Söýgi, sen gudratmy, şatlykmy, hasrat, Perişdemiň ýa-da ýaradan senmi?!
Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükde,
Asmany, Zemini döreden senmi?!
Ynsanyň kalbyny köz ýaly dörüp,
Kä söndürip, käte odun ölçerip,
"Wah Şirinim" diýip, daglary ýaryp,
Perhadyň bagtyny garaldan senmi?!
Mežnun yşk oduna tapman dermany,
Şo-ol düňle çöllerde çekdi armany,
Selbini agladyp, aşyk Hemrany,
Saýadyň ýoluna ugradan senmi?!
Barha alawladyp yşgyň körügin,
Penjesine düşüp gepçi, görübin,
Şaseneme ýedi ýyllap Garybyň,
Garasyn görmäge zar eden senmi?!
Şahyr bilbil bolup söýdi gülüni,
Neçüýn ýalkamadyň bagtyň guluny,
Meňliden aýyryp Magtymgulyny,
Eziz ýeňňesine ýar eden senmi?!
Ak ýol arzuw edip, gökde pel-pelläp,
Bürgüt aşyklary ýürekden goldap.
Iň soňunda bolsa, Kerimi aldap,
Gaňňalyň, oýunda eňreden senmi?!
Bir zady bilemok, barmyka aýby,
Munda şatlyk köpmi, köpmi ýa gaýgy,
Dyz epip ýalbarýan, aýtsana, söýgi,
Bu gözel dünýäni nur eden senmi?!