barlagcy
01.10.2022 14:39
Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym,
Gözleriniň ody ýürekde galdy.
Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy,
Garaýşy bu goşa garakda galdy.

Müň gyzyň içinden gözüňe iler,
Onki süňňüm bilen söýüpdim näler.
Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar.
Içen antym duzda-çörekde galdy.

Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan,
Näme diýjek bolsaň diýiber ynha.
Ah! Aslynda ýygra bolmasyn ynsan,
Pyşyrdym goşa ak derekde galdy.

Garaluw gözleri ýyldyz ýalydy.
Alkymnyň aşygy gunduz ýalydy.
Dykyz bilekleri buýnyz ýalydy.
Jadyly gülküsi gulakda galdy.

Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,
Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.
Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,
O ýyllar nähili uzakda galdy...

Berdinazar Hudaynazarow
17
135
Myhman Myhman
2 Oktýabr 2022
Gosgy zor çykypdyr👍
Myhman Myhman
2 Oktýabr 2022
Salam gowy gosgular mugallym hakyndada seyle gowy gosgy bilyan bolsanyz goyayynda
jemal_seyitniyazowa
1 Oktýabr 2022
Şahyr bolan bolsam - şoňa minnetdar, O ýyllar nähili uzakda galdy...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.