Dünýe-hä owadan,
Durmuş jadyly.
Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak ýok.
Namart merde sapak berer sakyrdap,
Pes-beýiklik hakda gürlär oturar.
Paýhas päki dek ýiti danalar
Akmakdan utanyp derlär oturar.
Düýnem ýaradana jort atyp ýören
Bu gün selle oranandyr başyna.
Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap,
Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne.
Bir gün geň galarsyň... Iki gün...
Üç gün...
Dördünji gün öwrenişer gidersiň.
Bäşinji gün biri alnyňdan çykar
Sen ýakaňy tutup, toba edersiň.
Märekä baş egip, salam berýändir,
On adam barýandyr daşyny gallap.
Walla, bu şol pylanyl-aý diýersiň,
Ýene-de yzyndan nazaryň ýollap.
Hawa, ol şo-ol pylanydyr — tanapsyň —
Towuk görse ütüp ýören ýelekçi...
Indi bolsa... görüp dursuň özüňem,
Yzynda märeke,
Daşynda sakçy.
Bu nähili beýle bolýa, haw diýip,
Jibrinersiň, oda-köze düşersiň.
Bir gün geçer,
Iki... üç... dört gün geçer,
Bäşinji gün eýýäm öwrenişersiň.
Hawa, bu gün ýokuş gören zadyňa
Ertesi gün eýýäm kaýyl bolarsyň.
Soňkusy gün at diýseler eşege,
Sen tassyk etmäge taýyn bolarsyň.
Indi hiç zat seniň parhyňa däldir,
Ýöne bir ýylgyryp oturansyň sen.
Elbetde, ölmeseň ýaşar ýörersiň,
Öz-özüňi welin ýitirensiň sen.
Hawa şeýleräjik dünýe — bu dünýe,
Ömür gysga, eşretinden ganmak kyn.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak kyn.
Berdinazar Hudaynazarow