Eý-how, bu ýalançy oýny näteňet,
Geçen ömrüň göýä düýş bolup galdy.
Ataly-eneli bolandygyňa
Ynanmagyň özem iş bolup galdy.
Bu niçik ahwalat, bu niçik oýun
— Düşünýärsiň, ýöne bolaňok boýun.
Ýap-ýaňy ýatakda mäleýän goýun
Gör ahyr gapyda läş bolup galdy.
Akyl ýetir, geçme beýle çig bolup,
Ýaşa, adam bäş gün keýpi çag bolup.
Edil ýaňja Gün dogupdy çog bolup,
Seret oňa, eýýäm çäş bolup galdy.
Şol bir alada bar başynda hemmäň:
Gün-güzeran diýip atýarys hallan.
Sen neneňsi närse, Sen näme heňňam?
Alty dogan bardy, bäş bolup galdy.
Hany, maýsa bolup çogýan ýylaklar...
Hany, mele suwdan püre-pür kaklar. Towşanyňka döndi arslan ýürekler,
Ak çägeler gara daş bolup galdy.
Heý, serhetiň-çägiň bolmazmy, sabyr,
Rysgal çäkli boldy, ykballar agyr,
Görülen görgüdir çekilen jebir
Bakyň, bagrymyzda baş bolup galdy.
Ötdi bahar paslym, jahyllyk ötdi,
Ýitdi, gumda goýan yzlarym ýitdi.
Takdyr diýlen närse kejine tutdy,
Perişde peslere duş bolup galdy.
Gün aýlara, aý ýyllara ulaşdy,
Guýular gömüldi, obalar göçdi,
Kerwen-kerwen bolup nesiller geçdi,
Düýnki syrlar bu gün paş bolup galdy.
Söýýän men, elbetde, durmuşy söýýän,
Arman, görüp durus, garrady eýýam.
Bizem düýn çagadyk, gojaldyk eýýäm,
Diňe ak säherler ýaş bolup galdy.
Berdinazar Hudaýnazarow