kyyas2017
20 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
Student
18 Iýun 2022
👍👍Kerim Gurbannepesow... gaytalanmayan zehin.
Ovezova_
18 Iýun 2022
👏👏👏Gowy görýän goşgularymyň biri
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.