barlagcy
23.10.2022 00:30
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.
Öz durmuş ornuma indi düşünýän.

Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim.
Kyn pursatym medet berdi kalbyma,
Jadyly däl — seniň ynsan gözleriň,

«Kim men?» Jogap tapman
şu günlere çen,
Seni söýüp, kimdigimi bildim men,
Ýeňil gopdum başyňdaky öýme dek,
Diýdim: «Ejiz bu dünýäde söýmedik!»

Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada:
Kynçylyk ýok,
Ejizlik bar dünýäde.

Gurbannazar Ezizow
13
63
Myhman Myhman
24 Oktýabr 2022
Maýa 06 , aýdym däl ol goşgy aýdymyny indi düzerin men görlüp eşidilmedik goşgy aýdyma geçirjek
Maýa06
23 Oktýabr 2022
barlagcy,men şoň aýdymyny diňledim
barlagcy
23 Oktýabr 2022
Maýa06,bah su gosgyny on okamadyk bolsana sen onda su wagta cenli gosgy okamansyn. Yone aydymam bar su gosgyn yalnysmasam
Maýa06
23 Oktýabr 2022
Myhman Myhman,ýa bir ýerde okadym ýa da aýdym bolaýmasa
Myhman Myhman
23 Oktýabr 2022
Maýa 06 , nirden tans gelýär
Maýa06
23 Oktýabr 2022
Bir ýerden tanyş gelýälaý🤔
wolf
23 Oktýabr 2022
Raffaello,hakyky
atakulyyewa_humay
23 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
mgm
23 Oktýabr 2022
👍👏👍👏👍👏
Raffaello
23 Oktýabr 2022
Ejizler gaty köpeldi ýöne
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.