Şol gün ýagyş ýagdy, ýeri yzgarlap,
Ýadymda, howa hem bolupdy ýelli...
...Işikdäki ýodajygy yzarlap,
Meniň uly ýola çykasym geldi...
Ýollar meni öz günüme goýmady,
Onsoň, alyslara berdim göwnümi.
...Garry öýüm, taşlap gitdim goýnuňy,
Gelmek üçin, ýene bir gün öwrülip...
Ganat-per çykaran, bigam guşlardyr,
Ömürlik terk edýän höwürtgesini. ...Düşünemok, ynsanyň, bu durmuşda,
Ýollar bilen beýle höwrügmesine...
Men aýlanyp geldim sagy-sollary,
Karar tapman ilerde hem gaýrada.
...Ah, ýyllar çaň-tozany däl ýollaryň,
Üst-başyňdan kakyp, silkip aýrara...
Bosagaňy maňlaýyma sylaýyn,
Enem-atam mähri siňen ojagym!
...Meni, ýüzläp ýollar edipdi maýyl,
Saňa welin, getirdi bir ýodajyk...