barlagcy
30.12.2022 00:28
Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň,
Seniň bilen alyş-çalyş edeýin.
Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber,
Men baýlygmy saňa bagyş edeýin.

Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan
Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun.
Üstesine hiç zat talap etmäýin,
Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun.

Elimden al derejämi, çinimi,
Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber.
Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen
Düýşe dönen şo-ol on sekiz ýaşy ber.

Seňki bolsun, içi ýumşak maşynym,
Seňki bolsun, gatbar-gatbar otagym.
Maňa besdir, şo-ol on sekiz ýaş bilen
Garyp çatmam — şol köneje ketegim.

Müň bir aladadan hum bolan kelläm
Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin.
Kakabaş günleri küýsän ýüregim
Porhan bolup, gursagyma sygmasyn.

Öňümdäki mele-myssyk nany al,
Deregine ýylçyr gara daşy ber,
Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn,
Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber.

Öwezin almaga ýitirlen ömrüň
Hakym barmy, ýokmy, hany aýdyp ber.
Men bu dok durmuşy saňa bereýin
Sen garny aç ýaşlygymy gaýdyp ber!

Berdinazar Hudaýnazarow
13
63
Myhman Myhman
18 Fewral 2023
👌🏻👌🏻👌🏻👌🏻
HangeldiAmanberdiýew
30 Dekabr 2022
Gowy goşgy eken yone hic hacan gecen zady islemeli däl her ýaşyň óz täsinligi bolya shondan lezzet alyp yaşa 18 yaşda adam diñe ózini bilya 70 yaşda agtyk çowluklañ şolañ bagtyna guwanyp yaşamaly adam pahyr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.