barlagcy
12.01.2021 15:54
Rus imperiýasy 1879-nji ýylda Türkmenlerden ýeňilendiklerini özlerine namys bilip, söweşlerde at gazanan general Skobelewe, güýçli goşun bilen türkmen topragyna täze ekspedisiýasy tabşyrylýar. Şeýlelik-de, birinji söweşde bir näçe adam ýitiren türkmenler, ruslaryň täze eskpedisiýasyna daýanyp bilmän, Gökdepe galasynda urşy dowam etdirýärler. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda, ruslar tarapyndan 1 tonna 120 kilogram därini galanyň gündogar böleginde partladyp, galanyň içinde aljyraňlyga düşen adamlary uçdantutma gyryp başlaýarlar. Ýöne 23 gün galada gabalan türkmenler, Watan üçin bir gezek däl, 25 gezek ölmelem bolsa taýýardylar. Olar muňa boýundylar. Olarda esasy maksat Ata-Watan üçin jan bermek, şehit bolmakdy. Olar Watan üçin, ar-namys üçin gara başy gurban etmegiň diňe sözde däl-de, durmuşda nähili bolýandygyny görkezipdiler.
Her ýyl bütin Dünýä türkmenleri, Watan üçin wepat bolanlaryň hatyra gününi uly il bolup döwlet derejesinde ýatlaýarlar. Gökdepe galasynda dökülen ganyň manysyz däldigini, şol uruşda wepat bolanlaryň hakyky Watan gahrymanlarydygyny arkaýyn aýtsa bolar. Ondan öňem, soňam Watan üçin şirin janyny gurban edenleri Gökdepe galasynda şehit bolanlar bilen bir hatarda hatyralamakdyr. Bu gahrymançylyk bizi parahatçylykly günlerde-de Watanyň gymmatynyň, hatda öz janymyzdanam gymmatlydygyny ýatladyp durmalydyr. Bu bize ata-babalarymyzdan galan iň uly baýlygyň, iň gymmatly mirasyň biridir.
Gökdepe galasynda şehit bolan ynsanlaryň jaýy jennetden bolsun, yzynda doga-dileg edip ýatlaýan nebereleriniň ýurdy abat, halky agzybir bolmaklaryny Beýik Biribardan dileg edýärin.
Rus imperiýasy Gökdepe Galasyny partladyp ýeňiş gazanyp, az wagtlaýyn hem hökümdarlyk edenem bolsa, türkmen öz gaýduwsyzlygy bilen, şu günki günde türkmen halky öz ýeňişini özbaşdak, Garaşsyz hem Bitarap Döwlet bolup özüni bütin dünýa tanatmagy gazandy. Biz ýaşlar, Garaşsyz Baky Bitarap asuda Watanyň abraýy üçin edýän her bir işimizde, okuwymyzda gujur-gaýratymyzy, yhlasymyzy görkezmeli we edil ata-babalarymyz ýaly ýatlanmaga mynasyp adamlar bolup ýaşamalydyrys. Biz parahatçylykly, asuda günlerde Watana şan-şöhrat getiren zähmet gahrymanlary bolmalydyrys.
9
193
barlagcy
05.01.2021 16:18
Öz bolşuma özüm galyplar haýran.
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Yşgyň ody elheder-ow-elheder,
Aklyň alyp, enteder-ow-enteder...
Giň dünýäni açmak üçin gaýtadan,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Sen bilýarmiň: ýaşlyk näme, ýaş näme?
Tutuş ömre degýän täsin düýş näme?
Dideleňde öz-özüme duşmaga,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Ahmalym ne: ýa gelgeý, ýa gelmegeý,
Ahwalym ne - ýa bilgeý, ýa bilmegeý,
Sowallara gapgarylyp telbe deý,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Gözläp yşgy küt kitaplaň gatyndan,
Ahyr tapdym birje söýgi hatyndan.
Nämemiş perwan:a oda atylmak?!
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Öňküje özümden ara açyp men,
Del-düregeý dünýä aralaşyp men.
Aýtjak sözlerimi şygra goşup men,
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Ýolum suwlap gökden inen ýagyşlar,
Ör turup, ýol berdi maňa agaçlar...
Mende başga çykalga ýok, bagyşla...
Men ýene-de seniň ýanyňa barýan.
Kakamyrat Rejepow
15
171
barlagcy
04.01.2021 00:50
Örän syrdam, salyhatly ýörände,
Köýnegi gök, ak bolmaly ýüzleri.
Iňrikden soň gije ýere garanda,
Öpdüm onuň gije gaçan gözlerin.
Gündizler sünnäläp suratyn çekdim,
Gijeler düýşümde janlandy surat.
Sakgal-murtum syryp, şähere çykdym,
Bar gözlegim boldy şol syrdam syrat.
Sökdüm ýakyn-yrak ençeme ýoly,
Ahyr şol gözele gözlerim düşdi.
Ol bolsa, hiç zada düşmeýän ýaly,
Öz pikiri bilen duşumdan geçdi.
Men gygyrjak boldum onuň yzyndan,
«Düşün ahyr, düşün seni gözleýän.
Oýlan meniň düýşüme-de giripdiň,»
Diýip, dil däl, ýürek bilen sözleýän.
Geçip gitdi şowurdadyp köýnegin,
Gözi gara, köýnegi-de gök eken.
Şu gözeldi meniň ähli gözlegim,
Ýöne gözel meni gözlänok eken.
Gurbannazar Ezizow
17
148
barlagcy
02.01.2021 01:55
Hany, geçiň giň saçagyň başyna!
Bäş minut galypdyr onki bolmana.
Döz geldik biz ýyllaň tomus, gyşyna,
Sarpa goýdyk bereketli ummana.
Döz geldik tupandyr tüweleýlere,
Guran binamyza söýenýär asman.
Görenler diýerler: «Baý tüweleme!»
Haýran galar rowaýaty gahryman.
Meň, Täze ýyl, saňa kän haýyşym ýok,
Şatlyk hem bagtymyň öňküsem ýeter.
Gussa-gaýgym bolmasyn-a diýemok,
Ýöne köp bolmasyn öňküden beter.
Dostlarym ýyl-ýyldan azalyp gelýär,
Hemmäniň ýagdaýam bolmaly şeýle.
Doganymça bolsa, diýmek dostum däl,
Dogandanam eziz ýeke dost saýla.
Öz ýerinde bolsun ýagmyrdyr duman,
Öz ýerinde tomus bolsun, ýaz bolsun.
Toý gününde oturşykda oturan
Daş çykanda
Oň gybaty az bolsun.
Agşamara işden gaýdyp geliner,
Şonda öýde çäýnek-käse döwülsin.
Sögünmesin onuň üçin gelinler,
Onuň üçin çagalarmyz söýülsin.
Soňky sözüm: onki jaňyn kakanda,
Täze ýyl, ýoluňa sepilsin güller.
Men näm bolsam şo bolaýyn jahanda,
Saňa nesip etsin ajaýyp günler!
Gurbannazar Ezizow
13
196
barlagcy
30.12.2020 13:22
Ýagyşyň ýagmagy başarşy ýaly,
Aý, Günüň dogmagy başarşy ýaly,
Derýalaň akmagy başarşy ýaly,
Ýyldyrymyň çakmagy başarşy ýaly,
Biziň hem (bolsak-da haýsy hünärde!)
Ýagmagmyz,
Akmagmyz,
Çakmagmyz gerek.
...Köçe suwlaýanlar ýuwsun köçäni
Her gün iki gezek.
Belki, üç gezek.
2
Jaý gurýan adamlar
döwletiň beren
Ähli çüýün, reňkin, hekin, sementin
Şol jaýa siňdirsin. Birje gramyn
Ne-hä artyk goýsun, ne-de kemeltsin.
3
Zat satýan adamlar
döwletiň beren
Matasyn, eşigin, çäýnek, çemçesin
Magazinde satsyn, ýaşigi bilen
Jygyllygyň, howlusyna göçmesin.
Nebis diýilýän zat çenden geçmesin,
Geçse –
ýuwutjak ol bogaz düýäni.
Men bir magaziniň müdirin bilýän,
Bogaz düýäni däl, bogaz dünýäni
Ýuwutmaga taýyn. Elleri ýetse –
Aýy hem goparyp, bazarda satjak.
Halal zähmet bilen gabarsyn gapjyk,
Halal nygmat bilen bugarsyn saçak.
4
«Žiguli»
jüýje dek kopelip barýar –
Kelpeziň ölümi, akyllyň bagty.
Sowulyň, ýene-de bir kelpez gelýär.
Işi gyssag borly saklamaň ýigdi.
Onýança maňlaýy betona degdi.
Üç çagaly maral ýas tutdy ertir...
Maşyn artdygyça – paýhas köpelsin.
Maşyn artdygyça –
Artmasyn ýetim.
5
Täze ýyl
dogulsyn müňläp ogullar,
Dogulsyn, dogulsyn,
Has köp dogulsyn.
Ýöne kiçi-girim ogullar däl-de,
Hemmesi-de goçak ogullar bolsun.
Munça goçak ogul sygarmy dünýä?
(Meger, bu arzuwym juda çökderdir)
Goç ogullar üçin ýer darlyk etmez,
Dünýä sygmaýanlar owunjaklardyr.
6
Bir zalym kesel bar.
Adyn tutmaýyn.
Ýok bolsun dünýäden şol zalym Kesel!
Ol hakda etmäýin artykmaç gürrüň –
Gürrüň etsem, müňläp ýaralar erser.
Onuň garşysyna ne tankyt gerek,
Ne-de goşgy gerek, ne-de bir gürrüň.
Diňe derman gerek. Olam tapylar –
Edil sitromon dek satylar bir gün.
7
Täze ýyl
şeýle bir lukman ýyl bolsun –
Nesilsiz ojaklar bolsun nesilli.
Önelgesiz enäň, perzentsiz ataň
Çökgün göwünlerne insin teselli.
Namut sallançaklar,
Namut gujaklar,
Tukat öýler bolsun «jagyl-da-jugul».
Enäň her dyzynda bir gyz otursyn
Ataň dyzynda-da şonçarak ogul.
8
Aýlar, ýyllar şeýdip geçişip barýar.
Ynha ýene bir ýyl gerdene mündi.
Gutardy ýene bir kalendarymyz –
Hiç mahal, hiç mahal dolanmaz indi.
Dünýäde şatlyk-da, hasrat-da ýetik.
Bir adam dogulýar, bir adam ölýär.
Ömür hem, Ölüm hem çalşykly çemçe.
Gije gelinýär-de,
Gündiz gidilýär.
Dünýä aglap inýäs.
Gidemizde-de
Ýene agy bilen ugratsyn il-gün.
(Täze ýylyň gözel bosagasynda
Neçün ölüm hakda oýlandyň, göwün!)
9
Bu gün şatlyk gerek, bu gün saz gerek.
Şowhun, gülki gerek. Ýaşasyn gülki!
Äleme ineňde adam diýen zat
Bir uly gülküden döränmiş ilki.
Mydam ganymyzda at çapsyn gülki.
Gülkä düşünýänleň artsyn hasaby.
Gülkä gülüp,
aga aglap bilmese –
Geýim dek kirlärmiş adam ynsaby.
10
Ullakan stolmy,
Kiçijik stol,
Uly stanokmy,
Kiçi stanok –
Haýsynyň, başynda zähmet çeksek-de,
Dünýäde bir postdan ýokary post ýok –
Adamkärçilikden ýokary post ýok.
Şol –
şu günüň, ertäň iň uly posty.
Kimde-kim şol posta mynasyp bolsa –
Hem özüniň
hem-de iliniň dosty.
Miras bolup geçsin nesilden nesle
Adamkärçiligmiz, ýagşy gylygmyz.
(Şu günki ýaşlygmyz bisüwit geçse –
Biweç bor ertirki ýaşulylygmyz).
11
Göründi Hil atly bäşýyllygymyz.
Gülletsin ol, has-da gülletsin ili.
Iň ýokary sorta mynasyp bolsun
Hem Harydyň
hemem Ynsabyň hili.
Ol ikisi – biri-birine bagly.
Ynsap mürrük bolsa, Harydam mürrük
Täze ýyl arzuwym: zähmet adamsy
Mürrük ynsap bilen bolmasyn şärik.
12
Bir mahalky uly batyrçylyga
Bu gün talaňçylyk diýip-de bolar.
Bir mahalky uly dogruçyllyga
Bu gün ýalançylyk diýip-de bolar.
Batyrçylyk bilen dogruçyllyga
Döwür berýär käte täze bir many.
Bu gün iň ullakan gahrymançylyk
Gorap saklamaly ynsan ynsany.
Kerim Gurbannepesow
16
196
barlagcy
29.12.2020 17:18
Gara saçlaryňy egnime ýaýyp,
Hamsygyp çalaja, ugranyma-da,
Galyşyń ýadymda…
Ýuwjak bolýaryn
Täleýi meý bilen Ukrainada.
Sen özge ykbala ýazylyp gitdiň,
Bu günlerem özge bilen atar daň.
Durmuş, çeýnäp meni gazaply it deý,
Dünýäň haýsy çukuryna atardyń?
Ýatyrmaýar meni harsatly gije,
Itleriň sesi-de gaýramda üýren.
Belki, şatlanaryn gün geçdigiçe,
Seň täze öýüňde baýramdy düýnem.
Ýöne şatlykly gün seňki bolsa-da,
Gyzyksyz bolandyr eden işiňem.
Şowhunly öý myhmanlardan dolsa-da,
Umyt bilen kän garansyň işige?!
Men bolsa, kysmatdan göçüp gidere,
Çalşyp ömri daşlaryna billiardyň,
Kakypdym, goşulyp köçekilere.
Ýogsa, maňa garaşýanyň bilýärdim.
Jaň edip diýmäge bognum ysmady
Ýoklugyny senden gowy başganyň.
Gowy günleň gysga bolar kysmaty,
Duýdum ýene bir gamly gün başlanyn.
“Göwnüm sende ýatyr, aýra ýatsagam…”,
Ýazan hatlaryňy gördüm, oýansam.
Gije başyň goýup ýarym ýassyga,
Meni näçe gezek ýatlap goýansyň…
Serdar Açylow
11
140
barlagcy
28.12.2020 18:33
Salam, bagt,
arma, işleň oňunamy?!
Dynjyň alaý, belki, ýadansyň bu gün.
Mümkin, ýene aýlanansyň ýollarda
Ýa-da awtobusda, duralgalarda
Gabat gelip, sataşdyryp gözleri,
Paýlansyň ýüzugra jadyly hünjiň.
Seň şeýle bir eliň açykmyş welin,
Dep edäýýämişiň hykgyldyň-ynjyň.
Ýeri, bolýar, içiber sen çaýyňy,
Sana ýene dür monjuklaň hasabyn.
Ýazyber, düzüber sanawyň başyn,
Duýdansyzlyklardan, bir säwliklerden
Ýogsa-da,
Bilýäňmi sen näçe ykbal ýasanyň?!
Bilýänsiň-le, ýogsa beýdip, özüňi
asmandan asmazdyň, arzylanmazdyň.
Ynan, senden göwnüm galdy dek düýnem,
Görmezlige salyp geçdiň deňimden.
Ederin bir etjek diýen zadymy,
Çynym, indi özüm çykjak öňüňden.
Ýöne saňa ýeke soragym bar meň,
Nämçüýn men saňa garaşyp ýörmeli?!
A nämçüýn özüň geliberäýeňok!
Bilýän, işiň kändir, günde ýoldasyň.
Nobatymyň ýetmeýänligem mümkin,
Gaharyň gelmesin, ýöne, jan bagt,
Saňa gel diýmekden ýadadym halys.
Näm bolar bir nobat öňüräk salsaň,
Özüňçe görmeseň, saýaňça gör-ä,
Äsgermezlik etmesene, köp dymsam.
Dogry-da, nobatym geçirip dursuň,
Menem adam, umyt bilen ýaşaýan.
Her gezek “Ertir-le” diýip begensem,
Tüwdürlen deý gidip barýaň başga ýan.
…Hany, durla pikriň, keýpiň köklensin,
Soň ederis bu gürrüňleň dowamyn.
Ertir üçin birden sanaw düzeňde,
haýyş, bagt, ilki nobat başynda
adym bilen familýamy goýaýgyn!
Aýşat Hojamuhammedowa
12
281
barlagcy
24.12.2020 23:11
✔ Bagyşla
Hyrydar gözlermi gözlerňe dikip,
Başda söýüp bakan bolsam, bagyşla!
Aşyk ýüregimde suratyň çekip,
Joşup, arşa çykan bolsam, bagyşla!
Seniň gözleriňde görsem-de açyk,
Söýgiň syrlaryny bilmedim açyp,
Men nirä gideýin täleýden gaçyp,
Aglap, dyza çöken bolsam, bagyşla!
Ýazygym bar bolsa söýenim üçin,
Bialaç örtenip-köýenim üçin,
Şol gün saňa “söýýän” diýenim üçin,
Ýüregňe ýol çeken bolsam, bagyşla!
Garaňky gijäňe şöhle saçaýyn,
Ýa, asmandan damja bolup gaçaýyn,
Isleseň, gül bolup göwnüň açaýyn,
Gyz, göwnüňi ýykan bolsam, bagyşla!
Gujaklap öpemde gözlerňi süzüp,
Alypdyň gursakdan ýüregmi üzüp,
Sözleri monjuk deý bir ýüpe düzüp,
Soňra ýolup-söken bolsam, bagyşla!
Ýüregiň ýylysy, çogy bar bolsa,
Aýralygyň ody, dagy bar bolsa,
Her bir zadyň çeni, çägi bar bolsa,
Öz çägimden çykan bolsam, bagyşla!
Tagandurdy Hojadow
14
153
barlagcy
22.12.2020 22:55
Gawunyň ýagşysyn şagal iýr bolsa,
Namarda duş etdiň, ýaryň ýagşysyn;
Hak, her kime haýyr – döwlet biýr bolsaň,
Patyşa bagş etdiň zeriň ýagşysyn.
Binamysy dertden aman eýlediň,
Baran jaýyn meýlis-mekan eýlediň,
Durna, gaz mesgenin umman eýlediň,
Hindige bagş eýläp ýeriň ýagşysyn.
Akyl keser, köňül galkar her bapda,
Bars-göwheri bent eýlediň mahtapda,
Bedewi – parsyda, tili – arapda,
Bagş kyldyň bady-şütrüň ýagşysyn.
Periler oýnaýan ajap çaglarda,
Gül, bilbil bendidir Erem baglarda,
Gara daşly, gudraty köp daglarda
Mekan eýläp goýduň garyň ýagşysyn.
Şalar aglar boldy – bagryn baş etdiň,
Aklyn aldyň, kör eýlediň, läş etdiň,
Magtymguly, diý, ne ajap iş etdiň,
Ýamana duş eýläp äriň ýagşysyn?!
Magtymguly Pyragy
13
288