barlagcy
26.10.2022 11:11
Dünýe-hä owadan,
Durmuş jadyly.
Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak ýok.

Namart merde sapak berer sakyrdap,
Pes-beýiklik hakda gürlär oturar.
Paýhas päki dek ýiti danalar
Akmakdan utanyp derlär oturar.

Düýnem ýaradana jort atyp ýören
Bu gün selle oranandyr başyna.
Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap,
Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne.

Bir gün geň galarsyň... Iki gün...
Üç gün...
Dördünji gün öwrenişer gidersiň.
Bäşinji gün biri alnyňdan çykar
Sen ýakaňy tutup, toba edersiň.

Märekä baş egip, salam berýändir,
On adam barýandyr daşyny gallap.
Walla, bu şol pylanyl-aý diýersiň,
Ýene-de yzyndan nazaryň ýollap.
Hawa, ol şo-ol pylanydyr — tanapsyň —
Towuk görse ütüp ýören ýelekçi...
Indi bolsa... görüp dursuň özüňem,
Yzynda märeke,
Daşynda sakçy.

Bu nähili beýle bolýa, haw diýip,
Jibrinersiň, oda-köze düşersiň.
Bir gün geçer,
Iki... üç... dört gün geçer,
Bäşinji gün eýýäm öwrenişersiň.

Hawa, bu gün ýokuş gören zadyňa
Ertesi gün eýýäm kaýyl bolarsyň.
Soňkusy gün at diýseler eşege,
Sen tassyk etmäge taýyn bolarsyň.

Indi hiç zat seniň parhyňa däldir,
Ýöne bir ýylgyryp oturansyň sen.
Elbetde, ölmeseň ýaşar ýörersiň,
Öz-özüňi welin ýitirensiň sen.

Hawa şeýleräjik dünýe — bu dünýe,
Ömür gysga, eşretinden ganmak kyn.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak kyn.
Berdinazar Hudaynazarow
16
60
barlagcy
23.10.2022 00:30
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.
Öz durmuş ornuma indi düşünýän.

Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim.
Kyn pursatym medet berdi kalbyma,
Jadyly däl — seniň ynsan gözleriň,

«Kim men?» Jogap tapman
şu günlere çen,
Seni söýüp, kimdigimi bildim men,
Ýeňil gopdum başyňdaky öýme dek,
Diýdim: «Ejiz bu dünýäde söýmedik!»

Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada:
Kynçylyk ýok,
Ejizlik bar dünýäde.

Gurbannazar Ezizow
13
63
barlagcy
08.10.2022 12:33
Bu dünýäden ýagşy adam ötende –
Gyýylýaryn bir ýyldyzyň ýitenne.
Ýitýär ýaş ýyldyzlar, garry ýyldyzlar.
Iň gerek ýyldyzlar,
Saýry ýyldyzlar.

Tirkeşip, tirkeşip, ýitýärler olar.
Arzuwlary bilen ötýärler olar.
Biz diriler bolsa hasrata çümüp,
Olaryň jesedin gaýdýarys gömüp.
Şo mahal
diňe bir jeset gömulmän.
Tonnalap, tonnalap arzuw gömülýär.

Bu gün gyýylýaryn
Ýene bir zada:
Olar bilen dem alyp bir dünýade,
Görsem-de jahanyň gündiz-gijesin,
Içsem-de durmuşyň ajy-süýjüsin,
Ýüregimde ýatan söýgimiň baryn
Olara dirikä gowşurmandyryn.
Olar çuň söýgimi bilmän gidipdir.
Iň uly algysyn alman gidipdir.

Ýatyr ýüregimde ummasyz söýgi,
Ony ýyl geçdikçe götermek görgi.
Sebäbi meňki däl, başgaňky olar.
Gowuşmaly kalba, gowuşmandyrlar.
Gerşimde birgiden
Amanat ýük bar.
Men – ölä bergidar,
Howply günäkär.

Kerim Gurbannepesow
12
164
barlagcy
01.10.2022 14:39
Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym,
Gözleriniň ody ýürekde galdy.
Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy,
Garaýşy bu goşa garakda galdy.

Müň gyzyň içinden gözüňe iler,
Onki süňňüm bilen söýüpdim näler.
Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar.
Içen antym duzda-çörekde galdy.

Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan,
Näme diýjek bolsaň diýiber ynha.
Ah! Aslynda ýygra bolmasyn ynsan,
Pyşyrdym goşa ak derekde galdy.

Garaluw gözleri ýyldyz ýalydy.
Alkymnyň aşygy gunduz ýalydy.
Dykyz bilekleri buýnyz ýalydy.
Jadyly gülküsi gulakda galdy.

Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,
Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.
Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,
O ýyllar nähili uzakda galdy...

Berdinazar Hudaynazarow
17
135
barlagcy
06.09.2022 10:32
Edil düýn ýalydy.
Ýaňy ýalydy,
Sagadyň dillerin rehimsiz towlap
Seň ýanyňa duşuşyga barýanym
Ädimlerim bilen elhenç sakawlap.

Paýtagtyň asuda köçelerinden
Kä öňe ýörärdik, kä yza bakan.
Şemal össe, tolkun atar durardy
Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň.

Bu ýerde hiç hili düşünmezlik ýok,
Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar.
Sen saga sowuldyň,
Men bolsa çepe.
Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan.

Ýöne agşam bir düşnüksiz gam bile,
Gitdim şol duşuşan ýermize bakan,
Tolkun atdy göz öňümde ýene-de
Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň.

Birden ýüregime çümdi-de gitdi
Iňňäň ujy ýaly rehimsiz ünji, —
Seň bilen duşuşyp bilmänime däl
Seň ilkinji söýgim bolanyň üçin.

Çigrek güýz agşamy haýal barýaryn.
Öçügsi ýyldyzlar öçüp asmanda.
On bäş ýyl! On bäş ýyl!
Ýaňy ýalydy!
Bir damja şor ýaşym gaçýar asfalta.

Gurbannazar Ezizow
18
210
barlagcy
03.09.2022 18:23
Gaharjaňlyk agyr günde dörärmiş»
Diýip, nämüçindir tapypdyrlar «myş»
Säher dury suwa agzyny çaýkan —
Ýaşy çene baran az sözli daýhan.

Ýaşaýşyň gymmatyn oňat bilýändir,
Çöregiň hümmetin oňat bilýändir.

Il üçin gan döken, janyndan geçen,
Üç deňiz, ýüz derýaň suwundan içen —
Durmuşyň ajysyn dadan bir esger
Saňa aýtjak sözün diýerine çen,
Gözün ýumup, ýedi ölçär — bir keser.

Ýok! Durmuşda beýle gylyk, beýle kär
Ýeňil ýürek, ýeňil günden döreýär.

Ýeňil günde adam bolarmyş hasy!
Ömrüň şol birhili akyp durmasy
Sowukda egniniň ýyly possuny,
Durmuş tukatlygy, ýürek pesligi,
Barysy birigip adaty günde,
«Gursagy darlygy» oýadýar sende.

Gahar etmek ejizligiň nyşany!
Işidir ol bikärlikde ýörenleň.

Gahar nire, gaharjaňlyk nirede!
Ýüregi ýukadyr köpi görenleň.

Gurbannazar Ezizow
20
190
barlagcy
01.09.2022 09:08
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.
Ýaprak saralanda durlanýar pikir.
Ýatlaýaň geçeni öňküden köpräk,
Hem diýýäň: «Oňatlyk, Hudaýa şükür!»

Ýöne güýzüň manysyna düşene
Diňe şu gün bile ýaşap ýörme ýok.
Çünki güýz ene deý doguryp, ýene
Indiki ýaz üçin işläp aranok.

Hana, gör, asmanda bulutlar göçýär,
Pikirem bulut deý geçýär her ýana.
Ýyldyrym gylyç deý çar ýana geçýär,
Ýyldyrym deý pikir goýsaň eýýama...

Ömri gyl üstünde ýapraklar öçýär,
Sary şemal ony tändirip geçýär.

Gurbannazar Ezizow
11
60
barlagcy
28.08.2022 14:36
Gelin - gelin bolanda

Tutan isin tiz eder
Deñ dushundan uz eder
Baran ýerin yaz eder
Gelin gelin bolanda

Gepe gybata bakmaz
Pis goreldä imrikmez
Zadyñ harama çykmaz
Gelin-gelin bolanda.

Öýkelemez cytylmaz
Sene-menä ýetilmez.
Salamlaşman ötülmez.
Gelin gelin bolanda.

Abat saklar goşuñy
Uzaldybir ýaşyñy.
Göge yetir bashyñy
Gelin gelin bolanda

Gúnañ bolsa ötüşer.
Halal işe gatyşar.
Gyssanañda yetisher
Gelin gelin bolanda.

Gol gowshyryp otyrmaz
Wagtyny bosh ötürmez.
Äre ysnat getirmez.
Gelin-gelin bolanda.

Ne nalar ne zeýrener
Agyr keşgiñ eýgerer.
Seni jandan eý görer
Gelin gelin bolanda.

Dili süýji sözli bor.
Eli çorek duzly bor.
Öýi oglan gyzly bor.
Gelin gelin bolanda.

Ik igirer ýüň darar.
Öýüň bähbidin arar.
Küreň obaňa ýarar.
Gelin gelin bolanda.

Ýykylan öýňi diklar.
Yok güniñ yzyñ saklar.
Beren duzuñy haklar.
Gelin gelin bolanda.

Süýji bişir iýjegiñ.
Tämiz bolar geýjegiñ
Abat saklar ojagyñ.
Gelin gelin bolanda.

Awtor: Shamyrat Tagan


19
150
barlagcy
25.08.2022 22:51
BOLSAŇ BOLÝAR

Sürmeler bozulsa gaşdan,
Baharlar aýlansa daşdan,
Tapawdy ýok haýsy ýaşda,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Kä gözüme ilseň bolýar!

Asman hem Zemin arasyn,
Söýginiň hökmi sorasyn.
Didämiň agy-garasy,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Maňa mydam gülseň bolýar!

Köşeşmez kalbym zary hiç,
Galan zatlaryň bary hiç.
Ýa ir bolar, ýa juda giç,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Çakylygma gelseň bolýar!

Armanym äkider ýeller,
Goý, geň görse görsün iller,
Soňky pursat gyssam elleň,
Hem bir zady bilsem bolýar,
Ýüregiňde bolsam bolýar!
16
95
barlagcy
24.08.2022 14:05
Ýañy bir añymdan öçen ýalydyñ,
Ýene düýşe girip otlaýañ meni.
Hasratlardan bir az göçen ýalydym,
Ýañadan göz ýaşlap ýatlaýan seni.

Özgä nesip boldy seniñ gül roýuñ,
Bir ölmedim synlap suratyn toýuñ,
Ne kylsamda ahyr almaly boýun,
Öçmejek söýgüm diýp ýatlaýan seni.

Saña duşup gaş kakdymmy başga men,
Senden özgä bakan bolsam käşkä men,
Indi adyñ ýazyp bilmen goşga men,
Özgäñ namysy diýp ýatlaýan seni.

Goşguda söýgümiñ ýetmez beýany,
Sensiz dünýe parhsyz o-ýan, bu ýany,
Höwes ýanyp, çüýrän arzuw hyýaly,
Hak synagydyr diýp ýatlaýan seni.

Dogmuña zat barmy müşgillik düşse,
Saklatmaz çyn söýgiñ göz ýaşy joşsa,
Ýolda, yzda saña çalymdaş duşsa,
Ähli zady undup ýatlaýan seni.

Her işde bir haýyr barmyş diýilýär,
Gözellikden edep çuññur söýülýär,
Señ mähriñi ýatlap bagrym gyýylýar,
Ýetmedik bagtym diýp ýatlaýan seni.

Ýalñyz señ ahlagyñ söýendir Hemra,
Pynhan näzik söýgüm aýandyr TAÑRA,
Bolýaryn, her pursat yşgyñda gümra,
Serden aýryp bilmän ýatlaýan seni.

Hemra Mussaýew


18
97