barlagcy
27.05.2022 16:16
Peýdasyz oýlardan gaçyp bilemok,
Öçüp bilemok men, ot bolup, dünýäm!
Men häzirem seni açyp bilemok,
Ýaşap ýörün gury "at" bolup, dünýäm!

Göwnüm — ýykyk-ýumruk, kalbym — ýekirlen,
Aklym — azaşylan, huşum — ýitirlen.
Gözleriňi ýum-da, hany, pikirlen:
Başararmyň mensiz şat bolup, dünýäm?

Gijeler — garaňky.
Aý, bul-a geň däl!
Ýöne gündiz Günem — adaty Gün däl...
Ýaşamak şeýle kyn, bagtdan müň däl,
millionlarça gezek ät bolup, dünýäm!

Söýgini "B"-den däl, başlapdyk "A"-dan,
Ýa sen juda gyrpa, men çöňňe ýa-da...
Birmahal ýüregňi eýelän adam
Galybermelimi ýat bolup, dünýäm?!

Sapa Hommadow
12
134
kyyas2017
20 Iýun 2022
Sapa gowy düzýä berekella
Myhman Myhman
29 May 2022
Goshga ashyk men
Myhman Myhman
28 May 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍
Dusia
28 May 2022
D.S, ýagsin
D.S
28 May 2022
Bir yağmur yağsinda bi şarki çalsin...
Myhman Myhman
27 May 2022
bravo
ylham_gurbanaly
27 May 2022
Bu täze öýtýän ,öň gabat gelmändim
ay_kiz_
27 May 2022
👍👍👍👍 Haladym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.