barlagcy
30.12.2022 00:28
Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň,
Seniň bilen alyş-çalyş edeýin.
Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber,
Men baýlygmy saňa bagyş edeýin.

Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan
Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun.
Üstesine hiç zat talap etmäýin,
Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun.

Elimden al derejämi, çinimi,
Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber.
Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen
Düýşe dönen şo-ol on sekiz ýaşy ber.

Seňki bolsun, içi ýumşak maşynym,
Seňki bolsun, gatbar-gatbar otagym.
Maňa besdir, şo-ol on sekiz ýaş bilen
Garyp çatmam — şol köneje ketegim.

Müň bir aladadan hum bolan kelläm
Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin.
Kakabaş günleri küýsän ýüregim
Porhan bolup, gursagyma sygmasyn.

Öňümdäki mele-myssyk nany al,
Deregine ýylçyr gara daşy ber,
Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn,
Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber.

Öwezin almaga ýitirlen ömrüň
Hakym barmy, ýokmy, hany aýdyp ber.
Men bu dok durmuşy saňa bereýin
Sen garny aç ýaşlygymy gaýdyp ber!

Berdinazar Hudaýnazarow
13
63
barlagcy
26.12.2022 08:37
Eý-how, bu ýalançy oýny näteňet,
Geçen ömrüň göýä düýş bolup galdy.
Ataly-eneli bolandygyňa
Ynanmagyň özem iş bolup galdy.

Bu niçik ahwalat, bu niçik oýun
— Düşünýärsiň, ýöne bolaňok boýun.
Ýap-ýaňy ýatakda mäleýän goýun
Gör ahyr gapyda läş bolup galdy.

Akyl ýetir, geçme beýle çig bolup,
Ýaşa, adam bäş gün keýpi çag bolup.
Edil ýaňja Gün dogupdy çog bolup,
Seret oňa, eýýäm çäş bolup galdy.

Şol bir alada bar başynda hemmäň:
Gün-güzeran diýip atýarys hallan.
Sen neneňsi närse, Sen näme heňňam?
Alty dogan bardy, bäş bolup galdy.

Hany, maýsa bolup çogýan ýylaklar...
Hany, mele suwdan püre-pür kaklar. Towşanyňka döndi arslan ýürekler,
Ak çägeler gara daş bolup galdy.

Heý, serhetiň-çägiň bolmazmy, sabyr,
Rysgal çäkli boldy, ykballar agyr,
Görülen görgüdir çekilen jebir
Bakyň, bagrymyzda baş bolup galdy.

Ötdi bahar paslym, jahyllyk ötdi,
Ýitdi, gumda goýan yzlarym ýitdi.
Takdyr diýlen närse kejine tutdy,
Perişde peslere duş bolup galdy.

Gün aýlara, aý ýyllara ulaşdy,
Guýular gömüldi, obalar göçdi,
Kerwen-kerwen bolup nesiller geçdi,
Düýnki syrlar bu gün paş bolup galdy.

Söýýän men, elbetde, durmuşy söýýän,
Arman, görüp durus, garrady eýýam.
Bizem düýn çagadyk, gojaldyk eýýäm,
Diňe ak säherler ýaş bolup galdy.

Berdinazar Hudaýnazarow
15
39
barlagcy
21.12.2022 10:23
Däli köňlüm telwas eýle, aram jaýym Watandadyr,
Oka, öwren, yhlas eýle, şöhrat-şanym Watandadyr,
Gyş gutaryp kükräp gelen joşgun ýazym Watandadyr,
Ýasym sowup, toýum tutjak ýakyn-ýadym Watandadyr,
Ýat illerden mesgen bolmaz, göbek ganym Watandadyr.

Çöllerinde seýil edip, daglaryny pena bildim,
Jülgeden öwsen ýellerin, Hakdan gelen sena bildim,
Düňle çölün, dag-derýasyn Hudaý gurgan bina bildim,
Dutaryndan paýhas alyp, gyjagyna bagrym dildim,
Berk tutan maksat-myradym, dünýe-malym Watandadyr.

Dowar bakyp, şöwür çekip, ygdym Ahal alasynda,
Ata-babam sesin eştdim Gök gümmürdän halatynda.
Perýadyn duýdum käbämiň zaryn ýelleň nalasynda,
Ýeke galdym, ýalňyz galdym arşyň-kürsüň arasynda,
Ýanar ruhum, perýat-ahym, seždegähim Watandadyr.

Gara başym gala tutdum, Aköýliniň öwlady men,
Otda ýandym, suwda söndüm, eýlemedim jöwlany men,
Keç ykbaly geçdi bil-eý, entek sürem döwrany men,
Her pursatda Haka sygnyp, çagyrmyşam Möwlamy men,
Hem geçmişim, hem geljegim, hanymanym Watandadyr.

Beýik Saparmyrat Turkmenbasy
19
47
barlagcy
15.12.2022 17:11
Şol gün ýagyş ýagdy, ýeri yzgarlap,
Ýadymda, howa hem bolupdy ýelli...
...Işikdäki ýodajygy yzarlap,
Meniň uly ýola çykasym geldi...

Ýollar meni öz günüme goýmady,
Onsoň, alyslara berdim göwnümi.
...Garry öýüm, taşlap gitdim goýnuňy,
Gelmek üçin, ýene bir gün öwrülip...

Ganat-per çykaran, bigam guşlardyr,
Ömürlik terk edýän höwürtgesini. ...Düşünemok, ynsanyň, bu durmuşda,
Ýollar bilen beýle höwrügmesine...

Men aýlanyp geldim sagy-sollary,
Karar tapman ilerde hem gaýrada.
...Ah, ýyllar çaň-tozany däl ýollaryň,
Üst-başyňdan kakyp, silkip aýrara...

Bosagaňy maňlaýyma sylaýyn,
Enem-atam mähri siňen ojagym!
...Meni, ýüzläp ýollar edipdi maýyl,
Saňa welin, getirdi bir ýodajyk...
14
46
barlagcy
13.12.2022 15:37
Ynan maňa ...

Bu gije girerin, ýene düýşüňe,
Mümkin, şol ak köýnek bolar egnimde...
Sen ýadyrgap ýarygije, üýşenme,
Bakma, wagtyň birçak hem bir çendigne,
Ynan mendigme!

Düşünýän, söýginiň gyzamyk ýaly,
Näçe giç geldikje, kyn ekendigne.
Saçyň ysgap geçse säher şemaly,
Göwün etme bir awara ýeldigne,
Ynan mendigme!

Juwan halda baryp düýşleň käsinde,
Galyp bolsa... Ah, bilýärin geňdigni.
...Käte, boýçy görseň çaýly käsäňde,
―Kimkä?‖ diýip, yrym edip emgenme,
Ynan mendigme!

Girerin täzeden seniň düýşüňe,
Gör, ýene-de görä köne endigme.
Diýsem „Howa sowuk, gaty üşedim,
Şu wagta çen, seni gözläp eglendim...‖ ,
Ynan mendigme!

Annamuhammet Kirşenow
19
45
barlagcy
11.12.2022 02:54
Synym düşdi bir gözele,
Galdym garana-garana.
Kepderige çalym eder,
Görseň darana-darana.

On sekizde aýny ýaşda,
Ýokdur kemi gözde-gaşda.
Şeýle çeper eli işde,
Nusga görene-görene.

Nazarynyň bolmaz şeki,
Edep-haýa ähli ýüki .
Goşa gümmez döşündäki,
Ýakdy yrana-yrana.

Kimiň bagty,kime hemdem,
Jyda kyljak jandan-demden.
Içdigidir Aby-zemzem,
Lebin sorana-sorana.

Nowruz Gurbanmyradow
15
25
barlagcy
10.12.2022 10:17
Uz jemalyň — uzakda,
Ýatlamam — ýakyn pişe...
Oýlanýarmyň men hakda?
Men sen hakda — hemişe!

Bulut ýagjak-ýagjakda,
Garalsa, üýşe-üýşe...
Oýlanýarmyň men hakda?
Men sen hakda — hemişe!

Çagyr ýoluma bak-da,
Baram, bagrymda süýşe...
Oýlanýarmyň men hakda?
Men sen hakda — hemişe!

Aýralyk — agyr çakdan,
Çäre ýokdur bu işe...
Oýlanýarmyň men hakda?
Men sen hakda — hemişe!

Ýürek meňzeş gursakda
Agyryly bir dişe...
Oýlanýarmyň men hakda?
Men sen hakda — hemişe!

Uky gaçdy bu çakda,
Sen hem gireňok düýşe...
Oýlanýarmyň men hakda?
Men sen hakda — hemişe!

Annamuhammet Kirşenow
14
80
barlagcy
07.12.2022 00:50
Ak ýüzünde gara zülpüň hünäri,
Dawa edip, jeň başlady ýel bile;
Älemi ýandyrar bilbiliň zary,
Meger, bäs eýlemiş gyzyl gül bile.

Aşyga ar getir lebzinden dänme,
Bir merde ýaraşmaz hiç soňun sanma,
Didara doýma ýok, şu mähre — ganma,
Ýör, boýuňa guwanaýyn, ýol bile.

Aşyklyk derdine tapylmaz çäre,
Gamzaň okdur, peýkam salypdyr ýara,
Üç ýogyn, üç inçe, üç ak, üç gara —
On iki syn ýaraşmyş niçe bil bile.

Aslyňy sorasam — iliň uşagy,
Biliňe urup sen tirme guşagy,
Meni ýakdy alkymlaryň aşagy,
Alma zenahdanlym, jüre hal bile.

Bu ne syrdyr, ýaýma ýakyna-ýada,
Delmirip gelip men gapyňa dada.
Ýakyp sen, örtäp sen, salyp sen oda,
Duzladyň söz bile, dildiň dil bile.

Kemine diýr, eşit meniň pyganym,
Müjgäniň hanjardyr, akyzdy ganym,
Sen meni köýdürdiň, binurbat zalym!
Ak üstüne gyzyl geýdiň al bile.

Kemine
19
63
barlagcy
04.12.2022 20:38
Şol diýip
Ýüz ýigit düşüpdi yşka,
Gyz bolsa birine beripdi göwün.
Toýda
Tutuş oba gülüpdi... Ýöne
Togsan dokuz ýigit
Aglapdam şo gün...

Şeýdip oba gyzy bolupdy gelin...
...Gelinlik has beter artdyrdy görkün.
Goşa egni göýä terezi kimin
Üstünde deň saklap gözellik ýükün,

Görk bilen Akyly ölçeýän ýaly
Des-deň bolup durdy (Kän-kän eginler
Taý getirip bilmän şol iki ýüki,
Ýeňil tarapyna bökýar kä günler).

Ýaşyl ketenili dim-dik eginler,
Keteniň üstünden gögerçin gyňaç –
Şowurdap işikden toýa geçende,
Eneler diýerdi: «Şuň ýaly agaç,
Gök ýaprakly agaç, saýaly agaç
Meniň balama-da salsyn-da saýa!»
Ol bolsa ýuwaşja ýylgyrýandyr-da,
Uz basyp barýandyr
Toý tutýan jaýa.

«Öwülýän-ow»... diýip gark bolmaz oýa.
Gümradyr öz küýi, öz işi bilen.
(Oň bilen müň kişi gümradyr welin,
Ol gümradyr diňe
Bir kişi bilen...)

Biri iliň-günüň alkyşy bilen
Garramajak bolsa, şol sona gelin
Garramaly däldi. Emma elli güýz
Oňa elli ýerden urupdyr elin.

Kakypdyr ýapragyn, döküpdir gülün.
Diňe gözlerinden çen etdim gelni.
...Seniň häsiýetiňe belet men, Wagt,
Ýöne Senden bir zat sorasym geldi:
Teý bolmanda,
Käte,
Şuň ýaly gelni
Gorap bileňokmy ýel-guzdan, posdan?
Näme üçin Saňa Gözellik bolsun,
Ha Bedroýlyk bolsun – hemmesi des-deň?
– Des-deň däldir!
(Güňlenç seslendi Wagt):
Men hem Gözelligiň aşygy, ogul.
Ýöne... borjum şeýle...
Wagtyň gözünden
Ýere tütäp gaçdy bir tokga nogul.
Ýalançy nogulmy?
Ýa çynçy nogul?
Çynçy! Ýalançy zat tütärmi eýsem.
...Sen hem-ä talaýaň, hemem lowlaýaň...
Jellatmyň, şahyrmyň –
Aýtsana, kim Sen?

Kerim Gurbannepesow
18
129
barlagcy
03.12.2022 11:50
Güýz güni. Howanyň Ýüzi diýseň çal, —
Baglaryň iň soňky
Ýapragy gaçýar.
Gark bolup gojaman Daglar dumana,
Tukat nazar bilen
Bakýar ummana.
Ýat edýär köl-derýa, Ördegin-guşun.
Söýýän güýz paslynyň
Tukat görnüşin!
Bilýän, guşlar geler Derýadyr köle.
Baglar ýaşyl donun
Geýer müň ýola.
Ýöne nämüçindir Güýz howasy dek,
Ýumşak gussa bilen
Örtülýär ýürek.
Goýup ýüregimde Bitmejek yzy.
Geçdi bu ömrümiň Gelmejek güýzi.

Gurbannazar Ezizow
12
43